Karaleva_
12.08.2024 12:30
12-nji awgustdan türkmen milli senenamasynda ýaldyrak döwri başlandy. Ol 40 gün dowam edýär. Şol döwrüň içinde ol özüniň yssy gündizleri, salkyn gijeleri bilen eýýäm öňde güýzüň ýetip gelýändigini ýatladýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, bu döwürde daýhan güýzlük ekinleriň ugruna çykýar, maldar mallaryň güýz gyrkymynyň aladasy bilen bolýar. Bu ýyl üçýyldyz döwründe aşa gyzgyn günler köp boldy.

“Ýaldyrak doganda, gündogarda daňdanlar görünýär. Ol adyndan belli bolşy ýaly, ýaldyrap, şöhle saçyp duran uly ýyldyzdyr. Göýä şu ýyldyzyň dogmagyna garaşýan ýaly, tebigatda dessine birnäçe üýtgeşmeler bolup başlaýar. Ilki bilen-ä, gijelerine howa salkynlaşyp, çyg düşüp başlaýar. Säher bilen ösümlikleriň ýapragynyň, öseriniň üstünde bulduraşyp duran çyg damjalary olara jan beren ýaly bolýar. Jöwzanyň bürüşdiren ýapraklary ýazylyp başlaýar.
Çarwalar ýaldyrak dogandan soňra, güýz gyrkymyna taýýarlyk görse, daýhanlar bugdaý ekjek ýerlerini tekizläp, suwaryp başlaýarlar. Elbetde, bu ýagdaýlar ildeşlerimiziň göwün küýsegini-de görkezýär. Ýogsam ýaldyragyň dogmagy bilen entek öňde yssy günler ýeterlik” diýlip, gazetde bellenilip geçilýär.

Ýaldyrak döwri 23-nji sentýabra çenli dowam edýär

Tmcars
22
63
Karaleva_
11.08.2024 20:30
Öykünme däl Kerim agañ sözüne,
Ganly ýaş doldurma gara gözüne,
Bir gulak sal hassa şahyr sözüne,
Eý şum pelek aglatmagyn ejemi!




Kesele aldyrdym ýaşlyk döwrümi,
Men ýatyryn ejem çeker jebrini.
Aýtsana señ şu edeniñ dogrumy,
Eý keçpelek aglatmagyn ejemi!




Ömürleri ýakýañ göýä şem ýaly,
Agy sesi bir ölüme deñ ýaly.
Şu wagta çen agladanlañ kem ýaly,
Yeter artyk aglatmagyn ejemi!




Dynman aglap göz ýaşlary köl boldy,
Agysyna jiger bagrym köz boldy.
Her näçe ýalbarsam ýene az boldy,
Besdir indi aglatmagyn ejemi!




Keç ykbalym ele alyp bilmerin,
Elimde erkim ýok ölüp bilmerin.
Yañadan dünýäge gelip bilmerin,
Zalym pelek aglatmagyn ejemi!




Käbäm diýer: «Derdin özüm alaýyn,
Gal aýaga, men saýañda galaýyп»
Wah aglasañ nenen bagtly boloýyn,
Menin üçin aglatmagyn ejemi!



Çarhypelek aýlap dur öz çarhyny, Yamandan savgarman vagsvñ parhyny


Kerim Gurbannepesow
15
24
Karaleva_
11.08.2024 17:17
ScienceAlert ylmy neşiri “pagta süýji” diýlip atlandyrylýan seýrek genetiki mutasiýaly adaty bolmadyk leňňejiň tapylandygyny habar berdi. Alymlar bu mutasiýanyň 100 million lobsterden birinde duş gelip, onuň çanagyny mawy, benewşe we gülgüne pigmentleriň sazlaşygynyň özboluşly owadan edýändigini bellediler.

Bu leňňeji balykçy Jozef Kramer iýul aýynyň ahyrynda Nýu-Gempşiriň kenaryndaky duzaklarynyň birinden tapdy. Ol ondan öňem açyk gök reňkli leňňeçleri görüpdi, emma adaty bolmadyk reňbe-reň çanakly, ýalpyldawuk syrçaly keramika meňzeýän leňňeç has täsindi. Kramer leňňeji surata düşürdi, soňra suraty sosial torlarda paýlaşdy we ony öwrenmek üçin Kenarýaka ylym merkezine eltdi.
Akwariumçy Sem Rutka tutulan jandaryň özboluşlydygyny tassyklady. Şol bir wagtyň özünde, çanagy reňkli şular ýaly jandarlaryň, garyndaşlaryndan has owadan görünýändiklerine garamazdan, olara bähbitli däldigini belledi: olaryň ýyrtyjylara şam bolmak mümkinçiliginiň has uludygyny aýtdy.
Adaty leňňejiň çanagynyň ýüzi goňur bolup görünse-de, aslynda gyzyl, sary we gök pigmentlerden durýar. Genetiki mutasiýa käwagt bir pigmentiň beýlekisini basmagyna sebäp bolup biler. Gyzyl leňňeçler has köp dürli öwüsýär. Bu 10 million leňňeçden 1-de gabat gelýär. Şonuň bilen birlikde, mämişi, sary we köp reňkli leňňeçleriň gabat gelme ýygylygy 30 milliondan 1-inden - 50 milliondan 1-ine çenli üýtgäp biler.

