Karaleva_
28.08.2024 06:49
Režissýor we ssenariýeçi Jennifer Li meşhur “Doňan ýürek” animasion filminiň üçünji we dördünji bölümleriniň üstünde işleýär.

Li Fandango bilen bolan söhbetdeşlikde taslamanyň üçünji böleginiň başlangyç tapgyrdadygyny we ony 2027-nji ýylyň noýabr aýynda çykarmak meýilleşdirilýändigini tassyklady. Şol bir wagtyň özünde döredijilik topary dördünji filmiň hem üstünde işleýär.
Liniň sözlerine görä, iş özi üçin adaty bolmadyk depginde alnyp barylýar.

"Göýä, otagyň ýarysynda üçünji bölümiň işleri, beýleki böleginde dördünji bölümiň işleri gidip, biz olaryň arasynda ikibaka ylgaşlaýan ýaly" – diýip, ol pikirini paýlaşdy.

Geljekki film üçin bir konsept-art eýýäm taýýarlandy, ýöne toparyň öňünde şa zenan Elza we şa gyzy Anna baradaky wakany ösdürmek bilen bagly köp sowallar durýar. Üçünji filmde Elza jadyly güýji kimiň berendigi we şazada Hansa näme bolandygy barada gürrüň berilmegi hem mümkin.
2013-nji ýylda çykan asyl “Doňan ýürek” we onuň dowamy hersi 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, kassa ýygymynda hakyky meşhurlyk gazandylar. Animasiýa filmleriniň ikisi-de taryhyň iň üstünlikli 5 multfilminiň hataryna goşuldy, ýöne ýakynda 1,6 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan “Tapmaça 2” multfilmi olardan öňe geçdi.
15
18
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.