Bilýän, asla ýerliksiz däl,
Howatyryň, hederiň.
Herhal menem abraý üçin,
Elde barym ederin.
Çünki diňe süňňüme däl,
Ömre ornan edebiň…
Esasy zat sen özüňe,
Beren halal duzuňa,
Hemem, alkyşdan serpaýlap,
Ýola salan gyzyňa,
Ynamly bol, Pederim!
Bilýäňmi, nämeden gorkýan,
Seniň ynjamagyňdan.
Özüm bukýan ünjülerim,
Beter ynjarsyň diýip…
Ýene-de bir zatdan gorkýan,
(Ondan Hudaý saklasyn!).
Hiç gyz eziz kakasynyň,
Jigerini ýakmasyn!
Janym bilen yhlas edýän,
Saňa men hakda diňe,
Gowy-gowy habar barsyn,
Ähli maksadym, ine…
Emma durmuş şeýle, nätjek,
Ajysam bar, süýjüsem.
Ýöne sen bar bolsaň bolýar,
Endiretmez hijisem…
Kaka, ýaşaweri uzak,
Sen maňa ýaşamak üçin,
Beýik dartyş güýjüsiň!
Bilýäňmi nämeden gorkýan?!
Seniň ynjamagyňdan…