Ispaniýanyň Geologiýa we dag institutynyň alymlary Kanardaky Lansarote adasynyň kenarynda üç sönen wulkanly suwa giden suwasty dagy tapdylar. Massiwiň diametri 50 km töweregi bolup, onuň düýbi, takmynan, ummanyň aşagynda 2,3 km-de ýerleşýär diýip, Live Science ýazýar.
Ylmy gözlegçileriň pikiriçe, bu dag Atlantida baradaky rowaýatyň çeşmesi bolup biler we oňa Los-Atlantes ady berildi. Ylmy gözlegleriň netijelerine görä, eosen döwründe (56-34 mln ýyl ozal) dag arhipelag bolup, onuň adalary gatan we agralan lawa sebäpli kem-kemden ummana çümüpdir.
Los-Atlantesiň käbir suwasty kenarlary we gaýalary 60 metr çuňlukda saklanyp galypdyr we soňky buz döwründe suwuň üstünde wagtlaýyn ýene peýda bolan bolmagy mümkin.
Alymlar adalaryň suwuň düýbüne gitmeginiň takyk senesini kesgitlemek üçin, jyns nusgalaryny seljermegi dowam ederler.
Atlantida baradaky mif öz başlangyjyny gadymy grek filosofiýasyndan alyp gaýdýar. Hususan-da, Platon Atlantida barada kuwwatly, ösen we baý siwilizasiýasy bolan uly ada ýa-da yklym hökmünde ýatlap geçýär. Onuň bellemegine görä, Atlantida heläkçilikli hadysanyň, ähtimal, ýertitremäniň ýa-da joşgunyň netijesinde ýitipdir. Alymlaryň birnäçesi Atlantida baradaky rowaýatyň ýönekeý bir filosofiki mifden başga zat däldigini öňe sürýärler.
Tmcars