Paradise
15.04.2020 00:53
Özümi ýitirip, kalbym ýitirip,
Ýitirip añymy, ýitirip aklym,
Ötlem-ötlem duýgylaryñ teýinden,
Gül göwnüñe barýan ýodany tapdym.

Şol ýodany yzlap, ugradym saña,
Terk eýläp asman-u zemin arasyn,
Ýöne kabul etmän gyzgyn yşgymy,
Näme maña beýle ýowuz daradyñ?

Dünýe maña ýüz berenok, sebäbi
Sen diýip dünýäden, yüzüm öwrüpdim.
Şeydip söýgiñ a:llaryndan aýlanyp,
Şol öñkije özüm bilen höwrükdim.

Bilýärin häzirem, gözlermi ýumsam,
Kalbymy duýgylañ tüýtmelejegini.
Şoñ üçin, gel äkit, meni bolmada,
Hyýallara çenli, düýşlere çenli....
39
434
Paradise
15.04.2020 00:29
Aýralyk derýasy akdy arada,
Sen añyrda galdyñ, men bolsa bärde.
Beýle ýowuz ykbal çykdy nireden,
Sen añyrda galdyñ, men bolsa bärde.

Gözleriñ, kamatyn alanda garbap,
Niýetlän sözlerim giderdi dargap,
Nätjekdä, närazylyk bilen ykbala garap,
Sen añyrda galdyñ, men bolsa bärde.

Yşgymy paş edip duýdyryp bilmän,
Yhlasym täç edip, geýdirip bilmän,
Söýseñde, "söýýärin" diýdirip bilmän,
Sen añyrda galdyñ, men bolsa bärde.

Bilmedigimiz başgalardan öwrenip,
Gidibermelidik, läläm höwrügip,
Ýatlama öwrülip, düýşe öwrülip
Sen añyrda galdyñ, men bolsa bärde.

Kakamyrat Rejepow
36
259
Paradise
14.04.2020 00:16
Gitdigiçe ýitip barýaň gözümden,
Ýat boldy soraşmak aman-eseni.
Ýene menden habaryňy al ahyr,
Täzelikler bilen güýmäýin seni.

Diňlejekmi?
Aýdaýynmy täzelik?
O gün ýanymyzda hut saňa meňzeş
bir mährem ýigide sataşan pilläm
Seniň eziz adyň bilen ýüzlenip,
Onuň sen dälligňe ynanyp bilmän,
Bilýämiň neneňsi oda düşenmi!..
(Gülmesene bolup ýörşüme, dünýäm.)

Ýene bir täzelik:
Soňky günlerde
Ynan, aýdym diňlemegi taşladym.
Çünki aýdymlaram meniň adymdan
Saňa ýazlan ýaly bolup başlady.
Sazlaram dünýämi daraldýar barha,
Wysal islän arzuwlarym paşmady…

Görmäge gidemde atynyp gördüm
Boýdaşymyň toýy üçin kürtäni.
Aýnada özümi synladym durdum,
Göz öňümde peýda boldy örtäniň…
Jorama bagt diläp, salsyz ýylgyryp,
Kemsindim ýoklugna senli ertämiň.

Eh, bor-la…
Düşünseň, täzeliklerem
Senli könelikleň basýar depesin.
Janyň sag gez!
Ýaran bolsun Hak saňa,
Eý, söýgi dünýämiň gaýnan nepesi!
37
1 315
Paradise
14.04.2020 00:01
Meň senden islegim beýle kän zat däl:
Söýgi,
Mähir,
Birazajyk merhemet…
Şularyň baryny bir ýere jemläp,
Gan öýen ýüregme özüň melhem et!

Senden başga derde derman tapylmaz,
Senden başga bolup bilmez tenekar.
Saplananok agyr dertden ýüregim,
Edip bilseň, edeweri ýene kär!

Durmuşdyr bi, isleýşiňçe bolanok,
Päsgelsiz ýoly ýok, kändir köteli.
Ýaýdanma, gel, dünýäm, el berip ele,
Kötel ýoly biz bileje öteli.

Agyr ýollar dura-bara geçiler,
Sabryň ele alma, et sen tagapyl!
Allam bize gowulyklar eçiler,
Şonuň üçin eliňi aç, doga kyl!

Sabyr et, biz hökman bile bolarys
Ýer ýüzüne inerne çen detjalyň!
Ynan seni ömürboýy söýjegme,
Garagözlim!
Özdiýenlim!
Ketjalym!
44
392
Paradise
13.04.2020 00:05
Goý, bilsinler seniň aşygymdygňy
Göwünli däldigiň özge ýarlara.
Çekinme-de tanat bu gün özüňi
Goşgulamdan seni “gözleýänlere”.

Aýdyň bol! Tegmilsiz duýgulaň ýaly
Gizlensin kalbynda nogsanlyk ba:rlar.
Diýsinler: “Jümri deý bukdaklamakdan
Olar juda başga-başga ynsanlar”.

Şeýle bir söy, gorkma bozular öýdüp,
Mukaddes saýylan söýginiň çägi.
Eger yşkda bolan bolsady serhet
Döremezdi munça şygyrlaň käni.

Aýt, söýgüsiz pursadymyň ýokdugyn,
Peşgeş edýän her gününde ömrümiň.
Paş et ýetmezini artygym bilen
Bir ýalnyş sebäpli sarsan göwnümiň.

Gizleme ummanlar sygan kalbymda
Käte ornuň bolmaýşyny bir damja.
Şonda seniň gursagyňa ýassanyp,
Hamsygýanym, säher Güneş dogýança.

