awadan
31.05.2024 21:09
NESİHATLY HEKAYA
Ümsümlik
Bir ýola bir garry bagyň saýasynda dynç almak üçin dyzyny epipdir. Ol ýere garrynyň durmuş ýörelgesi we pikirleri bilen ylalaşmaýan birnäçe jahyl ýigitler hem ýygnanyp, ýersiz-ýere oňa yrsarap başlapdyrlar. Ýöne, garry özüni parahat alyp baryp, olara barmysyňyz hem diýmändir. Garrynyň özüni parahat alyp barmagy olary has-da öjükdiripdir. Oňaýsyz ýagdaý emele gelipdir: olar garry ruhanyny kemsidipdirler, ol bolsa sesini çykarman arkaýyn otyrmyş. Ahyr, olaryň biri garra habar gatypdyr:
– Bu nä boluş, how. Biz bu gepleriň baryny saňa aýdýarysmykak öýdýäs welin… ýa-da sen eşideňokmy?
– O nähili! Eşidýän! Hut eşidýänligim üçin hem ümsümligimi saklap otyryn-da. Ýigitler, siz bir zada düşüniň, meni kemsidip kemsitmezlik siziň öz işiňiz. Ýöne, siziň samsyklygyňyzy kabul edip etmezlik welin, meniň öz ygtyýarymdaky zat. Men olary inkär edýärin, sebäbi olar kabul edeniňe degenok. Siziň aýyplamalaryňyzy kabul etmeýänligim üçin, siz olary özüňizde saklap bilersiňiz. Şeýle-de, size meni kemsitmegem gadagan edemok. Bu siziň erkinligiňiz we hukugyňyz – diýip, garry parahat jogap beripdir. Soňra bolsa, ýylgyrypdyr-da, batlary gowşap ugran jahyllara ýüzlenip: – Elbetde, siz maňa hiç-hili zeper ýetirmediňiz, hiç-hili birahatlyk döretmediňiz. Bolmasa, bireýýäm menden şu taýagy iýerdiňiz – diýip, elindäki taýagyny olara gezäpdir-de, ýerinden turmak bilen boluberipdir.
Bagban we ýazyjy
Bir bagban adygan ýazyja ýüzlenip, şeýle diýipdir:
– Seniň hekaýalaryňy okadym. Olar maňa diýseň ýarady. Bilýäňmi, men näme hakda pikir etdim? Isleseň men saňa täze hekaýalary ýazmaga bäş-alty sany pikir bereýin. Olaryň maňa geregi ýok. Sebäbi, men ýazyjy däl. Mümkin, sen oňat hekaýalary ýazarsyň, kitap çykararsyň, pul gazanarsyň.
Ýazyjy oňa şeýle jogap beripdir:
– Gardaş, men saňa gowusy şu iýip oturan almamy bereýin! Onda oňat dänelerem bar. Däneleriň maňa geregi ýok, sebäbi, men bagban däl. Mümkin, sen olary ekersiň, oňat almalary ýetişdirersiň, hasylyny ýygnarsyň hem-de ep-eslije gazanarsyň.
– Diňle gardaş! Seniň dişlän almaňa mätäçligim ýok. Meniň almalarym hem, alma agaçlarym hem, özüme ýetik! – diýip, bagban gaharlanyp ugrapdyr.
– Onda, sen näme üçin, meniň pikirlerim özüme ýetmeýändir öýdýärsiň? – diýip, ýazyjy ýylgyrypdyr
20
64
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.