N.T.
08.04.2022 00:26
Bu gün ýylgyrdyñyzmy?!

Köplenç, surata düşenimizde ýylgyryp durmagy endik edipdiris. Sebäbi-de suratçylar aýtmyşlaýyn, ýylgyrmak bizi adatdakysyndan owadan görkezýär. Bu hakykatdanam şeýle bolsa, siz pikir edip gördüňizmi, hemişe ýylgyryp gezseňiz, durmuşyňyz nähili owadan bolardyka?!

Fillis Dilleriň aýdyşy ýaly: «Ýylgyryş ýönekeý bir egri çyzyk bolsa-da, ähli zady göneldýändir». Aslynda psihologlaryň belleýşine görä, ýylgyryş adamyň göwnüni açýar, oňa durmuşyň nogsanlyklaryndan, çylşyrymly wakalaryndan ussatlarça baş alyp çykmagyna ýardam berýär. Diňe bu maglumatyň aýan edilmegi size ýylgyryp gezmäge esas berip bilmezligi mümkin. Ýöne bu düzgüni durmuş kadasyna öwürseňiz ykbalyňyzdan we özüňizden gaty hoşal bolup bilersiňiz. Ýürekden çykyp, ýürege barýan ýylgyryş adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da ysnyşdyrýar, ýakynlaşdyrýar we özara düşünişmegi aňsatlaşdyrýar. Gülki, ýylgyryş diňe bir adamyň durmuşyna däl, eýsem, saglygyna hem oňyn täsir edýändigini ýörite lukmanlar topary tekrarlaýarlar. Olaryň bellemegine görä, ýylgyryş adam saglygy üçin bahasyz iň gowy derman hasaplanýar. Keýpiň gowy däl wagtlarynda-da özüňizi ýylgyrmaga mejbur ediň. Ýylgyryş nerw dartgynlylygyny aýyrmaga-da ýardam edýär. Biz ýylgyranymyzda ýüregimiz giňeýär, kalbymyz rahatlanýar, özümizi ynjalykdan gaçyrýan ýagdaýlary unudýarys. Şol sebäpli-de, ýylgyryş ýürek-damar, nerw keselleriniň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Köp ýurtlaryň psihologlary ýylgyryşyň adama täsirini öwrenip, şeýle netijä gelipdirler: ýylgyryş adamyň kelle-beýnisine bagtlydygy, keýpiniň oňatdygy barada habar iberýär eken. Şol bir wagtda köp mukdarda endorfinler («şatlyk» gormony) işlenilip çykarylýar. Bu gormonlar bedene agyryny aýyryjy hem-de gaýnaglama garşy täsir edýär, ähli beden agzalarynyň işine itergi berýär. Adamda rahatlyk, kanagatlanma duýgularyny döredýär. Adam ýylgyranda nerw dartgynlylygy aşak düşýär. Arterial gan basyşyny we pulsy kadalaşdyrmak, kellagyryny aýyrmak üçin käte 5 minutlap ýylgyrmak ýeterlik eken. Alymlar ýylgyryşyň aýratyn hem kelle-beýnisiniň işine oňyn täsir edýändigini, ýatkeşligi, aň ýetiriş we pikir ýörediş ukybyny ösdürýändigini kesgitlediler. Adam ýylgyranda onuň endamy, boýun myşsalary gowşaýar, gan aýlanyş işjeňleşýär, gandaky glýukozanyň mukdary azalýar.

Žanna Kalmanyň belleýşi ýaly: «Hemişe ýylgyryň. Meniň uzak ýaşamagymyň syry hut ýylgyrýanlygymdadyr». Ýylgyryň! Owadan boluň! Ýylgyryşlaryňyz ömrüňizi gözelleşdirsin!

Wiý, ýogsa-da bu gün ýylgyrdyňyzmy?!
8
129
MissBoss♕
8 Aprel 2022
Ýylgyrmaýan günim ýok Allaha şükür😊 Ýüregimde dag ýaly agyr hem ullakan dertlerim bar bolsada olary ýylgyrmak bilen gizleýän...öwrenişipdirinem uže😉
Keremaly.
8 Aprel 2022
🙂🙂🙂🙂☺☺☺😉
perizadym
8 Aprel 2022
😊😊😊👍👍
Sadaja⚽
8 Aprel 2022
Köwser👈su ady okap yylgyryan su progaa girenim bari😊
Aýdogdy
8 Aprel 2022
Bizin yylgyrmagymyzy dine suratkes soraya olam oz peydasyna 😁
HoJoM
8 Aprel 2022
Howwa. Niyazowski balnisada bir genneje gelli, gapdalyndada saryja gyzjagazy bar..! (Kishmishjik) Ony gorup yylgyrdym we birnache arzuwlar etdim..! ☺
N.T.
8 Aprel 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴,🤗😘

𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴,soragym bardy: meñ goýýan postlarym gowy dälmi?
N.T.
8 Aprel 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴, goý ,ýürekden ýylgyrjak gûnüñiz golaýda bolsun! Ýöne ýürekden bolmasa hem ýylgyryñ!!!Ýürekden däldigini hiç kim bilmesin🙂
N.T.
8 Aprel 2022
Babu,onda hemişe günüñiz ýylgyryşly geçsin😊

𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴,dogry!Eýsem,bugün çyn ýürekden ýylgyrmadyñyzmy?!
N.T.
8 Aprel 2022
жемчужина,Ana şeýdip hemishe ýylgyryñ!Uzak ýaşañ🤗😊😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.