Karaleva_
19.08.2024 07:04
Barselonadan Wens Palau Fernandes 3615 modeli özünde jemleýän ykjam telefonlaryň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.



Öňki rekord Rumyniýadan Andreý Bilbi Argentisa degişlidi, 2023-nji ýylda onuň kolleksiýasy 3456 telefony öz içine alýardy. 
Fernandes 2008-nji ýylda Nokia telefonlaryny ýygnap başlady we 2018-nji ýyla çenli onuň kolleksiýasynda eýýäm 700 model bardy. Ol kolleksiýasyna kem-kemden Siemen, NEC, Motorola, Blackberry, Samsung, HTC, Apple ýaly brenleriň gurluşlaryny hem goşup, ony giňeldip başlady.


Kolleksiýada seýrek duş gelýän we eksklýuziw modeller, şol sanda “Ýyldyz söweşlerinden” gahrymanlaryň keşbi bilen Nokia 3220 ýaly çäkli tiraž bilen çykan telefonlar hem bar.
Gazanylan rekorda garamazdan, Fernandes öz kolleksiýasyny doly däl hasaplaýar we ony has giňeltmegi meýilleşdirýär. Çünki, Nokia 1000-den gowrak telefon modelini çykardy, onuň ýygyndysynda bolsa kompaniýanyň 700 töweregi gajeti bar.

Tmcars
14
49
Karaleva_
19 Awgust 2024
medik_
19 Awgust 2024
❤️💯
Karaleva_
19 Awgust 2024
@ideallider, bolupdyr
ideallider
19 Awgust 2024
@Karaleva_, menä tmcars bilen derejeli bolmadym😁
ideallider
19 Awgust 2024
😏
ideallider
19 Awgust 2024
@Karaleva_, senä hezillik tapdyň "jan tmcars" diýip😏
Karaleva_
19 Awgust 2024
Bar kişi ýatyr oýutyan 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.