Imissyou
12.12.2023 12:59
KAKA!

Sen gideñsoñ dünýämizden aýrylyp,
Üstümi çal duman büredi, kaka!
Gursagymdan bir zat sogrulan ýaly,
Içimde bir boşluk döredi, kaka!

Ol boşlugy hiç zat dolup bilenok,
Ýogsa, ýetik şükür bilen toba-da.
Kaka, sen bolmasañ, az bolýar eken,
Barsam gujak gerýän tutuş oba-da.

Ýaradandan razy!
Ömrüñ dowamy,
Señ ýaýran nahallañ boý alýa, kaka!
Baryñda panyny bakydyr öýden,
Gyzyñ öñküden-de, goýalýa, kaka!

Indi bu dünýäñi hem o dünýäñi,
Bilýän,aýamaly gyzyñ men, kaka!
Goý,sebäp bolaýyn şu günden şeýläk,
Arkaýyn ýatmagña, yzyñdan, kaka!

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
26
79
sabyrly
12 Dekabr 2023
Super haladym
tm_girl
12 Dekabr 2023
Içimde bir boşluk döredi kaka....🥺😔
loona_girl
12 Dekabr 2023
Allajan kakalaň ejeleň ömrü uzak bolsun 🤲
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.