Karaleva_
27.08.2024 15:44
Angliýaly 12 ýaşly Rouen Brennen Rim imperiýasynyň altyn bilezigini tapdy. Oglanjyk bilezigi ejesi Amanda Brennen bilen itini gezdirip ýörkä tapdy diýip, Live Science habar berýär.

Bu ýadygärlik, Günbatar Susseksiň kenarýaka Pegam obasynda 2022-nji ýylda tapyldy. Ýöne gadymy bilezigiň barlag netijeleri ýaňy-ýakynda çykdy.
Geçirilen barlaglar, bilezigiň b. e. I asyra degişlidigini we rim esgerlerine berlen armilla – harby baýrakdygyny tassykladylar.
Altyn bilezigiň uzynlygy 7.1 sm. Onuň, imperator Klaudiýniň b. e. 43-nji ýylda Angliýa çozanyndan soň ýasalandygy çak edilýär.
Novium muzeýi kolleksiýa üçin bu ýadygärligi satyn aldy. Ol 10-njy sentýabrda halka hödürlener.

Tmcars
14
28
1089
27 Awgust 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.