Karaleva_
19.08.2024 17:24
Ynamyň hemişe özünde bolsun,
Namys ogul, uyat gyzyňda bolsun.
Halallykdan gözläp tapýan gazanjyň,
Rysgal bereketiň duzyňda bolsun.



Men menlik eýleýip adam saýlama,
Dünýä täsin erwet pikir oýlama.
Başarsaň görene akyl paýlama,
Akyl paýhas ilki özünde bolsun.



Ynsan beýik bolsa, öçmejek yzdyr,
Şägirt ýetişdirseň özünden ozdur.
Yigide müň dürli hünär hem azdyr,
Syn edip öwrenmek gözünde bolsun.




Hoş söz bilen gussalary ýeňjek bol,
Halal işle, halallyga sinjek bol.
Soñlanmayan bir wepaly geljek bol,
Ynamdarlyk diýjek sözünde bolsun.




Öñe gidişlikler badyňda bolsun,
At abraý dereje adyňda bolsun.
Eý könül unutma, aýdanlarymy,
Belläp geçenlerim ýadyňda bolsun.




Öwezgeldi Taganow
16
24
Karaleva_
19.08.2024 07:04
Barselonadan Wens Palau Fernandes 3615 modeli özünde jemleýän ykjam telefonlaryň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.



Öňki rekord Rumyniýadan Andreý Bilbi Argentisa degişlidi, 2023-nji ýylda onuň kolleksiýasy 3456 telefony öz içine alýardy. 
Fernandes 2008-nji ýylda Nokia telefonlaryny ýygnap başlady we 2018-nji ýyla çenli onuň kolleksiýasynda eýýäm 700 model bardy. Ol kolleksiýasyna kem-kemden Siemen, NEC, Motorola, Blackberry, Samsung, HTC, Apple ýaly brenleriň gurluşlaryny hem goşup, ony giňeldip başlady.


Kolleksiýada seýrek duş gelýän we eksklýuziw modeller, şol sanda “Ýyldyz söweşlerinden” gahrymanlaryň keşbi bilen Nokia 3220 ýaly çäkli tiraž bilen çykan telefonlar hem bar.
Gazanylan rekorda garamazdan, Fernandes öz kolleksiýasyny doly däl hasaplaýar we ony has giňeltmegi meýilleşdirýär. Çünki, Nokia 1000-den gowrak telefon modelini çykardy, onuň ýygyndysynda bolsa kompaniýanyň 700 töweregi gajeti bar.

Tmcars
14
49
Karaleva_
18.08.2024 19:01
Ispaniýanyň Geologiýa we dag institutynyň alymlary Kanardaky Lansarote adasynyň kenarynda üç sönen wulkanly suwa giden suwasty dagy tapdylar. Massiwiň diametri 50 km töweregi bolup, onuň düýbi, takmynan, ummanyň aşagynda 2,3 km-de ýerleşýär diýip, Live Science ýazýar.



Ylmy gözlegçileriň pikiriçe, bu dag Atlantida baradaky rowaýatyň çeşmesi bolup biler we oňa Los-Atlantes ady berildi. Ylmy gözlegleriň netijelerine görä, eosen döwründe (56-34 mln ýyl ozal) dag arhipelag bolup, onuň adalary gatan we agralan lawa sebäpli kem-kemden ummana çümüpdir.
Los-Atlantesiň käbir suwasty kenarlary we gaýalary 60 metr çuňlukda saklanyp galypdyr we soňky buz döwründe suwuň üstünde wagtlaýyn ýene peýda bolan bolmagy mümkin.
Alymlar adalaryň suwuň düýbüne gitmeginiň takyk senesini kesgitlemek üçin, jyns nusgalaryny seljermegi dowam ederler.
Atlantida baradaky mif öz başlangyjyny gadymy grek filosofiýasyndan alyp gaýdýar. Hususan-da, Platon Atlantida barada kuwwatly, ösen we baý siwilizasiýasy bolan uly ada ýa-da yklym hökmünde ýatlap geçýär. Onuň bellemegine görä, Atlantida heläkçilikli hadysanyň, ähtimal, ýertitremäniň ýa-da joşgunyň netijesinde ýitipdir. Alymlaryň birnäçesi Atlantida baradaky rowaýatyň ýönekeý bir filosofiki mifden başga zat däldigini öňe sürýärler.

