N.T.
09.08.2022 10:52
ÜÝTGEŞME
Sen mergendiň, a men weli nyşana,
Gözlerimi çeneýärdi gözleriň.
Gör, nämeler aýan etdik bu şama,
Oýalykda düýş görýärdi gözlerim.

Üýtgemesin görýän zatlarym, neneň,
Seredýän zatlarym üýtgände meniň.
 

ÜÇÜNJI SÖZ
Bir sözüm az saňa, ikisi kändir,
Üçünjini weli aýdyp bilemok.
Gel gülüm, aşygyň ýekesirändir,
Bilmeseň halymy özge bilen ýok.

Günüň şöhlesinden, Aýyň nurundan,
Gabananym üçin gaty görme sen.
Diliňe döneýin bala ýugrulan,
Besdir, pyşyrdama, gaty gürle sen.

…I:şilip, çekeli bagtyň keşdesin,
Bolmanka gül açan ömrümiz öýlän.
Aýtmak isleýärin, gelýär eşdesim,
Bir saňa, bir senden: «Men, seni, …».
 

SOWGAT
Söýgi näçe belent bolsa,
Gabanjaňlyk çuň bolýandyr.
Gulak, göze şübhe bardyr,
Ynananyň çyn bolýandyr.

Ýürek ýary seň paýyňdyr,
Isle, rehm et, isle, ýandyr.
Söýgim saňa serpaýymdyr,
«Sowgat sowgat isleýändir».

 

SYRLY GÖZEL
Ýazyň mymyk şemalyna,
Owsun atýar a:l köýnegi.
Gözüm düşmez jemalyna,
Adat aşygyň köýmegi.

Ne daşlaşar, ne golaýlar,
Hallan atar, zol towlana.
Ýeňlerin bäri bulaýlar,
Dert berip-ki ol, oglana.

…Kütelipdir gyrgy gözleň,
Göçüripsiň ol seriňni.
Hasaplanym syrly gözel,
Köýnek eken ol, serilgi.

Awtory: Süleýman Haýdarow
13
312
mandarin
3 Awgust 2023
Salam gowy goşgylarñyz bar eken😊
Myhman Myhman
6 Noýabr 2022
Barmyň gyz ? Gowmy ýagdaýlaň ? Okuwlar nätýä, öwrenşýäňmi ? (kursdaş )
N.T.
22 Awgust 2022
Melikee,Bolya :)
Melikee
22 Awgust 2022
N.T.,showluja bolsun,kursdash..talyp boldum dp bardaki kursdashyny unudaymagyn.ツ
Melikee
22 Awgust 2022
N.T.,salam janm.Bolya geçyan so bergimden 🥰🙃...25 ne dami sen gitmeli wagtyn..🤔
N.T.
21 Awgust 2022
Melikee,salam kursdaş giç ýagshy👋🥰 Ai ol bergimi hacan berip bilerkam🤔Shahsy cadam ýapylypdyr😔😢Bu ýerdenem indi gidip barýan okuwa Ag-da 🛫☺
Melikee
21 Awgust 2022
Kᴜʀsᴅᴀsʜ , ᴍᴀñᴀ ʙᴇʀɢɪñ ʙᴀʀᴅʏᴍʏ ? ツ
ArslanYazly
12 Awgust 2022
N.T., 1nji kurs wagtym ýadyma düşýä şuwagt!🤔💭
N.T.
12 Awgust 2022
ArslanYazly,bolýa onda
ArslanYazly
12 Awgust 2022
N.T., ýoo hiç zat dos.dr.N.T
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.