NASA-nyň alymlary 2018-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda InSight gonuş enjamynyň kömegi bilen ýygnalan maglumatlary ulanyp, Marsyň teýinde suwuk suw ätiýaçlyklarynyň bardygyny ýüze çykardylar. Bu barada Proceedings of the National Academy of Sciences-de çap edilen ylmy gözlegde aýdylýar diýip, CNN habar berýär.
Öň, Marsda suw diňe polýar sebitlerde buz we atmosferada suw bugy görnüşinde tapyldy. Maglumatlaryň täze seljerişi netijesinde, Mars gabygynda 11,5 km-den 20 km çenli çuňlukda suwuk suwly jaýryklaryň bardygyny ýüze çykarmak başartdy.
Bellenilişi ýaly, ol ýerde bar bolan suw Marsyň üstüni, takmynan, 1,6 km beýiklikdäki gatlak bilen örtüp biler. Şeýle-de, alymlar Marsyň astyndaky suw Gyzyl planetada ähli çak edilýän gadymy ummanlaryň suwlaryndan has köp diýip hasaplaýarlar.
Ylmy gözleg Marsda Ýerden daşary ýaşaýşy gözlemek üçin mümkin bolan ugry hödürleýär. Planetanyň çuňlugynda gizlenen suw Ýerde gabygyň çuň gatlaklarynda bar bolan mikroblara meňzeş mikroblar üçin gaçybatalga bolup hyzmat edip biler.
Şeýle-de bolsa, bu suw çeşmeleriniň potensial gymmatlygyna garamazdan, olary çykarmak olaryň ýatagynyň çuňlugy sebäpli örän kyn mesele bolup biler. Alymlar Marsda üstünlikli burawlaýyş üçin häzir adamzadyň elinde bar bolandan has köp tehniki mümkinçilikleriň gerek boljakdygyny belleýärler.
“Ol 10-20 kilometr çuňlukda gabykda gizlenen. Marsda 10 km çuňlukdaky guýyny burawlamak – bu hatda [Ilon] Mask üçin hem kyn bolar” – diýip, professor Maýkl Manga Bi-bi-si bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Tmcars