Tmcars
19
29
Karaleva_
18.08.2024 13:31
Müsüriň demirgazygyndaky Dumýat şäherinde ýerleşen Tel-el-Deýr nekropolynda 63 mazaryň üsti açyldy. Olar Ptolemeýler nesilşalygynyň döwründen artefaktlary saklaýarlar diýip, Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, Associated Press habar berýär.

Tapyndylar Gadymy Müsüriň giçki döwrüne degişli altyndan ýasalan önümleri we gymmatly zatlary öz içine alýar. Şeýle-de, artefaktlaryň arasynda heýkeller, jaýlama doga-tumarlary we 38 sany bürünç teňňe bilen palçykdan ýasalan gap bar.
Teňňeler Ptolemeýler döwrüne degişli hasaplanýar. Olaryň nesilşalygy Rim imperiýasynyň bir bölegi bolmazdan öň Müsürde iň soňky bolupdyr. Nesilşalyk b.e.öň 305-nji ýylda, Müsür Aleksandr Makedonskiý tarapyndan basylyp alnandan soň esaslandyryldy. Onuň ilkinji hökümdary Makedonskiniň janpenasy Ptolemeý boldy. Hökmürowanlyk nesilden-nesle geçip, biziň eýýamymyzyň birinji asyrynda Kleopatranyň hökümdarlygy bilen tamamlandy.
Ptolemeýler nesilşalygy özüniň ylmyň we sungatyň ösüşine goşan goşandy bilen bellidir. Olaryň şalygynyň paýtagty – Aleksandriýa ellinizm döwründe grek medeniýetiniň merkezi bolupdyr. Ol ýerde Aleksandriýa muzeýi we Apolloniý Rodosskiý, Eratosfen Kirenskiý, Ewklid, Aristarh Samosskiý, Kallimah ýaly tanymal şahyrlaryň we alymlaryň işlän kitaphanasy bolupdyr.
Häzir hünärmenler tapylan artefaktlary dikeltmek we toparlara bölmek boýunça işleri dowam etdirýärler.

Tmcars
15
44
Karaleva_
18.08.2024 07:30
Hindistanyň Tamilnad ştatynyň Kiladi diýen ýerinde arheologlar 2600 ýyl mundan ozal ulanylan terrakotadan ýasalan suw geçirijisini tapdylar. Bu açyş gazuw-agtaryş işleriniň onunjy tapgyrynda ýüze çykarylyp, b. e. öň VI asyrda ösen suw dolandyryş ulgamynyň bolandygyny tassyklaýar diýip, Arkeonews ýazýar.



Suw geçirijisi, uzynlygy takmynan 36 sm we diametri 18 sm bolan alty silindr segmentlerinden ybaratdyr. Segmentler biri-birine berk birikdirilip, uzynlygy 174 sm bolan umumy turbany emele getirýärler.
Bu ulgam suwy hapalanmakdan goramak we suw üpjünçiligi üçin ulanylypdyr diýlip çak edilýär.
Suw geçirijisinden başga-da, Kiladiniň gadymy ýaşaýjylarynyň ussatlygynyň ýokary derejesini görkezýän ýapyk kanal, açyk aryk we birnäçe suw rezerwuarlary tapyldy. Bu tapyndylar öz döwründen has öňe giden ösen suw üpjünçilik ulgamynyň bolandygyny görkezýär.​
Kiladide tapylan beýleki tapyndylaryň seljermesi, tamil jemgyýetiniň eýýäm b. e. öň VII-nji asyrda ösen senagat medeniýetine eýe bolandygyny görkezdi. Suw geçirijisiniň tapylmagy, bu gadymy jemgyýetiň ösüş hronologiýasyna we inženerçilik ussatlygyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär.

Tmcars
17
31
Karaleva_
17.08.2024 20:30
NASA-nyň Marsda hereket edýän Perseverance enjamy Ýezero krateriniň günbatar tarapyna çykmagy öz içine alýan planetadaky bäşinji ylmy wezipesine taýýarlanýar. Kratere çykmak 19-njy awgusta meýilleşdirilýär we enjamyň ýolunyň iň howply bölegi hasaplanýar diýip, NASA salgylanyp, RBK habar berýär.



