2024-nji ýylyň 19-njy awgustynda asmanda Superaýy we möwsümleýin “Mawy Aýy” utgaşdyrýan seýrek astronomiki hadysa – “Bekre Aýy” dogar. Superaý Aşgabat wagty bilen 23:26-da bolar we şu ýyl garaşylýan dört Superaýyň ilkinjisi bolar diýip, RBK ýazýar.
“Superaý” adalgasy 1979-njy ýylda astrolog Riçard Nolle tarapyndan Aýyň Ýere mümkin boldugyndan iň ýakyn gelmeginden 90% aralykda ýerleşýän ýagdaýynda doly Aýy suratlandyrmak üçin girizildi. Şeýle pursatlarda Aý adatdakysyndan 14% uly we 30% ýagty görünýär. 2024-nji ýylda ýene üç Superaýyň bolmagyna garaşylýar: 17-nji sentýabr, 17-nji oktýabr we 15-nji noýabr.
Superaý wagty Aý adatdakysyndan has ýagty we uly görünse-de, bu hakykatda beýle däldir. “Aý illýuziýasy” diýen düşünje bar: Aý gözýetimde ýerleşýän wagty asmandaky ölçegi bilen deňeşdirilende uly görünýär. Şeýle illýuziýa adam beýnisiniň ýerdäki zatlaryň fonunda ölçegleri we aralyklary ýalňyş düşündirýändigi sebäpli ýüze çykýar.
“Bekre Aýy” ady ýylyň bu döwründe Beýik köllerde bekre balyklary tutan indeý taýpalary bilen baglanyşyklydyr. “Mawy Aý” adynyň Ýeriň hemrasynyň reňki bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Ol iňlis dilindäki Once in a Blue Moon (“günleriň bir güni MAwy Aýyň astynda”, bu örän seýrek hadysany aňladýar) aňlatmasy bilen baglanyşyklydyr.
Mawy Aýlaryň iki görnüşi bar: möwsümleýin we aýlyk. 19-njy awgustda boljak “Mawy Aý” möwsümleýin bolar. NASA indiki möwsümleýin “Mawy Aýyň” 2027-nji ýylyň maý aýynda bolmagyna garaşylýandygyny belleýär. Superaýlaryň we Mawy Aýlaryň utgaşmasy örän seýrek bolup geçýär. Şeýle hadysalaryň arasyndaky aralyk 20 ýyla çenli bolup biler, aslynda ortaça ol her on ýyldan bir gezek bolýar. Şeýle Aýlaryň indiki jübütiniň 2037-nji ýylyň ýanwar we mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar.
Tmcars