Meň senden islegim beýle kän zat däl:
Söýgi,
Mähir,
Birazajyk merhemet…
Şularyň baryny bir ýere jemläp,
Gan öýen ýüregme özüň melhem et!
Senden başga derde derman tapylmaz,
Senden başga bolup bilmez tenekar.
Saplananok agyr dertden ýüregim,
Edip bilseň, edeweri ýene kär!
Durmuşdyr bi, isleýşiňçe bolanok,
Päsgelsiz ýoly ýok, kändir köteli.
Ýaýdanma, gel, dünýäm, el berip ele,
Kötel ýoly biz bileje öteli.
Agyr ýollar dura-bara geçiler,
Sabryň ele alma, et sen tagapyl!
Allam bize gowulyklar eçiler,
Şonuň üçin eliňi aç, doga kyl!
Sabyr et, biz hökman bile bolarys
Ýer ýüzüne inerne çen detjalyň!
Ynan seni ömürboýy söýjegme,
Garagözlim!
Özdiýenlim!
Ketjalym!