2021-nji ýylyň fewral aýynda gonandan bäri Perseverance eýýäm dört missiýany ýerine ýetirip, 22 kern dag jynsyny ýygnady we Marsyň üstünde 29 km-den gowrak aralygy geçdi. Täze missiýada iki obýekt: Piko Turkino bilen Jadygöý Heýzeliň baýry aýratyn gyzyklanma döredýär, olar Marsyň gadymy klimaty barada möhüm geologiki maglumatlary saklap bilerler.
Kratere çykmak töwekgelçilikleri azaltmak üçin awtomatik nawigasiýa boýunça alnyp barlar. Krateriň ýokarsyna, Park Awrora diýlip atlandyrylan nokada ýetenden soň, kosmiki enjam, takmynan, 300 metr belentlige çykar, bu hem oňa gözlegleriň indiki tapgyryna girişmäge mümkinçilik berer.
Öň, NASA-nyň Mars Insight enjamy Gyzyl planetanyň teýinde suwuk suw ätiýaçlyklarynyň alamatlaryny ýüze çykardy. Alymlar onuň Marsyň gabygynda 11,5 km-den 20 km çenli çuňlukda ýerleşýändigini kesgitlediler. 

Tmcars
17
16
Karaleva_
17.08.2024 17:21
2024-nji ýylyň 19-njy awgustynda asmanda Superaýy we möwsümleýin “Mawy Aýy” utgaşdyrýan seýrek astronomiki hadysa – “Bekre Aýy” dogar. Superaý Aşgabat wagty bilen 23:26-da bolar we şu ýyl garaşylýan dört Superaýyň ilkinjisi bolar diýip, RBK ýazýar.

“Superaý” adalgasy 1979-njy ýylda astrolog Riçard Nolle tarapyndan Aýyň Ýere mümkin boldugyndan iň ýakyn gelmeginden 90% aralykda ýerleşýän ýagdaýynda doly Aýy suratlandyrmak üçin girizildi. Şeýle pursatlarda Aý adatdakysyndan 14% uly we 30% ýagty görünýär. 2024-nji ýylda ýene üç Superaýyň bolmagyna garaşylýar: 17-nji sentýabr, 17-nji oktýabr we 15-nji noýabr.
Superaý wagty Aý adatdakysyndan has ýagty we uly görünse-de, bu hakykatda beýle däldir. “Aý illýuziýasy” diýen düşünje bar: Aý gözýetimde ýerleşýän wagty asmandaky ölçegi bilen deňeşdirilende uly görünýär. Şeýle illýuziýa adam beýnisiniň ýerdäki zatlaryň fonunda ölçegleri we aralyklary ýalňyş düşündirýändigi sebäpli ýüze çykýar.
“Bekre Aýy” ady ýylyň bu döwründe Beýik köllerde bekre balyklary tutan indeý taýpalary bilen baglanyşyklydyr. “Mawy Aý” adynyň Ýeriň hemrasynyň reňki bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Ol iňlis dilindäki Once in a Blue Moon (“günleriň bir güni MAwy Aýyň astynda”, bu örän seýrek hadysany aňladýar) aňlatmasy bilen baglanyşyklydyr.
Mawy Aýlaryň iki görnüşi bar: möwsümleýin we aýlyk. 19-njy awgustda boljak “Mawy Aý” möwsümleýin bolar. NASA indiki möwsümleýin “Mawy Aýyň” 2027-nji ýylyň maý aýynda bolmagyna garaşylýandygyny belleýär. Superaýlaryň we Mawy Aýlaryň utgaşmasy örän seýrek bolup geçýär. Şeýle hadysalaryň arasyndaky aralyk 20 ýyla çenli bolup biler, aslynda ortaça ol her on ýyldan bir gezek bolýar. Şeýle Aýlaryň indiki jübütiniň 2037-nji ýylyň ýanwar we mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar.

