Gitdigiçe ýitip barýaň gözümden,
Ýat boldy soraşmak aman-eseni.
Ýene menden habaryňy al ahyr,
Täzelikler bilen güýmäýin seni.
Diňlejekmi?
Aýdaýynmy täzelik?
O gün ýanymyzda hut saňa meňzeş
bir mährem ýigide sataşan pilläm
Seniň eziz adyň bilen ýüzlenip,
Onuň sen dälligňe ynanyp bilmän,
Bilýämiň neneňsi oda düşenmi!..
(Gülmesene bolup ýörşüme, dünýäm.)
Ýene bir täzelik:
Soňky günlerde
Ynan, aýdym diňlemegi taşladym.
Çünki aýdymlaram meniň adymdan
Saňa ýazlan ýaly bolup başlady.
Sazlaram dünýämi daraldýar barha,
Wysal islän arzuwlarym paşmady…
Görmäge gidemde atynyp gördüm
Boýdaşymyň toýy üçin kürtäni.
Aýnada özümi synladym durdum,
Göz öňümde peýda boldy örtäniň…
Jorama bagt diläp, salsyz ýylgyryp,
Kemsindim ýoklugna senli ertämiň.
Eh, bor-la…
Düşünseň, täzeliklerem
Senli könelikleň basýar depesin.
Janyň sag gez!
Ýaran bolsun Hak saňa,
Eý, söýgi dünýämiň gaýnan nepesi!