Tmcars
17
36
Karaleva_
11.08.2024 06:53
Höwesjeň arheologlar beýik astronom Nikolaý Kopernige degişlidir diýlip çaklanylýan 500 ýyllyk kompasy tapdylar. Tapyndy alymyň ömrüniň ep-esli böleginiň geçen we işlän ýeri bolan Polşadaky XIV asyra degişli Frombork galasynyň çäginden tapyldy.

Daily Mail britan gazetiniň berýän habaryna görä, mis ergininden ýasalan kompas georadaryň kömegi bilen tapyldy. Munuň üçin höwesjeňler galanyň tutuş meýdanyny barlap çykdylar.
Alymlaryň pikirine görä, kompas Kopernik tarapyndan astronomiki barlaglar üçin zerur ölçegleri geçirmek, şol sanda Ýeriň älemdäki orny baradaky düşünjäni üýtgeden geliosentrik nazaryýeti ösdürmek üçin ulanylan bolmagy mümkin.
Kompasy tapan Warminska Grupa Exploracyjna öz sosial ulgamlarynda bu tapyndynyň Kopernigiň iş usullaryna düşünmek üçin möhümdigini belledi.

Tmcars
15
28
Karaleva_
10.08.2024 18:15
Şeýlebir söýýärdim Söýýärdim
seni
Seň bilen durmuşym örän hezildi
Sen gitdiň ýalňyzlyk aglatdy meni
Joşan göwnim gam kölinde ezildi



Şeýlebir söýýärdim Söýýärdim seni
Kalbymyň törinde diñe sen bardyň
Sen dünýäme dogdun şapak mysaly
Ömir ýollaryma saçýan bir nurdyň



Şanyňa ençeme goşgy ýazardym
Galam kagyz meniň hemram bolardyr
Elmydama seni ýatlap gezerdim
Suratyň syrdaşym gümram bolardy



Ýadymda henizem şol geçen günler
Şol gün bir mysalyň jogabyn gözläp
Sanardyk biz goşup barmaklarmyzy
Şonda-da jogaby bilmedik çözläp
17
81
Karaleva_
10.08.2024 13:23
Sinhua habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Linsýa Global Geoparkynda dinozawrlaryň taryhda iň kiçi hasaplanýan aýak yzlary tapyldy.



Uzynlygy 1-3 santimetr aralygyndaky aýak yzlary güýçli ýagyşdan soň daşlaryň ýüzünde göründi. Şeýle yzlaryň jemi bäş sanysy tapyldy.
Alymlaryň pikirine görä, kiçijik dinozawrlar suwa ýakyn ýerlerde ýaşapdyrlar, muny  yzlaryň golaýyndan tapylan suw guşlarynyň yzlary tassyklaýar. Şuňa meňzeş tapyndylar öň Hytaýyň dürli sebitlerinde, şol sanda Syçuanda we Şandunda, şeýle hem Günorta Koreýada tapylypdy.
Dinozawrlar muzeýiniň işgärleri “Linsýa” geoparkyna medeni we syýahatçylyk mekany hökmünde gyzyklanmany hasam artdyrýan bu tapyndylaryň ähmiýetiniň uludygyny bellediler. Soňky onýyllyklaryň dowamynda bu ýerde paleontologiki barlaglar üçin möhüm ähmiýete eýe bolan 2000-den gowrak dinozawr yzlary tapyldy.

Tmcars
15
15
Karaleva_
10.08.2024 09:47
Saňa juda haýpym geldi,

Hopugyp, kalby daraltdym.

Gör, daglarda göwnüň galdy,

Daşlara ýüzüň saraltdyň.


