NASA-nyň Marsda hereket edýän Perseverance enjamy Ýezero krateriniň günbatar tarapyna çykmagy öz içine alýan planetadaky bäşinji ylmy wezipesine taýýarlanýar. Kratere çykmak 19-njy awgusta meýilleşdirilýär we enjamyň ýolunyň iň howply bölegi hasaplanýar diýip, NASA salgylanyp, RBK habar berýär.

2021-nji ýylyň fewral aýynda gonandan bäri Perseverance eýýäm dört missiýany ýerine ýetirip, 22 kern dag jynsyny ýygnady we Marsyň üstünde 29 km-den gowrak aralygy geçdi. Täze missiýada iki obýekt: Piko Turkino bilen Jadygöý Heýzeliň baýry aýratyn gyzyklanma döredýär, olar Marsyň gadymy klimaty barada möhüm geologiki maglumatlary saklap bilerler.
Kratere çykmak töwekgelçilikleri azaltmak üçin awtomatik nawigasiýa boýunça alnyp barlar. Krateriň ýokarsyna, Park Awrora diýlip atlandyrylan nokada ýetenden soň, kosmiki enjam, takmynan, 300 metr belentlige çykar, bu hem oňa gözlegleriň indiki tapgyryna girişmäge mümkinçilik berer.
Öň, NASA-nyň Mars Insight enjamy Gyzyl planetanyň teýinde suwuk suw ätiýaçlyklarynyň alamatlaryny ýüze çykardy. Alymlar onuň Marsyň gabygynda 11,5 km-den 20 km çenli çuňlukda ýerleşýändigini kesgitlediler.
Tmcars