Goý, bilsinler seniň aşygymdygňy
Göwünli däldigiň özge ýarlara.
Çekinme-de tanat bu gün özüňi
Goşgulamdan seni “gözleýänlere”.
Aýdyň bol! Tegmilsiz duýgulaň ýaly
Gizlensin kalbynda nogsanlyk ba:rlar.
Diýsinler: “Jümri deý bukdaklamakdan
Olar juda başga-başga ynsanlar”.
Şeýle bir söy, gorkma bozular öýdüp,
Mukaddes saýylan söýginiň çägi.
Eger yşkda bolan bolsady serhet
Döremezdi munça şygyrlaň käni.
Aýt, söýgüsiz pursadymyň ýokdugyn,
Peşgeş edýän her gününde ömrümiň.
Paş et ýetmezini artygym bilen
Bir ýalnyş sebäpli sarsan göwnümiň.
Gizleme ummanlar sygan kalbymda
Käte ornuň bolmaýşyny bir damja.
Şonda seniň gursagyňa ýassanyp,
Hamsygýanym, säher Güneş dogýança.
Hem-de adamlaryň göreçlerine
Ýük bolmajak bolup, uzakly günläp,
Köçeleri penjireden synlaýşym
Ayt, täzelik däl-de bolandygny däp.
Hatda ýazanlarmy okajaklara
Agram düşmeginden howatyrlanşym.
Bilýänsiň, kitaba netlä:n işlermi
Yekeje şygyra sygdyrjak bolşum.
Goý, bu gün goşgymdan seni gözlänler,
Bilsinler, ömürlik gerekdigiňi,
Emma yeke zady aýtma, gadyrlym –
Melekdigiňi…