N.T.
09.08.2022 10:52
ÜÝTGEŞME
Sen mergendiň, a men weli nyşana,
Gözlerimi çeneýärdi gözleriň.
Gör, nämeler aýan etdik bu şama,
Oýalykda düýş görýärdi gözlerim.

Üýtgemesin görýän zatlarym, neneň,
Seredýän zatlarym üýtgände meniň.
 

ÜÇÜNJI SÖZ
Bir sözüm az saňa, ikisi kändir,
Üçünjini weli aýdyp bilemok.
Gel gülüm, aşygyň ýekesirändir,
Bilmeseň halymy özge bilen ýok.

Günüň şöhlesinden, Aýyň nurundan,
Gabananym üçin gaty görme sen.
Diliňe döneýin bala ýugrulan,
Besdir, pyşyrdama, gaty gürle sen.

…I:şilip, çekeli bagtyň keşdesin,
Bolmanka gül açan ömrümiz öýlän.
Aýtmak isleýärin, gelýär eşdesim,
Bir saňa, bir senden: «Men, seni, …».
 

SOWGAT
Söýgi näçe belent bolsa,
Gabanjaňlyk çuň bolýandyr.
Gulak, göze şübhe bardyr,
Ynananyň çyn bolýandyr.

Ýürek ýary seň paýyňdyr,
Isle, rehm et, isle, ýandyr.
Söýgim saňa serpaýymdyr,
«Sowgat sowgat isleýändir».

 

SYRLY GÖZEL
Ýazyň mymyk şemalyna,
Owsun atýar a:l köýnegi.
Gözüm düşmez jemalyna,
Adat aşygyň köýmegi.

Ne daşlaşar, ne golaýlar,
Hallan atar, zol towlana.
Ýeňlerin bäri bulaýlar,
Dert berip-ki ol, oglana.

…Kütelipdir gyrgy gözleň,
Göçüripsiň ol seriňni.
Hasaplanym syrly gözel,
Köýnek eken ol, serilgi.

Awtory: Süleýman Haýdarow
13
312
N.T.
10.06.2022 22:11
Geliñ degşeliñ!

,,Dişiñe gaty bolmasa"

Bir ker adam bir näsagy soramaga gidipdir. Ol gidip barýarka ýolda içinden: «Men bir ker adam. Näsagyň näme diýenini eşitmen. Ine, men baryp: «Pylany ýagşymysyň?» diýerin. Olam elbetde: «Ýagşydyryn» diýer. Garaz, ol näme diýse: «Örän oňat» diýibereýin» diýip, pikir edipdir.

Ker adam näsagyň ýanyna baryp:

— Ýeri, ýagşy bolýarsyňmy? – diýipdir.

Bitap adamam:

— Aga, hiç hezilim ýok – diýip, jogap berýär. Onda ker:

— Örän oňat – diýýär.

Birnäçe wagtdan soň ker ýene-de sorapdyr:

— Işdäň barmy?

Bitabam aýdypdyr:

— Işdäm zat alanok.

Kerem öz gezeginde:

— Örän oňat – diýýär.

Ker ýene sorapdyr:

— Iýip-içýän zadyň bir barmy?

Onuň soragyna bitabyň gahary gelip, indi bir eşitsin diýip, keriň gulagyna gygyrypdyr:

— Işdäm almasa, belaň sapyny iýeýinmi?

Onuň sözleri keriň gulagyna: «Paltaň sapyny iýýärin» diýen ýaly bolup eşidilipdir. Ol:

— Dişiňe gaty bolmasa, paltaň sapyny iýseňem, örän oňat bolar – diýipdir.
17
326
N.T.
N.T.
09.06.2022 16:46
Gyzlar gulagyndan söýýärmi? (Gülküli hekaýa) Oglanlykdan saýlanyp, burnuň aşagy garalyp ugransoň, gyzlarda gözüň eglenip başlaýan eken. Onsoň ýüzüne seredeniňde iniň jümşüldäp, köýnegiňe garynja
N.T.
09.06.2022 16:42
Şu gün saña köp zat aýdasym geldi...

