Imissyou
12.12.2023 09:53
"Uçmaz garyp gyzyñ dokan halysy"
Nobatguly Rejepow.

UÇAR GARYP GYZYÑ DOKAN HALYSY

Uçar garyp gyzyñ dokan halysy,
Edebi, ekramy ýerinde bolsa.
Hol, "Garybyñ gyzy Güljahan" ýaly,
Akyly hem huşy serinde bolsa.

Hem ýerinde bolsa namysy-ary,
Dogmundan don geýen ogul ýaly bor.
Onuñ gökde uçýan tämiz hyýaly,
Günleñ bir gününde uçýan haly bor.

Ol gyzyñ halysyn arşa göterjek,
Ili haýran eden haýa bolmaly.
Päkize niýetler, arzuw-umytlar,
Hökman gök ýüzünde aýan bolmaly.

Bu halyny dokan garybyñ gyzy,
Kül içinden çykan göwher ýalydyr.
Her kimiñ asmanda uçjak halysy,
Ýagşy niýetleri, ýagşy pälidir.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
28
43
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.