Imissyou
13.12.2023 06:32
ÝAGYŞLY GÜNÜÑ DUÝGUSY

Ýagyş ýagýar...
Asman maňa seredip,
Derd-u-ahwalymy aňlaýan ýaly.
Şoň üçinem ýürek-bagryn eredip,
Ahwalyma dözmän, aglaýan ýaly.
Meniňem aglasym gelýär!

Ýagyş ýagýar...
Giňäp gidýär ýüregim,
Kelläm pikirlerden sabap, dynç alýar.
Gelýär howadaky suwda ýüzesim,
Argynlygy umma kowup, ynjalýan.
Şatlykdan galmasym gelýär!

Ýagyş ýagýar...
Dünýäň ýüzi nurlanýar,
Nurlanşy deý, adam ýuwanda ýüzün.
Ýagyş ýagýar...
Ýok, ýagyş däl, nur ýagýar,
Ýagty dünýäň ýüzi nurlansa — hezil.
Heýjan-eý, galgasym gelýär!

Ýagyş ýagýar...
Suwa düşýär ýaýdawsyz,
Owadan görünýär Zemin Asmana.
Ýagyş — Ýerden arşa baryp-gaýdan suw,
Gaçýar ondan meň ruhymy basýanlar.
Elimi salgasym gelýär!

Ýagyş ýagýar...
Suwa düşünýär kalbym,
Sowugy, yssyny aňmaýan ýaly.
Şükür – sabyr – umyt...
şatlanýan Taňry,
Begenjinden ýaňa aglaýan ýaly...
Aňlaýan, aňlasym gelýär!

Aşyrmät Garly
25
30
Imissyou
12.12.2023 20:37
Türkmenistanyň esasy Baş arçasynyň beýikligi 44 metr bolar.


Aşgabatdaky «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň meýdançasynda dikiljek Türkmenistanyň Baş arçasynyň beýikligi 44 metr bolar. Bu barada «Turkmenportala» Aşgabat şäheriniň häkimligi habar berdi.

Geçen ýylyň başynda Türkmenistan Baş arçasynyň beýikligi boýunça GDA ýurtlarynda öňdeligi eýeläpdi.

Häzirki wagtda Aşgabat baýramçylyk bezegleri bilen bezelýär, şeýle hem janly arçalar bezelip başlady.

Adatça bolşy ýaly, Täze ýyl arçalaryndan we yşyklaryndan başga-da, şäherde ýetip gelýän Täze ýyla bagyşlanan dürli sungat eserleri gurlar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda, Arkadag şäherlerinde we Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýyl baýramçylygyna bagyşlanan baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy.

Täze ýyl we Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurt boýunça göçme söwda nokatlarynyň işe başlandygyny bellemelidiris. Olar merkezi bazarlaryň golaýynda we ýaşaýyş toplumlarynyň ýakynynda ýerleşýärler.

Söwda tekjelerinde ýarmalar we un önümleri, süýji-köke, konditer önümleri we gazlandyrylan içgiler, sowgat toplumlary, möwsümleýin miweler we gök önümler bar. Mundan başga-da, bu ýerde emeli arça agaçlaryny, arça bezeglerini, ýadygärlik sowgatlaryny, oýunjaklary we senenamalary satyn alyp bolýar.

Şeýle-de iri söwda merkezlerinde we paýtagtyň bazarlarynda halka hödürlenilýän azyk önümleriniň hatarynda et we balyk önümleri, peýnir, kolbasa, konserwirlenen önümler hem bar.
26
45
Imissyou
12.12.2023 17:53
GIZLIN SÖWEŞ

Örän gizlin söweş yglan edipdim,
Señ bilen başymyñ çatylan güni.
Yşkdan bina bolan köñül şährime,
Atom bombasynyñ atylan güni.

Ýykyklygna goýdum idemedim hiç,
Ýykylan göwnümiñ harabasyny.
Müñläp duýgularmyñ leşgerin jemläp,
Yşk okundan ýükli arabasyny,

Ýolladym señ köñlüñ basyp almaga,
Olar ýeñdi hem ýerledi sen taýa.
Menem göçüp bardym, bar goşum bilen,
Täze şäher, köşk-eýwanly şol jaýa.

