Londonda öýkeniň rak keseline garşy täze sanjym kliniki synaglardan geçirilip başlandy. Barlag London kollejiniň Uniwersitet klinikasynda (UCLH) geçirilýär diýip, guramanyň web sahypasynda habar berilýär.
Waksinanyň ilkinji dozasy keseliň gaýtalanmazlygynyň öňüni almak umydy bilen bu barlaga gatnaşan 67 ýaşly britaniýaly Ýanuş Rasa goýberildi.
Waksina Germaniýanyň BioNTech kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi we immunitet ulgamyna, sagdyn dokumalara zeper ýetirmezden, rak öýjüklerini tanamaga we ýok etmäge itergi berýän mRNK bejergisinden ybarat. Bu çemeleşme kesel öýjükler bilen birlikde sagdyn öýjükleri-de zaýalaýan adaty himiýa bejergisinden tapawutlanýar.
Şeýle-de, waksina Angliýadaky, ABŞ-daky, Germaniýadaky, Wengriýadaky, Polşadaky, Ispaniýadaky we Türkiýedäki 34 sany barlag meýdançasynda synagdan geçirilýär.
Barlagyň maksady onkologiýa kesellerinden ýogalmagynyň esasy sebäpleriniň biri bolan öýken raky üçin täze täsirli bejergileri tapmakdan ybaratdyr.
Tmcars