...
20
21
Karaleva_
10.08.2024 06:03
Ewanstondaky Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň professory Homan Mohseniniň ýolbaşçylygyndaky amerikaly we ýewropaly planetolog alymlar Marsy ýaşamaga ýaramly etmegiň täze usulyny teklip etdiler. Alymlar güýçli parnik täsirini döretmek üçin planetanyň atmosferasyna demriň ýa-da alýumininiň nanobölejiklerini  goýbermegi teklip etdiler.

Bu amal Marsyň temperaturasyny 30 dereje ýokarlandyryp, polýar buz telpekleriniň  eremegine we mümkin boljak kolonizasiýa üçin has amatly şertleriň döremegine sebäp bolup biler.
Munda atmosferanyň ýokarky gatlaklaryna galjak nanobölejikler ýagtylygy we ýylylygy yzyna serpikdirip, uzak wagtlap howada galar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, hatda az mukdardaky nanobölejikler hem Marsyň  temperaturasyny ep-esli ýokarlandyryp biler. Mundan başga-da, nanobölejikler ýerli çeşmelerden göni planetanyň üstünde öndürilip bilner.
Alymlaryň pikirine görä, bu tehnologiýany ulanmak Marsyň kolonizasiýa taýynlanmagy üçin zerur wagty we serişdeleri azaldyp biler. Barlagyň netijeleri Science Advances žurnalynda çap edildi.

Tmcars
15
47
Karaleva_
09.08.2024 23:04
Serbiýaly tennisçi, 24 gezek “Uly tuwulganyň” çempiony we dünýäniň ikinji raketkasy Nowak Jokowiç Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda gazanan baýrak puluny haýyr-sahawat işine sarp etmek kararyna geldi. Bu barada “Kurir” neşiri habar berýär.

Jokowiç ýeňiş gazanany üçin Serbiýanyň hökümetinden 200 müň ýewro almaly. Bu mukdar ýurduň ähli olimpiýa çempionlary üçin kesgitlenipdi. Jokowiç Olimpiýa oýunlarynyň finalynda ispaniýaly Karlos Alkarasy 7:6 (7:3), 7:6 (7:2) hasabyna ýeňdi, bu bolsa oňa karýerasyndaky ilkinji Olimpiýa altynyny gazanmaga mümkinçilik berdi. Ondan öň tennisçi 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal gazanypdy.
Şeýle hem Jokowiçiň Olimpiýa oýunlaryndan soň dynç alşy uzaltmak kararyna gelendigi barada habar berilýär. Türgen 12-nji awgustdan 19-njy awgust aralygynda Sinsinnatide geçiriljek “Masters” seriýaly ýaryşdan çekildi. Ýaryşyň esasy oýnunda onuň ýerine fransuz Jowanni Mpetçi Perrikar çykyş eder.

tmcars
11
14
Karaleva_
09.08.2024 18:01
Moskwada “Tetris” meşhur wideo oýnuna ýadygärlik dikmegi meýilleşdirýärler. Ol Russiýada wideo oýna bagyşlanan ilkinji ýadygärlik bolar diýip, RB.ru habar berýär.

Taslama “Dizaýn fabrigi 3.0” bäsleşiginiň çäginde durmuşa geçirilýär, oňa gatnaşyjylar ýadygärligiň daşky görnüşi baradaky pikirlerini 19-njy awgusta çenli hödürlärler. Ýeňiji Russiýanyň Dizaýnerler birleşiginiň prezidenti Witaliý Stawiskiden, wise-prezident Sergeý Smirnowdan we beýleki bilermenlerden ybarat eminler topary tarapyndan saýlanar.
Sowet programmisti Alekseý Pažitnow tarapyndan 1980-nji ýyllaryň ortalarynda döredilen bu oýun bütin dünýäde ykrar edildi we köp sanly platformada uýgunlaşdyryldy.
Rus wideo oýunlar institutynyň (RWI) başlygy Wasiliý Owçinnikowyň sözlerine görä, “Tetris” dünýäde iň köp ýüklenip alnan wideo oýny bolmak bilen, möhüm medeni we taryhy ähmiýete eýedir.
Owçinnikow: "Oýun diňe bir güýmenje bolmak bilen çäklenmän, hatda şikesden soňky alamatlary bejermäge hem kömek edýär" – diýip belleýär.
Tetris kosmosa äkidilen ilkinji oýun – ony 1993-nji ýylda “Mir” kosmos gämisinde hem oýnapdylar. Mundan başga-da, “Tetris” sungat eseri hökmünde resmi taýdan ykrar edildi – onuň nusgalarynyň biri Nýu-Ýorkdaky Häzirki zaman sungaty muzeýinde (MOMA) saklanýar.

Tmcars
17
22