Karaleva_
27.08.2024 11:25
Klod Moneniň 1897-1899-njy ýyllar aralygynda döreden “Suw liliýalary” kartinasy 26-njy sentýabrda Gonkongda Christie's auksionyna çykarylar. Bu kartinanyň  döredileni bäri 125 ýylyň içinde ilkinji gezek satywa çykarylyşydyr diýip, Hypebeast ýazýar.

Žiwernide döredilen bu kartinada Moneniň köp sanly meşhur eserlerine ylham beren, howzuň golaýyndaky peýzažyň bir bölegi şekillendirilipdir. Ol “Suw liliýalary” seriýasyndaky ýedi kartinanyň biridir. Mundan başga-da, bu Moneniň gözýetim çyzygy bolmadyk ilkinji kartinasydyr.
Christie's-iň wekili Kristian Albu bu "Suw liliýasynyň" seýrek hazynadygyny, sebäbi seriýadaky işleriň köpüsiniň muzeýlerde saklanýandygyny we bu kartinanyň  şahsy kolleksiýada saklanyp galandygyny belledi.
Kartina 25-35 million dollara satylar diýlip garaşylýar.

Tmcars
14
46
Karaleva_
27 Awgust 2024
@1089, mlds sag-aman bar 🙋🏻‍♀️
1089
27 Awgust 2024
Dynç aljak aýlanjak çagalarym bn pul bolsa yzy hezil 👍
1089
27 Awgust 2024
@Karaleva_, 35 milýon dollar diýmek köp zat näme edeňde bolonok yzyňa seretmän Amerika ýörejek
Karaleva_
27 Awgust 2024
@1089, näme etjek 🤔
1089
27 Awgust 2024
Bäh şol pul mende bolsa näme etjegimi bilýänow
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.