Hem-de adamlaryň göreçlerine
Ýük bolmajak bolup, uzakly günläp,
Köçeleri penjireden synlaýşym
Ayt, täzelik däl-de bolandygny däp.

Hatda ýazanlarmy okajaklara
Agram düşmeginden howatyrlanşym.
Bilýänsiň, kitaba netlä:n işlermi
Yekeje şygyra sygdyrjak bolşum.

Goý, bu gün goşgymdan seni gözlänler,
Bilsinler, ömürlik gerekdigiňi,
Emma yeke zady aýtma, gadyrlym –
Melekdigiňi…
38
252
Paradise
13.04.2020 00:03
Häzir biraz özüm dürsänim kem däl,
Bu ahwal düýşümmi ýa-da huşummy?!
Sakynan — dilim däl,
Ýakylan — şem däl,
Geçirip goýberer ýaly duşumdan.

Mejalym ýok, aglamaga ses edip,
Dymmaga-da sabrym ejiz, ýürek — çäk.
Gidip bilmen ähli zady bes edip,
Günler köp bolsa-da, ömür ýeke-täk.

Saklardan giç, gitdi täleý başyna,
Goş ýazdyrdy ganatynda algyryň.
Ýetme ýok asmanda älemgoşara,
Ýanman ýyldyryma, buýman ýagmyra.

Kalbym ýaly sarsan däldir ene ýer,
Tüçjar dymar başymdaky salgyda.
Palçy aýal başyn ýaýkap elener,
Derdim okap aýamdaky ýazgydan.

Bir utuşym — talatmadym umydy,
Gerşi ýükli ýyllaň göçhä-göçünde.
Daşlara ýazyldy ahymyň ady,
Şükür, zeňläp galmandygna içimde

Gurbanjemal Annakowa
36
224
Paradise
12.04.2020 10:14
Görmedim hiç mahal sende ýadama,
Yatladygym saýy ýeňleýän, eje.
Goý, aýtsynlar meňzeş diýip kakama,
Men barybir saňa meňzeýän, eje!

Tekepbirlik ýa bu aşa sadalyk,
Şükür edýän däldigime aralyk,
Kä parahat,
Kä möwç urýan bat alyp,
Ykbalym çalymdaş deñze kän, eje.

Durmuş manysyzdyr ünsün sowsa ýar,
Gowy ondan el-aýagmy owsa ýar,
Ah, kim saldy ýüregiñe howsala?
Gyzyñ özün bilmez telbe däl, eje.

Bilýärin, söýseñ-de şygyr känini
Ony meñ ýazmagmy islemäniñi.
Ykbaldan ýeteni – ylham jamyny
Içmän bilmen,
Ýazyk mende däl, eje.

Sussum basmaz mal-mülkümiñ kemdigi,
Hiç hazyna çalyşmaryn pendiñi,
Durmuş ezer ýaly jigerbendiñi
Sen Hakdan daş düşen bende däl, eje.

Köp ýykyldym, galdym niçeler ýaly,
Näme bar bu yerde kiçeler ýaly?!
Beren melhemiñi içerim ýaly
Meñ ýolugan derdim tende däl, eje,
Oña çäre tapmak elde däl, eje
38
358
Paradise
12.04.2020 00:02
Müdimi nagyş dek ýagty ýyldyzlar,
Nur saçýar, şuglasyn zemine çaýyp.
Dolan aýam ýerden saýlandy kemsiz,
Häzir gije ähli wagtdan ajaýyp.

Eçilip nuryny juwan kalbyma,
Ýyldyzlar gurşapdyr daş töweregimi
Täze joşgun dörärine howlugyp
Aý dünýä paýlaýar ýagty ýüregimi...
41
623
Paradise
11.04.2020 18:19
Ýagyş ýagýar boz topragy köweläp,
Onuñ damjalary sowukdy şeýle.
Ýel öwüsýär bulutlary kowalap,
Gör nirä alñasap barýarka beýle?

Bulutlardan ýagmyr ýagýar syrylyp,
Ýatladýar ol geçmişiñi kä mahal.
Ak damja siñýär topraga garylyp,
Damjalardan terlenýändir gök nahal.

Ýagyş çisñäp ýagýar henizem dynman,
Kä peselip kä-te goýaýjak ýaly.
Emma ol diñmeýär zeminem ganman,
Bar ýagany kemter bolaýjak ýaly.
43
391
Paradise
11.04.2020 09:54
Bilýän, asla ýerliksiz däl,
Howatyryň, hederiň.
Herhal menem abraý üçin,
Elde barym ederin.
Çünki diňe süňňüme däl,
Ömre ornan edebiň…
Esasy zat sen özüňe,
Beren halal duzuňa,
Hemem, alkyşdan serpaýlap,
Ýola salan gyzyňa,
Ynamly bol, Pederim!

Bilýäňmi, nämeden gorkýan,
Seniň ynjamagyňdan.
Özüm bukýan ünjülerim,
Beter ynjarsyň diýip…
Ýene-de bir zatdan gorkýan,
(Ondan Hudaý saklasyn!).
Hiç gyz eziz kakasynyň,
Jigerini ýakmasyn!
Janym bilen yhlas edýän,
Saňa men hakda diňe,
Gowy-gowy habar barsyn,
Ähli maksadym, ine…
Emma durmuş şeýle, nätjek,
Ajysam bar, süýjüsem.
Ýöne sen bar bolsaň bolýar,
Endiretmez hijisem…
Kaka, ýaşaweri uzak,
Sen maňa ýaşamak üçin,
Beýik dartyş güýjüsiň!
Bilýäňmi nämeden gorkýan?!
Seniň ynjamagyňdan…
34
875