Imissyou
11.12.2023 15:47
ÝETMEÝÄN ÝALY...

Ähli zadym jem bolsa-da, ruhuma,
Nämedir bir zad-a ýetmeýän ýaly.
Dünýäni ýyladan çogly Güneşiñ,
Ýylysy süññüme ötmeýän ýaly.

Oñ ýetmezi näme, näme ýetenok,
Ejir çekýämi ol göýdügen añdan?
Razy bolman eýesiniñ keşbinden,
Döredesi gelýämi ýa ýañadan.

Ruhum bilen öz aramda söweşip,
Düşüpdim tas diwananyñ ýoluna.
Belki-de, ahyry surnugan ruhum,
Dolanar öz dolanmaly donuna.

Ýetip bilmän kämilligiñ yzyndan,
Ýaşap ýörün öz-özüme ýaraman.
Ruhum bolsa ýetmezlikden kösenýär,
Dokuzymyñ düzüwlügne garaman.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
30
28
dokt
9 Yanwar 2024
Gowy goşgy eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.