Karaleva_
19.08.2024 17:24
Ynamyň hemişe özünde bolsun,
Namys ogul, uyat gyzyňda bolsun.
Halallykdan gözläp tapýan gazanjyň,
Rysgal bereketiň duzyňda bolsun.



Men menlik eýleýip adam saýlama,
Dünýä täsin erwet pikir oýlama.
Başarsaň görene akyl paýlama,
Akyl paýhas ilki özünde bolsun.



Ynsan beýik bolsa, öçmejek yzdyr,
Şägirt ýetişdirseň özünden ozdur.
Yigide müň dürli hünär hem azdyr,
Syn edip öwrenmek gözünde bolsun.




Hoş söz bilen gussalary ýeňjek bol,
Halal işle, halallyga sinjek bol.
Soñlanmayan bir wepaly geljek bol,
Ynamdarlyk diýjek sözünde bolsun.




Öñe gidişlikler badyňda bolsun,
At abraý dereje adyňda bolsun.
Eý könül unutma, aýdanlarymy,
Belläp geçenlerim ýadyňda bolsun.




Öwezgeldi Taganow
16
24
Karaleva_
20 Awgust 2024
@mayb, şol mende islemedida
mayb
20 Awgust 2024
@Karaleva_, BD Net Vpn hemmesinede gowy isleya. Play marketda bar
Karaleva_
20 Awgust 2024
Instagram VPN li işleyamika işleýän bolsa haýsy vpn gerekka bilyaniniz aýdayynda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.