N.T.
10.06.2022 22:11
Geliñ degşeliñ!

,,Dişiñe gaty bolmasa"

Bir ker adam bir näsagy soramaga gidipdir. Ol gidip barýarka ýolda içinden: «Men bir ker adam. Näsagyň näme diýenini eşitmen. Ine, men baryp: «Pylany ýagşymysyň?» diýerin. Olam elbetde: «Ýagşydyryn» diýer. Garaz, ol näme diýse: «Örän oňat» diýibereýin» diýip, pikir edipdir.

Ker adam näsagyň ýanyna baryp:

— Ýeri, ýagşy bolýarsyňmy? – diýipdir.

Bitap adamam:

— Aga, hiç hezilim ýok – diýip, jogap berýär. Onda ker:

— Örän oňat – diýýär.

Birnäçe wagtdan soň ker ýene-de sorapdyr:

— Işdäň barmy?

Bitabam aýdypdyr:

— Işdäm zat alanok.

Kerem öz gezeginde:

— Örän oňat – diýýär.

Ker ýene sorapdyr:

— Iýip-içýän zadyň bir barmy?

Onuň soragyna bitabyň gahary gelip, indi bir eşitsin diýip, keriň gulagyna gygyrypdyr:

— Işdäm almasa, belaň sapyny iýeýinmi?

Onuň sözleri keriň gulagyna: «Paltaň sapyny iýýärin» diýen ýaly bolup eşidilipdir. Ol:

— Dişiňe gaty bolmasa, paltaň sapyny iýseňem, örän oňat bolar – diýipdir.
17
326
N.T.
8 Awgust 2022
Shamko,suw bn yuwduma siz yokduñyz😂

MissBoss♕,Amin enshalla🤲
MissBoss♕
8 Awgust 2022
Gülhan,sagja bol,haysy fakultete tabshyrmakcy sen belki gorsheris
Gülhan
8 Awgust 2022
MissBoss♕, ämin gülm🤲🏻
MissBoss♕
8 Awgust 2022
N.T.,nesip bolsa Nowçagülüm aydanyn gelsin🥰(kursdaş bolmak nesip etsin Gülhan saña da☺️
N.T.
8 Awgust 2022
Shamko,Sag boluñ minnetdar!😊
N.T.
7 Awgust 2022
Dusia,sag boluñ minnetdar🤩🥰Size-de shony arzuwlaýaryn😊
Dusia
7 Awgust 2022
N.T., salam 😍 gutlaýan üstünlik Allajan sag amanja al diplomyňam eliňe)
N.T.
7 Awgust 2022
ArslanYazly,hoş gördük(diýmelimi men🧐😁) Tuweleme ,geljekki stomatolog lukmany bolýañyz-da onda😁👍 Bejerish isi fakulteti🤩
ArslanYazly
7 Awgust 2022
N.T.,hoş geldiñ, hoş geldiñ!

N.T.,Stomatologiýa!

N.T.,Sen haýsy fakultete girdiñ?
N.T.
7 Awgust 2022
ArslanYazly,😄😄😄onda menem ozume 0y gutardym diysemem bolya 1e gecdim diysemem bolya diyaymelida😁

ArslanYazly,haysy fakultet
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.