ab_o7o8
23.03.2024 23:35
Seniň iki sözüň ýykdy dünýämi
Galdym göýä ganatsyz guşlar kimin
Gezsemde ýylgyryp gaýgysyz ýaly
Meniň üçin dardyr şu äpet zemin

Seniň şol sözüňi eşden badyma
Sähel yaş aýlandy gözüme birden
Belki bu karary oýlanman berdiň
Entek ir dälmidi beýle diýerden

Öňler-ä gezerdik goşa gumry deý
İndi aşyk ýürek sensiz neýlesin
Seni ähli zatdan görýärdim näzik
Ýöne welin islemezdim beýlesin

Mähirli ýüzüňden bilmedim ganyp
İndi göreşsemem ýetmez saňa gol
Seniň iki sözüň ýykdy dünýämi
İň soňky jaňyňda diýdiň bagtly bol
20
22
ab_o7o8
22.03.2024 16:56
Daýanyp özüme gaçmaryn güýçden
Dik duraryn mydam egmerin serim
Ençe umyt bilen arzuwlar bilen
Sen gelýänçäň garaşaryn esgerim

Tämiz söýgümize borun wepadar
Kalpda şübhe gam bolmasyn roýuňda
Gezerin arzuwlap ýagty geljegi
Beren sözlermizi aýlap oýumda

Garaşaryn garaşmakdan ýadaman
Diňe seň ýoluňa dikip nazarym
Wajyp bir arzuwym gowuşmak ýara
Aýralyga düýpsiz guýy gazaryn

Adyň barka hiç ýürekde öçmejek
Bolubersin aramyzam daş gaty
İne ýar ýanyna dolansaň şonda
Şol aýra günleriň çykar hasraty
14
16
ab_o7o8
19.03.2024 15:37
Taryhda buýsançly şöhrata eýe
Mährem eneleriň galdyran yzy
Şol şanly ýodany dowam etjek hem
Türkmeniň gelini türkmeniň gyzy

Göwni giň,elaçyk,asylzadadyr
Görkanadyr,türkanadyr,sadadyr
Söýse hormat goýar sylasa gadyr
Türkmeniň gelini türkmeniň gyzy

Messan-messan basar her ädimini
Abat eýlär durmuşyň gädigini
Bilmez ýadamagyň nämedigini
Türkmeniň gelini türkmeniň gyzy

Hoşamaý,hoş sözli,dilleri şeker
İşe mährin beren elleri çeper
Edep ekram bilen özüne çeker
Türkmeniň gelini türkmeniň gyzy

Dokar nepis gölli türkmen halysyn
Millilige uýar bilip manysyn
Dünýä ýaýdy belent at-owazasyn
Türkmeniň gelini türkmeniň gyzy

Hyjuwly,gaýratly,elinde erki
Öýleriň gelşigi,toýlaryň görki
Siz bilendir ajap ýaşaýşyň berki
Türkmeniň gelini türkmeniň gyzy
22
32
ab_o7o8
25.01.2024 19:54

Matematika dersi dersleň içinde

Biri bolsa gerek iň kyn sapaklaň

Juda kyn sendäki mysal mesele

Ýeňillik döret sen dur biraz saklan


Bar üýtgeşik sözler bilmen parhyny

Kotangens,kosinuslar,sinuslar

Oýlandyrar inçeligi mysallaň

Položitel sanlar hem-de minuslar


Kök aşagy,drop,kän agyr sanlar

Bu sapak meň üçin çözülmez düwün

Diýýän öz içimden mugallym menden

Sapak soramasa bolýala şu gün


Şeý diýip otyrkam çykaryp tagta

Kyn mysal buýurar işle diýr basym

Näme diýseňizem mährem mugallym

Meň-ä şu sapakdan çykanok başym

23
35
ab_o7o8
21.01.2024 20:25
Aýdýarlar arzuwyn jadyly küýzä
Beýle täsinlik görmedik henizä

Kime baýlyk gerek kime-de bagt
Kime ýaşamaga gerek kän wagt

Kim isleýär aňsat işläp gazanmak
Kim isleýär altyn-kümüş bezenmek

Seretdim az salym daş-töweregme
İslegmi aýtmagy düwdim ýüregme

Aýdýarlar arzuwyn üsti-üstüne
Menem öz arzuwym aýtdym dessine

Seslendi-de ak sakal bir akyldar
Diýdi:"Ýigit sende täsin akyl bar

İsleg bilen bolýan iş däldir bular
Beýdip ýörseň gül ömrüň bary solar

Aldama özüňi wagtyň ýitirip
Bermez küýze ýumuşyňy bitirip

Bilýän arzuwlardan doly ak ýürek
Arzuwlaň baryna hereket gerek"
14
28
ab_o7o8
18.01.2024 20:14
Şatlan bu gün bolma tukat halatda
Eger derdiň bolsa egserin ýarym
Garaş maňa şol daşarky haýatda
Duşuşyga seň ýanyňa barýaryn