Şu gün saňa köp zat aýdasym geldi,
Goýdum takdyrymy pelek çarhynda.
Arman, umytlarym eýläpdir bendi,
Öýkeli men günleň ötüp barşyndan.

Şu gün saňa köp zat aýdasym geldi,
Utuldym, unutdym, eýledim puşman.
Hasrata bukulyp ýörenim geňmi,
Geňmi gezip ýörmäm şatlyga duşman?

Men şol arzuwlary guran serwi dal,
Perwana men, yşkym, yşygym senmi?!
Iki dünýäň arasynda sermisal,
Şu gün saňa köp zat aýdasym geldi…



Awtory: Gülşirin Hanowa.
10
168
N.T.
08.04.2022 00:26
Bu gün ýylgyrdyñyzmy?!

Köplenç, surata düşenimizde ýylgyryp durmagy endik edipdiris. Sebäbi-de suratçylar aýtmyşlaýyn, ýylgyrmak bizi adatdakysyndan owadan görkezýär. Bu hakykatdanam şeýle bolsa, siz pikir edip gördüňizmi, hemişe ýylgyryp gezseňiz, durmuşyňyz nähili owadan bolardyka?!

Fillis Dilleriň aýdyşy ýaly: «Ýylgyryş ýönekeý bir egri çyzyk bolsa-da, ähli zady göneldýändir». Aslynda psihologlaryň belleýşine görä, ýylgyryş adamyň göwnüni açýar, oňa durmuşyň nogsanlyklaryndan, çylşyrymly wakalaryndan ussatlarça baş alyp çykmagyna ýardam berýär. Diňe bu maglumatyň aýan edilmegi size ýylgyryp gezmäge esas berip bilmezligi mümkin. Ýöne bu düzgüni durmuş kadasyna öwürseňiz ykbalyňyzdan we özüňizden gaty hoşal bolup bilersiňiz. Ýürekden çykyp, ýürege barýan ýylgyryş adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da ysnyşdyrýar, ýakynlaşdyrýar we özara düşünişmegi aňsatlaşdyrýar. Gülki, ýylgyryş diňe bir adamyň durmuşyna däl, eýsem, saglygyna hem oňyn täsir edýändigini ýörite lukmanlar topary tekrarlaýarlar. Olaryň bellemegine görä, ýylgyryş adam saglygy üçin bahasyz iň gowy derman hasaplanýar. Keýpiň gowy däl wagtlarynda-da özüňizi ýylgyrmaga mejbur ediň. Ýylgyryş nerw dartgynlylygyny aýyrmaga-da ýardam edýär. Biz ýylgyranymyzda ýüregimiz giňeýär, kalbymyz rahatlanýar, özümizi ynjalykdan gaçyrýan ýagdaýlary unudýarys. Şol sebäpli-de, ýylgyryş ýürek-damar, nerw keselleriniň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Köp ýurtlaryň psihologlary ýylgyryşyň adama täsirini öwrenip, şeýle netijä gelipdirler: ýylgyryş adamyň kelle-beýnisine bagtlydygy, keýpiniň oňatdygy barada habar iberýär eken. Şol bir wagtda köp mukdarda endorfinler («şatlyk» gormony) işlenilip çykarylýar. Bu gormonlar bedene agyryny aýyryjy hem-de gaýnaglama garşy täsir edýär, ähli beden agzalarynyň işine itergi berýär. Adamda rahatlyk, kanagatlanma duýgularyny döredýär. Adam ýylgyranda nerw dartgynlylygy aşak düşýär. Arterial gan basyşyny we pulsy kadalaşdyrmak, kellagyryny aýyrmak üçin käte 5 minutlap ýylgyrmak ýeterlik eken. Alymlar ýylgyryşyň aýratyn hem kelle-beýnisiniň işine oňyn täsir edýändigini, ýatkeşligi, aň ýetiriş we pikir ýörediş ukybyny ösdürýändigini kesgitlediler. Adam ýylgyranda onuň endamy, boýun myşsalary gowşaýar, gan aýlanyş işjeňleşýär, gandaky glýukozanyň mukdary azalýar.

