Imissyou
11.12.2023 19:05
"MEN SENI ÝITIRIP, ÖZÜMI TAPDYM..."

"Men seni ýitirip, özümi tapdym".
Ýogsa, çümüp gidipdirin hyýala.
Indi ýuwaş-ýuwaş sowaşýan göwün,
Meñzäp barýa sowan çaýly pyýala.

Eger göwün meñzeş bolsa pyýala,
Hödürlenip teşne däle oñ çaýy.
Lezzeti duýulman yşk nabadynyñ,
Dökülenem bolsa, binesip paýy.

Duşarsyñ çyn teşnä, günleñ bir güni,
Eý,meniñ yşk doly pyýala göwnüm.
Aýnasyñ, döwülmek ähtimallysyñ,
Aldanma, aldawly hyýala göwnüm.

Ykbalymdan öz erkine gitýäne,
Ýol bolsun!
Oñ üçin ýanmak nä derdim.
Albaýa al bolup, salgyma çapyp,
Öz-özümden ýitip gitsem näderdim?


Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
26
98
swiit_gr
11 Dekabr 2023
@Karaleva_, salam janm gowmy
swiit_gr
11 Dekabr 2023
Hemma salam
swiit_gr
11 Dekabr 2023
@awgust, 😂😂😂hakyky
swiit_gr
11 Dekabr 2023
Gowy goşgy eken yöne gök bln yazylan gozuňi agyrtya yöne gowy goşgy 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.