Belki durmuşymda joşgunly günüm
Ýol urdum tolgunyp elimde gülüm
Seniň waspyň eýläp saýradyp dilim
Duşuşyga seň ýanyňa barýaryn

Lebleriňden posalar almak üçin
Bir pursatlyk seň bilen galmak üçin
Mähir siňen söýgiňden ganmak üçin
Duşuşyga seň ýanyňa barýaryn

Mundan-da has beter göwnüm açmaga
Begenjimden guşlar kimin uçmaga
Ogryn girmek üçin miweli baga
Duşuşyga seň ýanyňa barýaryn
9
20
ab_o7o8
09.01.2024 21:05

Söýen ýarym dur bir salym danyşma

Gep-gürrüňi biraz gyra alaly

Gyýylma sen ýöne meni bagyşla

Söýebilmen özgä aşyk bolany


Menden ozal özgä bolupsyň aşyk

Söýgiň duýdurypsyň ýüregiň joşup

Menem şol söýgüniň üstüne goşup

Söýebilmen özgä aşyk bolany


Unudyp sen meni seret öňüňe

Ýöne asla ýaş dolmasyn gözüňe

Aýratyn durmuş gur indem özüňe

Söýebilmen özgä aşyk bolany


Bolmaz ikinjiň deý söýeniň öňki

Ýüregiň mende däl ýüregiň şoňky

Bulam saňa aýtjak jümläm iň soňky

Söýebilmen özgä aşyk bolany

11
23
ab_o7o8
08.01.2024 23:10

Tomusda garylyp çaňdyr tozana

Gyşda bolsa hapa laýa bulanyp

Şeýdip boýun egip herki hallara

Bizem bir obada barýas ulalyp


Sada diýseň däl biz onçakly sada

Ýöne welin asla hilebazam däl

Bizi ýakynlarmyz söýýär diýsekde

Söýmeýänleriňem sany azam däl


Bizde biraz paýhas tapmak kynyrak

Ýöne juda baý biz pentdir öwüde

Döräýseň köp däldir manatlaň sany

Takrap ýatan şol ýukajyk jübide


Gülki biziň iň bir ýakyn dostumyz

Kim näme diýse-de halymyz kökdür

Şatlanyp gezeniň däldir tenteklik

Ýöne bizi şeýdip oýlaýan köpdür


Biz hiç ýerde özümizi öwmedik

İslemedik beýlesin bar bolsa-da

Ony entek goýup ýörüs geljege

Her kimlerden almaly ar bolsa-da


Geplemejek bolýas başarsak uly

Uly gepe diýipdirler müň toba

Hak goladasa bolup galar ýaşlygmyz

Şol hapa palçykly hem gumly oba

14
37
ab_o7o8
06.01.2024 22:51
Adamlaryň kiçiräjik göwni bar
Bil çeniňi ýitäýmesin namys-ar
Öýke-kine bilen dilmäň ýüregi
Ömür gysga söýüň birek-biregi

Dost yzyndan töhmet kesegin atma
Görüplik eýläbem dostuňy satma
Gaýtam bolgun hem daýanjy diregi
Ömür gysga söýüň birek-biregi

Gatnaşykda sylag-hormat baş bolsun
Jebis boluň agzalalyk daş bolsun
İýiň bile bir saçakdan çöregi
Ömür gysga söýüň birek-biregi

Geziber ene-ataň çekip azaryn
Bil gadryny bar bolsa söýen ýaryň
Ýitiräýseň eger artar geregi
Ömür gysga söýüň birek-biregi
5
14
ab_o7o8
29.12.2023 22:15

Ýer bolmasyn gaýgy-gussa

Gülki şatlyk sürsin höküm

Täze ýylda arzuwlar kän

Ýöne saglyk bolsun möhüm


Gowşamasyn agzybirlik

Dury bolsun asmanymyz

Egsilmesin halal bolan

Saçakdaky duz nanymyz


Garşylyk bermesin hiç zat

İşlermiz bolsun oňuna

Her kim ýetsin täze ýylda

Bir arzuwynyň soňuna


Ýollaryndan azaşanlar

Ugurlarňyz bolsun dogry

Hudaý bersin gujaklara

Saglyk bilen gyz ýa ogly


Gireliň biz täze ýyla

Kalp ýaralap göwne degmän

Gutlaýaryn çyn ýürekden

Täze ýyly bilen hemmäň

14
30