Žanna Kalmanyň belleýşi ýaly: «Hemişe ýylgyryň. Meniň uzak ýaşamagymyň syry hut ýylgyrýanlygymdadyr». Ýylgyryň! Owadan boluň! Ýylgyryşlaryňyz ömrüňizi gözelleşdirsin!

Wiý, ýogsa-da bu gün ýylgyrdyňyzmy?!
8
129
N.T.
06.04.2022 13:56

Alymlar 67 ýyl bäri ýuwunmadyk adamyñ saglyk ýagdaýyny öwrendiler .


Täsin durmuş obrazyny dowam etdirýän 87 ýaşly Amu Hoji Eýranyň Dežgah obasynda ýaşaýar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, 87ýaşlydygyna seretmezden, Amu Hojiniň saglyk ýagdaýy örän gowy. Bu barada «Daily Star» habar berýär.

Amu Hojiniň aýtmagyna görä, ýuwunmak oňa şowsuzlyk getirýärmiş. Bu ýagdaýyň yzygiderli gaýtalanyp, ölüm howpuny orta salmagyndan gorkan eýranly erkek ýuwunmakdan bütinleý ýüz dönderipdir. Onuň gündelik iýýän iýmitiniň düzüminiň esasan hem, doňuz we beýleki haýwanlaryň çig etinden ybarat bolmagy-da geň ýagdaýdyr. Şeýle hem ol suwy hem gaýnatman, gönüden-göni çeşmeden alyp içýär. Onuň adaty bolmadyk bu durmuş keşbi Amu Hoja dost tutunmak meselesinde ilkibada kynlyk döretdi. Emma soňabaka oba ýaşaýjylary Hojiniň ýaşaýşyny dowam etdirişine geň galyp, oňa bir külbejik gurup beripdirler. Ondan öň Hoji ýer astynda gazylan bir çukurjykda ýaşaýar eken.

Indi birnäçe wagt bäri külbede ýaşaýan bu adamyň saglyk ýagdaýyny öwrenmek üçin lukmanlar ony birnäçe derňew barlaglaryndan geçirdiler. Özüne adaty adamlaryň iýmitinden düýpgöter tapawutly bolan iýmit rejesini düzen Hojiniň saglyk ýagdaýy lukmanlary örän geň galdyrdy. Çig etler bilen iýmitlenýändigine garamazdan, onuň saglyk ýagdaýynda howatyrlanmaga hiç hili sebäp ýok eken.

Barlag geçiren lukmanlar bu hili iýmitlenişde adam bedeninde mugthorlar bilen baglanyşykly döräp biljek dürli kesellere duş gelinjekdigine ynanýardylar. Emma olar derňew işlerinde bu hili ýaramaz ýagdaýlaryň üstünden hem barmadylar. Lukmanlar, gaýtam, onuň immuna ulgamynyň güýçlüdigine göz ýetirdiler. Bu bolsa dürli keseller bilen kesellemegiň öňüni alýan ilkinji şertleriň biridir. Hojide gepatit we SPID kesellerini anyklamak üçin hem derňew geçirildi. Emma onda diňe asemptomatik trihinelez infeksiýasy anyklanyldy.
17
191
N.T.
05.04.2022 23:21
Agyz beklemegiñ saglygymyza peýdasy



Uly hem-de şöhratly taryhy ýoly geçen halkymyz iňňän gadymy döwürlerden bäri aňy, ruhy, kalby bilen Oraza baýramyna ruhy tämizligiň we ahlak arassalygynyň, ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar.

Oraza tutmak, agyz bekleme döwri mukaddes we şol bir wagtda üýtgeşik döwür. Lukmançylyk tarapdanam, dini tarapdanam seredenimizde, bu döwür bedenimize agram salýan artykmaç zatlardan, ruhy dünýämizi agyrlaşdyrýan pikirlerden dynmaga ýardam edýär. Biz mukaddes Oraza aýynda agyz beklemek arkaly beden we ruhy dünýämizde “ýowar” geçirmäge mümkinçilik alýarys. Agyz bekleme döwründe adamyň bedeni we ruhy şypa alýar. Ol hemmelere bagt we ýagşylyk arzuwlaýar, özüniň kimdigi, nähilidigi we öz edýän işleri barada oýlanýar. Bu döwürde adamyň saglygyna zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden gaça durmagy soňabaka endige öwrülip gitmegine hem itergi berýär. Bu bolsa ýüregimiz, köňlümiz, tutuş bedenimiz üçin hakyky peşgeşdir. Biziň döwrümizde aç bolmagyň saglyga peýdalydygy ylmy taýdan tassyklanandygy üçin, ol lukmançylykda bejergi usullaryň biri hökmünde ulanylýar.

