Imissyou
13.12.2023 06:32
ÝAGYŞLY GÜNÜÑ DUÝGUSY

Ýagyş ýagýar...
Asman maňa seredip,
Derd-u-ahwalymy aňlaýan ýaly.
Şoň üçinem ýürek-bagryn eredip,
Ahwalyma dözmän, aglaýan ýaly.
Meniňem aglasym gelýär!

Ýagyş ýagýar...
Giňäp gidýär ýüregim,
Kelläm pikirlerden sabap, dynç alýar.
Gelýär howadaky suwda ýüzesim,
Argynlygy umma kowup, ynjalýan.
Şatlykdan galmasym gelýär!

Ýagyş ýagýar...
Dünýäň ýüzi nurlanýar,
Nurlanşy deý, adam ýuwanda ýüzün.
Ýagyş ýagýar...
Ýok, ýagyş däl, nur ýagýar,
Ýagty dünýäň ýüzi nurlansa — hezil.
Heýjan-eý, galgasym gelýär!

Ýagyş ýagýar...
Suwa düşýär ýaýdawsyz,
Owadan görünýär Zemin Asmana.
Ýagyş — Ýerden arşa baryp-gaýdan suw,
Gaçýar ondan meň ruhymy basýanlar.
Elimi salgasym gelýär!

Ýagyş ýagýar...
Suwa düşünýär kalbym,
Sowugy, yssyny aňmaýan ýaly.
Şükür – sabyr – umyt...
şatlanýan Taňry,
Begenjinden ýaňa aglaýan ýaly...
Aňlaýan, aňlasym gelýär!

Aşyrmät Garly
25
30
yanabayeva
13 Dekabr 2023
Ýagşy gowy görýän hezil edip ezilmäni
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.