ab_o7o8
19.03.2024 15:37
Taryhda buýsançly şöhrata eýe
Mährem eneleriň galdyran yzy
Şol şanly ýodany dowam etjek hem
Türkmeniň gelini türkmeniň gyzy

Göwni giň,elaçyk,asylzadadyr
Görkanadyr,türkanadyr,sadadyr
Söýse hormat goýar sylasa gadyr
Türkmeniň gelini türkmeniň gyzy

Messan-messan basar her ädimini
Abat eýlär durmuşyň gädigini
Bilmez ýadamagyň nämedigini
Türkmeniň gelini türkmeniň gyzy

Hoşamaý,hoş sözli,dilleri şeker
İşe mährin beren elleri çeper
Edep ekram bilen özüne çeker
Türkmeniň gelini türkmeniň gyzy

Dokar nepis gölli türkmen halysyn
Millilige uýar bilip manysyn
Dünýä ýaýdy belent at-owazasyn
Türkmeniň gelini türkmeniň gyzy

Hyjuwly,gaýratly,elinde erki
Öýleriň gelşigi,toýlaryň görki
Siz bilendir ajap ýaşaýşyň berki
Türkmeniň gelini türkmeniň gyzy
22
32
ab_o7o8
22 Mart 2024
@flowers_, ❤️
flowers_
19 Mart 2024
👍👏
"Abat eýlãr durmuşyñ gädigini"💜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.