Aýralyk derýasy akdy arada,
Sen añyrda galdyñ, men bolsa bärde.
Beýle ýowuz ykbal çykdy nireden,
Sen añyrda galdyñ, men bolsa bärde.
Gözleriñ, kamatyn alanda garbap,
Niýetlän sözlerim giderdi dargap,
Nätjekdä, närazylyk bilen ykbala garap,
Sen añyrda galdyñ, men bolsa bärde.
Yşgymy paş edip duýdyryp bilmän,
Yhlasym täç edip, geýdirip bilmän,
Söýseñde, "söýýärin" diýdirip bilmän,
Sen añyrda galdyñ, men bolsa bärde.
Bilmedigimiz başgalardan öwrenip,
Gidibermelidik, läläm höwrügip,
Ýatlama öwrülip, düýşe öwrülip
Sen añyrda galdyñ, men bolsa bärde.
Kakamyrat Rejepow