Şeýdip köñül köşgüm men sende gurdum,
Yşgymyñ şäherin bilmediñ ýoklap.
Öñüme toý güni, iñ bagtly günüm,
Ilki söýen gyzyñ suratyn oklap.

• Тайное сражение

Долго строила нашу крепость—храм любви,
Ломтиками сердца возводила одна.
Окропила дувалы розовой мечтой,
И стала ожидать счастья и венца.

Но ты, в первый же день нашей свадьбы, грубо,
Подбросил фото своей превой любимой…
Вот так, взлелеянную мною цитадель
В одну ночь уничтожил атомной бомбой.

Не стала я собирать обломки храма,
Оставила руины без сожаленья.
Из тысяч раненых чувств создала отряд
И обьявила тайное сражение.

Мои «бойцы» геройски сражаясь с тобой,
Захватили ум, понудили сдаться сердце.
Завоевав душу твою от всех тайно,
Построила храм любви на новом месте.

Воскресла, вознеслась цитадель любви
на руинах моих чувств. Ожила любовь.
Нет! Никто не смеет убить чистую любовь,
Она восстанет, воспрянет снова, вновь, вновь.

Перевод с туркменского Какаджана Балканова.
30
58
Imissyou
12.12.2023 12:59
KAKA!

Sen gideñsoñ dünýämizden aýrylyp,
Üstümi çal duman büredi, kaka!
Gursagymdan bir zat sogrulan ýaly,
Içimde bir boşluk döredi, kaka!

Ol boşlugy hiç zat dolup bilenok,
Ýogsa, ýetik şükür bilen toba-da.
Kaka, sen bolmasañ, az bolýar eken,
Barsam gujak gerýän tutuş oba-da.

Ýaradandan razy!
Ömrüñ dowamy,
Señ ýaýran nahallañ boý alýa, kaka!
Baryñda panyny bakydyr öýden,
Gyzyñ öñküden-de, goýalýa, kaka!

Indi bu dünýäñi hem o dünýäñi,
Bilýän,aýamaly gyzyñ men, kaka!
Goý,sebäp bolaýyn şu günden şeýläk,
Arkaýyn ýatmagña, yzyñdan, kaka!

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
26
79
Imissyou
12.12.2023 09:53
"Uçmaz garyp gyzyñ dokan halysy"
Nobatguly Rejepow.

UÇAR GARYP GYZYÑ DOKAN HALYSY

Uçar garyp gyzyñ dokan halysy,
Edebi, ekramy ýerinde bolsa.
Hol, "Garybyñ gyzy Güljahan" ýaly,
Akyly hem huşy serinde bolsa.

Hem ýerinde bolsa namysy-ary,
Dogmundan don geýen ogul ýaly bor.
Onuñ gökde uçýan tämiz hyýaly,
Günleñ bir gününde uçýan haly bor.

Ol gyzyñ halysyn arşa göterjek,
Ili haýran eden haýa bolmaly.
Päkize niýetler, arzuw-umytlar,
Hökman gök ýüzünde aýan bolmaly.

Bu halyny dokan garybyñ gyzy,
Kül içinden çykan göwher ýalydyr.
Her kimiñ asmanda uçjak halysy,
Ýagşy niýetleri, ýagşy pälidir.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
28
43
Imissyou
12.12.2023 06:31
SENI TAPYP, MEN ÖZÜMI ÝITIRDIM...".

"Seni tapyp, men özümi ýitirdim".
Ýitirip ýolumyñ ugur-utgasyn,
Özüm undup, ýol ýasap señ köñlüñe,
Men nämä deñäýin, bu yşk utmasyn?

Yzladym köñlüñe barýan ýoly men,
Ähli ýodalardan bu ýol has möhüm.
Dideleriñ eken, dünýäni dörüp,
Agtaryp tapmadyk zyýaratgähim.