Biologiki nukdaýnazardan alanyňda açlyk — adam bedeni üçin peýdaly bolup, onuň goraýjylyk ukybyny galkyndyrýandyr. Sebäbi adamyň bedenine iýmitiň barmasy kesilen ýagdaýynda, ol ähli güýjüni bedendäki zyýanly mikroblary öldürmäge, “zibillerden” arassalanmaga, howply çişlerden we täze döremelerden dynmaga gönükdirýär. Agyz beklemäniň beden üçin peýdasy köpdürlüdir. Onuň netijesinde biz  bedeniň artyk agramyndan dynyp, immun ulgamyň işleýşini gowulandyryp, bedeniň maddalary alyş-çalyş prosesini has kämilleşdirip, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini ýeňilleşdirip, adamyň özüne erk etmek häsiýetini terbiýeläp bileris.
7
86
N.T.
05.04.2022 22:21
Gepiñ gysgasy... (dowamy)

Käbir zatlaryň arzuwynda gezmek – şoňa ýeteniňdäkiden has ajaýyp…

***

Aladalar owunjak bolup biler, ýöne hiç haçan oýunjak bolup bilmez.

***

Seniň ajaýyp diýip ykrar eden zatlaryňa göwünleri ýetmän, düşündiriş beriberseler, hiç darykmaň. Gözelligiň manysyna düşünmeýän gyzlar reňk-beýleki çalynyp, hatda Hudaýyň sungatyny hem «işleýärler» ahyry.

***

Birbada hemmäniň göwnüni awlamak asla mümkin däldir. Hatda Gün hem birbada bütin dünýäni ýagtyldyp bilenok ahyry.

***

Ýaşamak üçin ýürekden ygtybarly ýer ýokdyr.

***

Sen näçe sypaýysyrasaň hem, sözüňi kesä çekjek, ondan kem tapjak bardyr. Süýji üzümdenem ajy çakyr ýasaýarlar ahyry!

***

Iň bärkisi dört setirlik goşguda-da kapyýalaryň ählisi sazlaşyp gitmän, hökman biri üýtgeýändir. Bu durmuşda-da şeýle, hemme günüň sazlaşykly, akgynly gitmegi mümkin däl.

***

Biz ýüzümizi suw ýaly ulagymyzyň lowurdysynda däl, aňrybaş öýümiziň kaşaň penjiresinde däl, wyždanymyzyň tozan basyp giden aýnasynda synlamagy başaraýsak…

***

Ýürek saçaga meňzeş diýýärler. Hakykatdan-da şeýle, ýürek saçak ýaly mukaddes. Saçagy harlamak, ony boş goýmak näçe gabahat bolsa, bu ýürek babatda şeýledir. Dogry, olaryň arasynda ýekeje tapawut bar. Gije saçak kakmak günä hasaplanylýar. Ýüregi kakmak, ony ak kagyzyň ýüzüne kakmak üçin bolsa, ümsüm gijelerden gowy wagt ýok bolsa gerek.



Kakamyrat REJEBOW.

7
74
N.T.
N.T.
05.04.2022 14:20
Gepiñ gysgasy Iň uly bagt gadyryň bilinmegidir. Bu käte bagtyň özüne-de ýetdirmeýän bagt ahyry. *** Iň bärkisi çörege nobata duranyňda-da öňüňdäki we yzyňdaky adamy bilmeseň, bellemeseň, ugur-utgaňy
N.T.
04.04.2022 00:30
Söýgi ❤köýnek👗 ýaly geýilýän däldir🚫❌!!!
5
42