N.T.
05.04.2022 22:21
Gepiñ gysgasy... (dowamy)

Käbir zatlaryň arzuwynda gezmek – şoňa ýeteniňdäkiden has ajaýyp…

***

Aladalar owunjak bolup biler, ýöne hiç haçan oýunjak bolup bilmez.

***

Seniň ajaýyp diýip ykrar eden zatlaryňa göwünleri ýetmän, düşündiriş beriberseler, hiç darykmaň. Gözelligiň manysyna düşünmeýän gyzlar reňk-beýleki çalynyp, hatda Hudaýyň sungatyny hem «işleýärler» ahyry.

***

Birbada hemmäniň göwnüni awlamak asla mümkin däldir. Hatda Gün hem birbada bütin dünýäni ýagtyldyp bilenok ahyry.

***

Ýaşamak üçin ýürekden ygtybarly ýer ýokdyr.

***

Sen näçe sypaýysyrasaň hem, sözüňi kesä çekjek, ondan kem tapjak bardyr. Süýji üzümdenem ajy çakyr ýasaýarlar ahyry!

***

Iň bärkisi dört setirlik goşguda-da kapyýalaryň ählisi sazlaşyp gitmän, hökman biri üýtgeýändir. Bu durmuşda-da şeýle, hemme günüň sazlaşykly, akgynly gitmegi mümkin däl.

***

Biz ýüzümizi suw ýaly ulagymyzyň lowurdysynda däl, aňrybaş öýümiziň kaşaň penjiresinde däl, wyždanymyzyň tozan basyp giden aýnasynda synlamagy başaraýsak…

***

Ýürek saçaga meňzeş diýýärler. Hakykatdan-da şeýle, ýürek saçak ýaly mukaddes. Saçagy harlamak, ony boş goýmak näçe gabahat bolsa, bu ýürek babatda şeýledir. Dogry, olaryň arasynda ýekeje tapawut bar. Gije saçak kakmak günä hasaplanylýar. Ýüregi kakmak, ony ak kagyzyň ýüzüne kakmak üçin bolsa, ümsüm gijelerden gowy wagt ýok bolsa gerek.



Kakamyrat REJEBOW.

7
74
MissBoss♕
6 Aprel 2022
😊👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
N.T.
6 Aprel 2022
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀,😍🥰🙂👌🏻
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
6 Aprel 2022
👍🏻👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻💛
ylham_1989
5 Aprel 2022
N.T.,hovva 😊👍
N.T.
5 Aprel 2022
Ylham.1989,hovva sheýtmesem kyn bolýan eken☺
ylham_1989
5 Aprel 2022
N.T., bolupdyr pozsan seydayada zordan girip bolya indi bir pozjak vagtyn birine gecirip al 😊
N.T.
5 Aprel 2022
Ylham.1989,ahyry😃😁zordan ustanawit edip bildim🙂
ylham_1989
5 Aprel 2022
N.T., 👍 tuveleme girip bilipsin
N.T.
5 Aprel 2022
Ylham.1989,HoJoM,sag boluñ😊
HoJoM
5 Aprel 2022
Örän gowy..! Yenede... ☺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.