Imissyou
12.12.2023 06:31
SENI TAPYP, MEN ÖZÜMI ÝITIRDIM...".

"Seni tapyp, men özümi ýitirdim".
Ýitirip ýolumyñ ugur-utgasyn,
Özüm undup, ýol ýasap señ köñlüñe,
Men nämä deñäýin, bu yşk utmasyn?

Yzladym köñlüñe barýan ýoly men,
Ähli ýodalardan bu ýol has möhüm.
Dideleriñ eken, dünýäni dörüp,
Agtaryp tapmadyk zyýaratgähim.

Görlüp-eşdilmedik keramat ýaly,
Men señ köñlüñ gapysyndan ätledim.
O gapyny açmazdan öñ hamana,
Bu dünýäden göwni galan ätmidim?

Soñra señ kalbyña düşünjek bolup,
Öwrendim oñ sessiz dilin suwara.
Şeýdibem ýerledi seniñ köñlüñde,
Birmahalky yşk agtaran awara.

Özüm pida edip,özüm ýitirip,
Tapdym,señ köñlüñe barýan ýoly men.
Hasapsyz heññamly köne dünýäni,
Bu gün yşkdan täze guran ýaly men.

Bu yşk, aşyk-magşuk parhyna bakman,
Her dem aparmaga meýilli dünýäñ,
Goýnunda biz üçin bakylyk ýaly,
Ýitirip, tapylan seýildi, dünýäm!

Gyzylgül ANNAGYLYOWA
20
31
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.