Hytaýyň Ninbo materiallary öwreniş we inženerçilik institutynyň alymlary Aýda suwuň senagat önümçiliginiň usulyny oýlap tapdylar.
Bu usul, çukur ýaly aýnalaryň kömegi bilen Aý regolitiniň 926 gradusa çenli gyzdyrylmagyna esaslanýar. Ýöne aý minerallarynyň düzümindäki yzgar olaryñ 0.0001%-den 0.02%-i aralygyny tutýandyr. Bir gram erginden 51-76 mg suw çykýar.
“Bu bir tonna aý regolitiniň 50 kg suw öndürip biljekdigini aňladýar, bu bolsa takmynan 100 sany 500 ml-lik çüýşe agyz suwuna deňdir. Bu mukdardaky agyz suwy 50 adamyň bir gününe ýeterlik bolar"-diýip, The Innovation žurnalynda çap edilen gözlegiň awtorlary belläp geçýärler.
Mundan başga-da, suwuň elektrohimiki taýdan wodorod we kisloroda bölünen bolmagy ähtimal, bu bolsa degişlilikde energiýa we dem alyş üçin ulanylyp bilner.