N.T.
05.04.2022 14:20
Gepiñ gysgasy


Iň uly bagt gadyryň bilinmegidir. Bu käte bagtyň özüne-de ýetdirmeýän bagt ahyry.

***

Iň bärkisi çörege nobata duranyňda-da öňüňdäki we yzyňdaky adamy bilmeseň, bellemeseň, ugur-utgaňy ýitiräýmegiň daşda däl. Durmuşda ýaşamak üçin-ä özüňden öňki ötenleri, öz nesliňi tanamak has-da zerur.

***

«Berimiň gökden ýol ýasaýandygyna» ynanýan adamlar, nämüçin gökden kelemenläp aşak gaýtmagyň ýowuzdygyna ynanmaýarkalar?

***

Işdämenlik bilen mäşewe iýip otyrkaň, bir gaty zat dişiňi gyjyndyryp gider. Adamlar-a oňa «dälije mäş» diýýär. Durmuş hem näçe owadan, lezzetli, tagamly bolsa-da, onuňam «dälije mäşi» gyt däl.

***

Iň bärkisi, ýekeje döwüm çörek hem açyk howada gatansoň, heňlemek diýen zady bilmeýär. Adam hem zähmetde bekänsoň, kynçylyk duýmaýar.

***

Hernäçe çekinilse-de, çäksiz hormat goýulsa-da, Hudaýa «Siz» diýlip ýüzlenilenok.

***


Kakamyrat Rejepow.
10
68
N.T.
5 Aprel 2022
HalmyratGmail.com.,sag boluñ:)
halmyrat_gmail_com
5 Aprel 2022
N.T., tuweleme gowy post soz yok howri kop bolsun yene sular yaly postlar goymak nesip etsin
N.T.
5 Aprel 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴,❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀,жемчужина,👌🏻👌🏻👌🏻😊
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
5 Aprel 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
HoJoM
5 Aprel 2022
N.T., Sabyrsyzlyk bln garashyan..! 😉
N.T.
5 Aprel 2022
B.....,bolýa ahli zat gowy bolsa👏😊Menem gowy şükür Hudaýa🙂
N.T.
5 Aprel 2022
B.....,😃🙂👌🏻👌🏻👌🏻Salam🙋‍♀️Gowmy ýagdaýlaryñyz,okuwlaryñyz?!
N.T.
5 Aprel 2022
HoJoM,begendim🙂onda! Ýene yzy bar soñurrak paýlaşýakdyryn!

Bägül_,sag bol🙂
HoJoM
5 Aprel 2022
Gaty gowy..! Haladym..!
N.T.
5 Aprel 2022
🏷Kakamyrat Rejepowdan manyly sözler ...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.