Karaleva_
28.08.2024 19:56
Suffolk graflygyndan (Beýik Britaniýa) 102 ýaşly Manett Beýli öz doglan gününde paraşýutly böküşi ýerine ýetirip, ýurduň iň garry paraşýutçysy boldy. Ol bu batyrgaý hereketi haýyr-sahawat we birnäçe guramalary goldamak üçin etdi hem-de eýýäm meýilleşdirilen 30 müň funt sterlingden 9 müň fünt sterling ýygnady diýip, Sky News habar berýär.



“Haçan-da uçaryň gapysy açylanda, men yza ýol ýokdugyna we diňe bökmelidigine düşündim” – diýip, Manett öz täsirleri bilen paýlaşdy. Ol özüni oňaýsyz duýandygyny, ýöne tolgunmadan baş alyp çykandygyny aýtdy. “Men ysgyndan gaçandygymy duýup, gözümi ýumdum” – diýip, aýal aýtdy we böküşden soňky duýgusyny “dumanly” diýip häsiýetlendirdi. Ýere düşenden soň Manett özüni “missiýasyny ýerine ýetiren” ýaly duýandygyny belledi.

Böküşe 50-den gowrak adam tomaşa etdi, Manettiň özi bolsa meýilnamany tas bozan howa şertlerine garamazdan asuda we ykjam durdy. “Diňe öňe tarap hereket etmek we hyýalyňdakyny etmek gerek” – diýip, ol aýdýar.
Manett Beýli henizem awtoulag dolandyrýar, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýar we uzak ýaşamagyň syry fiziki hem-de akyl işjeňligini saklamak, şeýle-de aragatnaşyk diýip hasaplaýar. Paraşýutly böküşden soň, ol maşgalasy we dostlary bilen bilelikde serişde ýygnamak bilen goldaýan haýyr-sahawat guramalarynyň biri bolan Benhall klubuna çaý içmäge gitdi.
11
66
olia
28 Awgust 2024
zumerret_
28 Awgust 2024
@olia, ahahaha hasaplaý
olia
28 Awgust 2024
@zumerret_, enem 84 yashynda el ish edya) hasapmy😅
olia
28 Awgust 2024
Sereda illerin enesi name edip bilyanine😂 tuweleme)
zumerret_
28 Awgust 2024
Babam 80 yaşyna çenli ulag mündi , sürdi ( gulagy agyrrak bolsada )
stella_🖤
28 Awgust 2024
Dawlenýasy galandyr :(
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.