N.T.
06.04.2022 13:56

Alymlar 67 ýyl bäri ýuwunmadyk adamyñ saglyk ýagdaýyny öwrendiler .


Täsin durmuş obrazyny dowam etdirýän 87 ýaşly Amu Hoji Eýranyň Dežgah obasynda ýaşaýar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, 87ýaşlydygyna seretmezden, Amu Hojiniň saglyk ýagdaýy örän gowy. Bu barada «Daily Star» habar berýär.

Amu Hojiniň aýtmagyna görä, ýuwunmak oňa şowsuzlyk getirýärmiş. Bu ýagdaýyň yzygiderli gaýtalanyp, ölüm howpuny orta salmagyndan gorkan eýranly erkek ýuwunmakdan bütinleý ýüz dönderipdir. Onuň gündelik iýýän iýmitiniň düzüminiň esasan hem, doňuz we beýleki haýwanlaryň çig etinden ybarat bolmagy-da geň ýagdaýdyr. Şeýle hem ol suwy hem gaýnatman, gönüden-göni çeşmeden alyp içýär. Onuň adaty bolmadyk bu durmuş keşbi Amu Hoja dost tutunmak meselesinde ilkibada kynlyk döretdi. Emma soňabaka oba ýaşaýjylary Hojiniň ýaşaýşyny dowam etdirişine geň galyp, oňa bir külbejik gurup beripdirler. Ondan öň Hoji ýer astynda gazylan bir çukurjykda ýaşaýar eken.

Indi birnäçe wagt bäri külbede ýaşaýan bu adamyň saglyk ýagdaýyny öwrenmek üçin lukmanlar ony birnäçe derňew barlaglaryndan geçirdiler. Özüne adaty adamlaryň iýmitinden düýpgöter tapawutly bolan iýmit rejesini düzen Hojiniň saglyk ýagdaýy lukmanlary örän geň galdyrdy. Çig etler bilen iýmitlenýändigine garamazdan, onuň saglyk ýagdaýynda howatyrlanmaga hiç hili sebäp ýok eken.

Barlag geçiren lukmanlar bu hili iýmitlenişde adam bedeninde mugthorlar bilen baglanyşykly döräp biljek dürli kesellere duş gelinjekdigine ynanýardylar. Emma olar derňew işlerinde bu hili ýaramaz ýagdaýlaryň üstünden hem barmadylar. Lukmanlar, gaýtam, onuň immuna ulgamynyň güýçlüdigine göz ýetirdiler. Bu bolsa dürli keseller bilen kesellemegiň öňüni alýan ilkinji şertleriň biridir. Hojide gepatit we SPID kesellerini anyklamak üçin hem derňew geçirildi. Emma onda diňe asemptomatik trihinelez infeksiýasy anyklanyldy.
17
191
ąķmyŕąđøw
13 Noýabr 2022
Sag bol gyzykly eken👌
Myhman Myhman
6 Aprel 2022
Ay haywan yaly bolup gidendirda yagysha ezilyandir arasynda
MissBoss♕
6 Aprel 2022
N.T.,we sen birinji begendirmeli😇🤗
N.T.
6 Aprel 2022
Zümrüt🌺,belki şeýledir🙃
N.T.
6 Aprel 2022
IDEALLIDER,dogry👍
ideallider
6 Aprel 2022
Iň esasy immunitetiňi güýçlendirmegiň ýoluny tapmak👍
N.T.
6 Aprel 2022
MissBoss♕,şo-da🤗🤗🤗😁diýmek,biz 1nji başlaýas ekenik😀
MissBoss♕
6 Aprel 2022
N.T.,howwa,seni akitman kimi akideyin 🤗🤗awgustyn 15den son 19-23aralygynda
N.T.
6 Aprel 2022
MissBoss♕,ohooo😲gowy ekenä ol gezelenjiñiz gidesim geldi🤗🤗meni äkitjek dalmi gyzz😁🙃howwa ir siz tarapda hacan başlaýar?!

HalmyratGmail.com.,men admini tanamaýan!
MissBoss♕
6 Aprel 2022
N.T.,oho gaty ir eken dogrudanam 3ay galypdyrda onda...Gezelenc manyda deryan boyuna tokaya gidilip dync alynyar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.