Görlüp-eşdilmedik keramat ýaly,
Men señ köñlüñ gapysyndan ätledim.
O gapyny açmazdan öñ hamana,
Bu dünýäden göwni galan ätmidim?

Soñra señ kalbyña düşünjek bolup,
Öwrendim oñ sessiz dilin suwara.
Şeýdibem ýerledi seniñ köñlüñde,
Birmahalky yşk agtaran awara.

Özüm pida edip,özüm ýitirip,
Tapdym,señ köñlüñe barýan ýoly men.
Hasapsyz heññamly köne dünýäni,
Bu gün yşkdan täze guran ýaly men.

Bu yşk, aşyk-magşuk parhyna bakman,
Her dem aparmaga meýilli dünýäñ,
Goýnunda biz üçin bakylyk ýaly,
Ýitirip, tapylan seýildi, dünýäm!

Gyzylgül ANNAGYLYOWA
20
31
Imissyou
11.12.2023 19:05
"MEN SENI ÝITIRIP, ÖZÜMI TAPDYM..."

"Men seni ýitirip, özümi tapdym".
Ýogsa, çümüp gidipdirin hyýala.
Indi ýuwaş-ýuwaş sowaşýan göwün,
Meñzäp barýa sowan çaýly pyýala.

Eger göwün meñzeş bolsa pyýala,
Hödürlenip teşne däle oñ çaýy.
Lezzeti duýulman yşk nabadynyñ,
Dökülenem bolsa, binesip paýy.

Duşarsyñ çyn teşnä, günleñ bir güni,
Eý,meniñ yşk doly pyýala göwnüm.
Aýnasyñ, döwülmek ähtimallysyñ,
Aldanma, aldawly hyýala göwnüm.

Ykbalymdan öz erkine gitýäne,
Ýol bolsun!
Oñ üçin ýanmak nä derdim.
Albaýa al bolup, salgyma çapyp,
Öz-özümden ýitip gitsem näderdim?


Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
26
98
Imissyou
11.12.2023 15:47
ÝETMEÝÄN ÝALY...

Ähli zadym jem bolsa-da, ruhuma,
Nämedir bir zad-a ýetmeýän ýaly.
Dünýäni ýyladan çogly Güneşiñ,
Ýylysy süññüme ötmeýän ýaly.

Oñ ýetmezi näme, näme ýetenok,
Ejir çekýämi ol göýdügen añdan?
Razy bolman eýesiniñ keşbinden,
Döredesi gelýämi ýa ýañadan.

Ruhum bilen öz aramda söweşip,
Düşüpdim tas diwananyñ ýoluna.
Belki-de, ahyry surnugan ruhum,
Dolanar öz dolanmaly donuna.

Ýetip bilmän kämilligiñ yzyndan,
Ýaşap ýörün öz-özüme ýaraman.
Ruhum bolsa ýetmezlikden kösenýär,
Dokuzymyñ düzüwlügne garaman.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
30
28
Imissyou
11.12.2023 13:12
Heýkelleriň biri diri! Diňe IQ ýokary bolanlar suratda janly heýkeli 7 sekuntda tapyp bilerler


📌BELLIK: Meñ özümem bilem haýsylygyny tapmadym.
25
190
Imissyou
11.12.2023 09:45
20:06

Git!

GIT!

Uzagyndan uzagna ýol ýasap,
Eziz görlen mesgeniňi terk etde
Açykdyr ýüregmiň araçäkleri
Ne gözegçi, ne soldat bar serhetde

Açylandyr - ähli "delje ýurtlaram",
Açyk saňa derýa, deňiz, dag etek
Saýla özüň: otly, gämi, ýa uçar
Alyp berjek isläniňe bir petek

Gideňde goýmagyn birje goşuňam
Senden galjak hiç bir zadam bolmasyn
Gitgin, soňra ýaşamasyn hiç kimem,
Taşlajak men "Herosimaň" bombasyn

Azaşyp barsam "Ýürek" ýurduňa,
Kow!
Ýapgyn ähli serhetleri berk etde
Ýatlamaga ýeke pikir galmasyn,
Unut barsyn!
Undyp bilseň, elbetde...!
27
56