N.T.
09.06.2022 16:46
Gyzlar gulagyndan söýýärmi?

(Gülküli hekaýa)


Oglanlykdan saýlanyp,  burnuň aşagy garalyp ugransoň, gyzlarda gözüň eglenip başlaýan eken. Onsoň ýüzüne seredeniňde iniň jümşüldäp, köýnegiňe garynja giren ýaly ediberýän gyza söz aýdasyň gelýär. Aýdasyň gelende näme,  gapdalyňda «Nähili kabul ederkä?» diýen ullakan sorag üstüňe abanyp dursa. Baý, ýaýdandyrýan eken-ä. Iň erbet zady «Men pylana söz gatjak bolýan welin, şony nädip aýtsamkam?» diýip, ile maslahat salybam bolanok. Iň ýakyn dostuňam syryňy bilmese gowy ýaly bolup dur. Garaz, özüň bilen özüň bolup kösenip ýörensiň işdäden kesilip. Ejeň: «Balam, saňa näme bolýar, soňky döwürde nahar iýşiň ugry ýok» diýse, syryň açylyp barýan ýaly ör-gökden gelip: «Ýok, ýok-laý, eje, maňa bolýan zat ýok» diýip, işdäň gowudygyny subut etjek bolup, aňryň gaty bir alyp barmasa-da, eliňdäki çemçäňi haýdadarsyň.

Garaz, ilkinji sulhuň alan gyza sözüňi nädip aýtjagyňy bilmän uly bir ylmy işiň üstünde işleýän alym ýaly kelläň gije-gündiz pikirdedir. Aram-aram gijäniň bir mahaly oýanyp, eýläňe-beýläňe agdarylyp, kösenip daňyňy atyran günleriňem bolar. Men
bulary özüm başymdan geçiremsoň aýdýaryn. Ýygralygymam ýetik bolansoň, gyza söz gatmak meniň üçin, baý-baý, hupbatly iş bold-ow. Şol döwürde çeper eser barynam okap çykdym. Ýöne şol kitaplara ýapyşanym gowy boldy.
Okan kitaplarymyň içinden ýekeje jümle meniň gözümi açdy oturyberdi. Ol haýsy jümledir öýdýäňiz?! Ol «Gyzlar gulagyndan söýýär» diýen jümle. Diýmek, gowy görýän gyzyňa söz gatmazdan öňürti gulagyna


ýarar ýaly öwgüli, ýakymlydan-ýakymly sözleri saýlap aýtmaly ekeni. Onsoň menem ýakymly, öwgüli sözleri gözläp beýnimi dörjeläp ugradym  welin, görüp otursam, çeper eserleri okap ýörşüme


