Nature žurnalynda çap edilen täze barlagda Stounhenje altar daşynyň Uelsden däl-de, Şotlandiýanyň demirgazyk-gündogaryndan getirilendigi ýüze çykaryldy diýip, The Guardian gazeti habar berýär.

Agramy, takmynan, alty tonna bolan bu bäş metrlik gumdaş bölegi, Salisberi düzlüginde peýda bolmazdan ozal, 750 kilometr ýol geçipdir. Arheologlar muny daşyň himiki düzümini hem-de sirkon we apatit ýaly minerallaryň ýaşyny seljermek arkaly kesgitlediler.
Barlagyň netijesi Altar daşynyň geologiki häsiýetleriniň Şotlandiýadaky Orkneý basseýniniň jynslaryna gabat gelýändigini görkezdi. Bu netije Stounhenja daşlarynyň gelip çykyşy barada öň kabul edilen çaklamalary şübhe astynda goýýar we gadymy gurluşykçylaryň şeýle uly zatlary daşamak üçin çylşyrymly ulag ulgamlaryny ulanandygyny görkezýär.
Alymlar daşyň çeşmesiniň ýerleşýän ýerini has takyk kesgitlemek üçin gözleglerini dowam etdirýärler. Häzirlikçe bu daşyň Orkneý adalaryndan ýa-da Inwernessiň golaýyndaky kenardan getirilen bolmagynyň mümkindigi çak edilýär. Şeýle-de bolsa, neolit eýýamynda bolup biläýjek ulag usullary we taýpalaryň arasyndaky söwda baglanyşyklary bilen bagly sowallar ýüze çykyp, bu äpet daş böleginiň şeýle uzakdan nädip getirilendigi entek belli däl.