Karaleva_
28.08.2024 00:01
Meşhur amerikaly beýsbolçy Beýb Rutuň köýnekçesi Heritage auksionynda rekord 18,1 mln funt sterlinge (24,12 mln dollar) satyldy. Bu häzire çenli auksionda satylan iň gymmat sport predmeti diýip, BBC Sport habar berýär.

Rut bu köýnekçäni 1932-nji ýylyň Dünýä tapgyrynda (World Series) “Çikago Kabsa” garşy taryhy oýunda geýipdi. Hut şu köýnekçede ol meşhur “sargyt atuwy” ýerine ýetirdi – topuň gitmeli ugruny görkezdi, soňra takyk şol ugra houm-ran etdi. “Ýankis” şol tapgyry dört oýunda utdy.
Karýerasyny “Boston Red Soksda” başlan Beýb Rut “Nýu-Ýork Ýankisiň” iň beýik autfilderleriniň biri hökmünde taryha girdi. Ol yzyna gaýtarmak boýunça Esasy beýsbol ligasynyň (MLB) köp sanly rekordyny goýdy we Dünýä tapgyrynyň ýedi gezek ýeňijisi boldy. Türgen 1948-nji ýylyň 16-njy awgustynda 53 ýaşynda aradan çykdy.
Öň, iň gymmat sport loty meşhur basketbolçy Maýkl Jordanyň sport formasy hasaplanýardy. Onuň MBA-nyň finalynda “Çikago Bullzyň” düzüminde geýen (1998) köýnekçesi 2022-nji ýylda 7,64 mln funta (10,1 mln dollar) satyldy.
9
13
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.