Görmedim hiç mahal sende ýadama,
Yatladygym saýy ýeňleýän, eje.
Goý, aýtsynlar meňzeş diýip kakama,
Men barybir saňa meňzeýän, eje!
Tekepbirlik ýa bu aşa sadalyk,
Şükür edýän däldigime aralyk,
Kä parahat,
Kä möwç urýan bat alyp,
Ykbalym çalymdaş deñze kän, eje.
Durmuş manysyzdyr ünsün sowsa ýar,
Gowy ondan el-aýagmy owsa ýar,
Ah, kim saldy ýüregiñe howsala?
Gyzyñ özün bilmez telbe däl, eje.
Bilýärin, söýseñ-de şygyr känini
Ony meñ ýazmagmy islemäniñi.
Ykbaldan ýeteni – ylham jamyny
Içmän bilmen,
Ýazyk mende däl, eje.
Sussum basmaz mal-mülkümiñ kemdigi,
Hiç hazyna çalyşmaryn pendiñi,
Durmuş ezer ýaly jigerbendiñi
Sen Hakdan daş düşen bende däl, eje.
Köp ýykyldym, galdym niçeler ýaly,
Näme bar bu yerde kiçeler ýaly?!
Beren melhemiñi içerim ýaly
Meñ ýolugan derdim tende däl, eje,
Oña çäre tapmak elde däl, eje