kellämi özüme gerek sözlerden, jümlelerden hyryn-dykyn edäýen ekenim-ä. Oňa begenjime tas gygyrypdym. Hemme
bärik geläýse nädersiň, gözlerimem batareýalary täze goýlan el çyrasy ýaly ýanyp dur. Içimdenem «Edil şu wagt ol gyza duşsam-a, ýüzümiň ugruna yrýan-laý» diýibem goýberýän.
Beýle gowy pikirler kellä gelensoň, heý, öýde busup oturyp boljakmy?! Hasyr-husur geýindim, ysy allowarradan gaňşyrawygyňy tütedip gelýän atyrdanam depämden dabanyma çenli sepdim-de, atylyp köçä çykdym. Käte-käte näçe arzuw edeniňde-de bolmaýan zatlar boluberýär. Köçä çyksam, hakyt, «Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýleni bolup, meniň söz gatjak gyzym seýkin basyp, biziň öýümiziň gabadyndan geçip barýar. Dogrusy, oňa gözüm düşenden dogabitdi ganyma giren çekinjeňlik aýagyma şeýle bir kakdy welin, tas onuň gapdalynda ýere ýazylýardym. Nämäniň saklanyny bilemok, garaz, ýykylman-a saklanyp bildim. Bolsa-da näme hyýal bilen köçä çykanym ýadyma düşdi-de, çalt dogumlanyp, ädimlerimi haýdadyp, onuň yzyndan ýetdim
— Aýjemal, salam!
— Salam, wiý, Sapa senmi?
Onuň adymy tutanyna monça bolup, ýyrş-ýyrş etdim.
— Hawa, men.
Ol başga hiç zat diýmedi. Men onsoň oňa diýmeli sözlerimiň wagty geldi diýip hasap etdim-de, işe girişdim.
— Aýjemal, sen gaty owadanlaşypsyň.
— Şeýlemi?! — diýip, ol ýaňsyly  seretdi. Men has beleň aldym.
— Hawa, çypbakaý çynym. Geýen köýnegiňem özüňe gelşip dur – diýdim. Bu sapar ol gaşlaryny çytyp seretdi. Men oňa-da seretmän, hüjümimi dowam etdim.
— Aýagyňdaky köwşem — diýip, yzyny aýdyp ýetişmänkäm, burnumyň aşagyna enaýyja ýumruk direldi-de, agzymdan söz çykarman duruberdi. Ýüzüne seretsem, ýüzi şeýle bir egşäp dur welin, owadanlyg-a däl, ýönekeý bir adam sypatam bardyr öýdemok şonuň-a. Sakga durup, onuň yzyndan seretsem, üýtgeşik gözelligem ýok eken-laý. Köýnegem hopul-sopul bolup dur. Aýagyndaky öwgüsini ýetirjek bolan köwşüm köwüş däl-de, köneräjik şypbyk eken. Onuň egşäp duran ýüzüni gaýtadan  göz öňüme getirenimde, şu wagta çenli eden arzuwlarym garasar ýaly birden göterilip gitdi-de, ýeri boşap galdy. Onsoň boram-boş kellämi egnimde göterip, öýe gaýtdym.
Biraz salymdan soň synpdaşym Patmada synym eglendi-de «Owadan, öwgüli sözleri  şuňa-da diýip göreýin-le» diýäge-de, bir gün ikiçäk duşanda salamdan soň başlandyryn-a:
— Patma, seniň boý-syratyňam bir gyza degýär. Towar saçlaryňam bir enaýy.
— Aý, oglan, sen näme meni oýnajak bolýaňmy? Meniň boýumyň keltedigine, saçymyň gysgalygyna güler ýaly sen  kim bolupsyň — diýip, şeýle bir gygyrdy, şol wagt onuň ýüzi, lap edip aýtdygym däl, Aýjemalyň ýüzündenem on esse dagy egşäýdi öýdýän. Şu pursatda ondan men-ä däl, ejesem eýmenmän durmasa gerek. Men gorkyma esli ýere tersleýin ýöräp gidipdirin. Patma menden arany açyp gidenden soň durup, esli pikir etdim. «Be-e, onuň ýüzüni dag-aý. Şol ýüze seredip durkaň söýgi sözleri ýadyňa-da düşjek däl. Gözi dagy aldajynyň gözi-laý. Şol-a  söýgä düşünjege-de meňzänok. Gyzy gürleşmän tanap bolanog-ow. Mundan daşrak bolanyň kem däldir-le» diýdim-de, öz ugruma gitdim.
Şondan soň «Gel, indi hiç gyza habar gatman, öz ugruma gezibereýin» diýip esli wagt gezdimem, ýöne öz deň-duş oglanlarymyň gyz saýlaşan bolup  ýörüşlerine namys etdim-de, ýene bir gezek bagtymy synap görmegi niýet edindim. Şol niýet bilen gezip ýörşüme goňşymyzyň gyzy gözüme kaklyşaýmazmy. «Eýho-o, näme üçin şu wagta çenli goňşy gyzy görmändirin. Öň sölitedir öýdüp ýörenim enaýy gyz bolaýan eken-ä. Özem her duşanda maňa ýylgyrybam seredýär» diýip, pikir öwürdim-de, şol öňki öwrenen sözlerimi oňa-da aýdyp görmegiň kül-külüne düşdüm. Bir gün onuň agyr ýükli gelýänini görüp, ylgap baryp torbalaryny elinden aldym. Ol monça boldy. Minnetdarlyk bilen ýüzüme ýylgyrybam seretdi. Maňa-da geregi şol, derrew öwgüli sözleri suňşuryp başladym:
— Käkilik, sen şeýle görmegeý-dä. Ýüzüňdäki peşehorda-da özboluşly görk berýär – diýdim. Onuň ýüzündäki ýylgyryş el bilen süpürilip aýrylan ýaly boldy. Onda-da dowam etdim – Gaz basyşyny edip ýöreýşiň özüňe gelşip dur – diýenimden elimdäki torbalary silkip aldy-da, gahar bilen ýüzüme seredip:
— Samsyk — diýip, gaty-gaty ýöräp, menden arany açdy. Men näme diýeýin, yzyndan garadym galyberdim. «Görýän welin, maňa duşan gyzlaryň hiçisem söýgi söhbetine nähili başlanyşyna näbelet öýdýän. Ýa-da meniň okan kitaplarymdaky «gulagyndan söýýän» gyzlar bu zamanda ýokmuka?!» diýip içimi gepletdim-de, öýe gaýtdym.
Şondan soň başga bir gyza öwgüli sözleri diýmäge asla dilim barmady. Ençe ýyllap gyzlara gyýa garamaga-da çekinip gezdim ýördüm. Emma hiç kime öwgüli söz diýmesemem, bir gyz bilen ysnyşyp gidipdirin.  Dogrusy, ony nähili sulhum alanyny, oňa nähili söz gatanymy özümem bilmän galypdyryn.
Ine, adamlar, durmuşyň şu pursady maňa «Gyzlar gulagyndan söýýär» diýselerem, onuň ähli gyzlara degişli däldigini oňatja düşündirdi.

