MELGUN
hekaýa
Ýene mykyldap barýar.
Gasygynyň ýagy guşagyndan maýasy ýeten hamyr ýaly çogup dur. Garynlak diýmeseň, beýle bir semizem däl. Etli-ganly, deşli ýaş ýigit. Egninde haçan görseň ütüklenen, ýeňi çermelen köýnek, aýagy-da jins balakly. Boýy uzyn, dabanynyň hersi bir ýana garap, düýe patanaklan ýaly ýöreýär.
Ýanýoda geçjek bolup, kiçijik daşjagaza büdreýär. Erre!
Ýene şol äpet gulaklykda. Aýdym diňläninde, käte başyny çaýkaman saklanyp bilenok.
Soňky döwürler ýüzüni sakgala basdyrypdyr.
Adatça eňeginde iküç günde biten tüýüni syrman işe barýan adamlara-ha ilki başlyklary gulak etini iýip, azar ýamanyny berer, soňam uly köçäň gyrasynda egläp, dindardyr öýdüp, resminamasyny sorarlar, onsoň oňa derek ýüzüne özleriniňkiden has gür sakgally adamlaň suraty çekilen kagyzlar bilen sypmaly bolar.
Muň bolsa adyny tutýan ýok. Daşary ýurtlydyr öýdýärlermikä? Ýa ýüzüni nurana görýärlermikä? Aý, ýok, gulaklygyndan, sakgal-murtundan, äýneginden ýaňa ýüzi-gözem görnenok ahyryn, motosikl şleminde gezip ýören ýaly. Diňe selçeňlän saçynyň astyndaky giň maňlaýy ýalpyldap, ullakan burny sömelip durandyr.
Howwa, ýüzünüň üstünde burny bar diýýän men şoňa. Bolup ýörşüni synlamda, ýeňse damarym gataberýär. Kän gözüme ilmese, gulaklygy kellesine ýelmeşendir öýderdim, ýöne men muňa belet. Men mydama şulaň töweregindedim – ilki çagalar bagynda, soň mekdepde, ýaşaýan jaýymyzda, indi hatda edarada-da bile. Ýöne men ondan hemişe, hemme zatda üstün. Ýaşymam uly, bilimimem çuň, durmuş tejribämem ondan ýokary...
Garaz, ol uzakly gün gözümiň alnynda. Işde sazjagazlaryny diňlänok. Gep edip, kino görüp, kitap okan kişi bolup ötürýär wagtyny. Beýlekiler ýaly basa oturyp işlänok. Ýöne, ynanaýyň, bir karamçylyg-a ýüz urýar. Ýogsam bu bihepbeligi bilen aýyň soňunda normatiwleri nädip doldurýarmyşyn? Iň bolmanda, ýokary bilimem ýok ahyryn.
Ikimiz günde şol bir awtobusda işe gatnaýas. Her bir hereketini öwrendim, sorasalar, dürli ýagdaýlarda nätjegini öňündenem aýdyp bilerin: ol ýaşy kyrkdan geçenlere ýer berýär, aýal-maşgala ugrundan dik duran bolsa, ýaş gyz bolaýsa-da, oturup bilenok, ýerine hyrydar däldiklerini aýtsalaram, tutawaja ýapyşan bolup, dikdüşdiligini eder durar. Käte ünsüni başga zatlara sowup oturan beýleki ýaş ýigitlere-de onuň derdinden rahatlyk ýok, tirsegine kakan bolup: «Şu daýza ýer beräýerler, garrap dogan dälsiň-ä» diýip, utandyran bolar, ol samsyklaram zöwwe aýaga galýarlar.
Men bolsa awtobusa münenimden iň yzda ýer basyp alýan. Bärde otursaň – arkaýynçylyk, maýyp-müjrübe-de ýer bermeli bolaňok, hemme ýolagçylaram gözüň alnynda, gyz-gelin münse, synlap, aýnany açyp, şemallap, maza kyly-y-yp oturmaly. Özüm-ä oturgyçda oturan uzyn köýnekli gelin-gyzlaryň aýaga galýan mahalyny gözden sypdyramok, şo pursat ştapyllarynyň batmasyz ýerine batyşyny görmek üçin. Ha-ha. Munuň bilen gyzyklanýan ýeke men däl. Gelinleriň aglabasy turan badyna eşigini çekişdirip, gowlaşdyrýar, ýöne käsi şo durşuna çykalga tarap ýöräp gidýär, onsoň awtobusyň içindäki erkek-göbeklileriň barynyň nazary şol çaýkanýan iki gümmülüň arasyndaky uzyn çukura dikilendir.
Öňem bir halypamyzyň aýdyşy ýaly: «Bizde-de işdä bar...»Emma ýaňky aňkawymyzyň o zeýilli tomaşa bilen işi ýok. Ýa telefonyna dümtünen bolup, aýdym diňlär, ýa-da dik duran ýerinden kitap okan bolar. Okasa-da, aýdym-sazyny öçürmez – baslarynyň urgusy gulak perdesini çekiçläp durandyr, golaýyna barsaň, sazy daşyna eşidiler. Awtobus öwlüýäniň deňinden geçse-de, ne aýdymyny peselder, ne-de töwir galdyrar, makaw!
Şo bolşuna, köpçüligiň gözüne çöp atmaga-da ökde. Her kimiň dilini tapýar, her kim bilen äbede-jüýbe.
Edaramyzda murtly, hiç kim bilen jyny jyňkyryşmaýan, howany gaýçylap gepleýän ýüregedüşgünç ýaşuly bar – hatda şoň bilenem tüýi çümüşen ýeri ýok. Ine, şu meň üçin, dogrusy, iň bir geň tarapy. Özüm-ä, duz kessin, ýaňky şugulçy murta gözüm düşeninden, kellämi satanymdan geçirip, göçügimi synlanymy gowy görerin. Bir ýola ýaňky aňkaw ikimizi şol murtuň gepi üçin tas işimizden pyzypdylar. Tabşyrylan çärä barmansyňyz diýip...
Dogamy bar...