Tmcars
15
40
Karaleva_
17.08.2024 10:32
NASA-nyň alymlary 2018-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda InSight gonuş enjamynyň kömegi bilen ýygnalan maglumatlary ulanyp, Marsyň teýinde suwuk suw ätiýaçlyklarynyň bardygyny ýüze çykardylar. Bu barada Proceedings of the National Academy of Sciences-de çap edilen ylmy gözlegde aýdylýar diýip, CNN habar berýär.

Öň, Marsda suw diňe polýar sebitlerde buz we atmosferada suw bugy görnüşinde tapyldy. Maglumatlaryň täze seljerişi netijesinde, Mars gabygynda 11,5 km-den 20 km çenli çuňlukda suwuk suwly jaýryklaryň bardygyny ýüze çykarmak başartdy.
Bellenilişi ýaly, ol ýerde bar bolan suw Marsyň üstüni, takmynan, 1,6 km beýiklikdäki gatlak bilen örtüp biler. Şeýle-de, alymlar Marsyň astyndaky suw Gyzyl planetada ähli çak edilýän gadymy ummanlaryň suwlaryndan has köp diýip hasaplaýarlar.
Ylmy gözleg Marsda Ýerden daşary ýaşaýşy gözlemek üçin mümkin bolan ugry hödürleýär. Planetanyň çuňlugynda gizlenen suw Ýerde gabygyň çuň gatlaklarynda bar bolan mikroblara meňzeş mikroblar üçin gaçybatalga bolup hyzmat edip biler.
Şeýle-de bolsa, bu suw çeşmeleriniň potensial gymmatlygyna garamazdan, olary çykarmak olaryň ýatagynyň çuňlugy sebäpli örän kyn mesele bolup biler. Alymlar Marsda üstünlikli burawlaýyş üçin häzir adamzadyň elinde bar bolandan has köp tehniki mümkinçilikleriň gerek boljakdygyny belleýärler.

“Ol 10-20 kilometr çuňlukda gabykda gizlenen. Marsda 10 km çuňlukdaky guýyny burawlamak – bu hatda [Ilon] Mask üçin hem kyn bolar” – diýip, professor Maýkl Manga Bi-bi-si bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Tmcars
15
26
Karaleva_
17.08.2024 06:49
Indoneziýanyň Kalimantan adasynda ýerleşýän täze paýtagty Nusantaranyň gurluşygy ýene 10-15 ýyldan tamamlanar diýip, ýurduň Prezidenti Joko Widodo aýtdy. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda taslama bary-ýogy 20% durmuşa geçirildi. Bu barada Antara agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Ilkibaşda täze paýtagty 2024-nji ýyla çenli gurmak meýilleşdirilipdi, ýöne taslamanyň durmuşa geçirilmegi koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürildi. Gurluşyk 2021-2022-nji ýyllarda başlady, onuň maliýeleşdirilmesine bolsa tas $32 mlrd bölünip berildi.
Paýtagtyň Jakartadan Nusantara geçiriljekdigi Prezident Widodo tarapyndan 2019-njy ýylda yglan edildi. Täze paýtagtyň ady tejrime edilende “arhipelag” diýmegi aňladýar. 

Tmcars
16
27
Karaleva_
16.08.2024 19:51
Walt Disney Pictures studiýasy "Doňan ýürek 3" multfilminiň çykjak resmi senesini yglan etdi. Multfilmiň görkezilişi 2027-nji ýylyň 24-nji noýabrynda bolar diýip, Deadline neşiri habar berýär.

Elza bilen Annanyň başdan geçirmeleriniň dowamy baradaky gürrüňler baryp 2020-nji ýyldan bäri bardy, emma pandemiýa zerarly taslama soňa goýuldy. Geçen ýyl kompaniýa filmiň üçünji bölüminiň üstünde işleýändigini tassyklady.
"Doňan ýürek" (2013) we "Doňan ýürek 2" (2019) multfilmleri taryhda iň köp girdeji gazanan filmleriň hataryna girdi. Olaryň her biri 1 milliard dollardan gowrak gazandy.
Disney-yň ýolbaşçysy Bob Aýger şeýle hem studiýanyň "Gar Şazenany" ertekisiniň esasynda dördünji multfilmiň üstünde işleýändigini habar berdi.

Tmcars
17
129