Nurberdi DÄDEBAÝEW.
13
260
Милая.G
9 Awgust 2022
IDEALLIDER,😂😂😂😂

Hakyky,,Gulkiki hekaya,,bolupdyr😂😂👍
Ayjennet
13 Iýun 2022
Öwgüli sözleri her kimem halaýa.

Ýöne ýerini bilip öwseň has gowy....
ideallider
12 Iýun 2022
Özünde günä goýmandyraý. Awtor akja-jüýje eken🤣👍
ŞirnazarTaganow
10 Iýun 2022
N.T.,ökdeleşipdirin onda.😋😁
N.T.
10 Iýun 2022
ŞirnazarTaganow,☺☺☺☺jogapladyñyz eýýäm.
ŞirnazarTaganow
10 Iýun 2022
N.T.,nähili ýagdaýda ýa-da nähili söýmek gyzada bir tarapdan bagly,meselem ak-garany gowy saýgaryp bilýän gyz,Imanly oglany derrewjik tanaýar we söýüp galýar.😋Beýleki tarapdan söýgüniñ döremegine oglanyñ dili we diñleýji gyzyñ gulagy!😁
N.T.
10 Iýun 2022
ŞirnazarTaganow,Siziñem pikiriñizi bilesim geldi-dä agam😋😁
ŞirnazarTaganow
9 Iýun 2022
N.T.,Gyz bolup sen bilmeseñ.Men nirden bileýinä?😁
N.T.
9 Iýun 2022
Chamomilae🌼,😆😆😆dogry aýtýañyz👍😁

Y_Erlenow,ayyy natdinei🧐🧐😏😏
Dusia
9 Iýun 2022
😂 gyzlar oňarmandyrlar ony 😁(göni ejeňi ugrat diýen bolsalar, seret onsoň gaçyşyna 😂)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.