Greenleaf
01.12.2020 21:28
(Dowamy)
Barýar topar-topar gyzlar-gelinler.
(Şäherliler hem-de myhman gelenler).
Söýgüden aglanlar ýa-da gülenler –
Haýsyňyz köp?
Size ýüzlenşim besdir.

Dymyp geçip barýar gözellik sili,
Her gözel – bir bagtyň sütüni ýaly.
(Sütünler saklaýar Watany, ili!)
Şolarsyz
Ýetim dek müzzerşiň besdir.

Joşup Gözelligiň tolkunna görä,
Ýöräber ýaşlygyň akymna görä!
Çokul diýen zat hem akylňa görä
Ykjar eken.
Ozal aňmaýşym besdir.

Öň ýanymdan barýar bir harman çokul.
Ýeňseden kükäp dur gözdäki akyl.
Ýanyndaky goç hem – duran bir nakyl!
Toraňňymy ýatlap,
Ýuwdunşym besdir.

Zyýany ýok! Söýüp gyzlaň naýbaşyn,
Öwrenipdiň dünýäň dürsün, ýalňyşyn.
(Söýmedige düşnüksizdir durmuşyň,
Söýen üçin –
Birje dem alşyň besdir).

Dünýäde şol Aýal sag gezip ýörkän,
Ýüregim daşdandyr, dagdandyr arkam.
Şonuň aýak yzy toprakda barkan –
Ýeri agyrtmaga,
Dözmeýşim besdir.

Mydam gözellige dikip nazarym,
Gödekligi nyşanama alaryn.
Myssarmaň, agsamaň, kapyýalarym,
Dim-dik ýöräň,
Size söýenşim besdir.

Bolsa-da myssyklyk, agsaklyk sende,
Eý, goşgym, bolmasyn biparhlyk sende!
Asmanyň astynda, ýeriň üstünde
Diňe
Biparhlardan eýmenşim besdir.

Maňlaýy bulutdyr. Nazary demir.
Gülküsi azapdyr. Ýylgyrşy jebir.
Ne-hä roman okar, ne-de bir şygyr,
Gözleriň görende
Demigşiň besdir.

Bir maýyp ýykylyp, köçede ýatyr.
Biparhlyk seredip, içerde ýatyr.
Ýürekde rehim ýok, gözde howatyr.
Ýüzüne bakaňda
Düwünşiň besdir.

Ili ýagy çapsyn – däldir parhyna,
Bir ýurdy ýer hopsun
– däldir parhyna.
Gynanmak, guwanmak ýatdyr ruhuna,
Ony düwnük bilen deňeşim besdir.

Goşgym çaga däl sen, sakgallysyň sen,
Murtuň towlap, orta çykmalysyň sen,
Kimi öpüp, kimi çakmalysyň sen.
Diňe şonda şahyr ykballysyň sen,
Ýogsa
Gara şaýa degmeşiň besdir.

Ýamanyň bagrynda döredip azap,
Ýagşynyň ýüregin nur bilen bezäp,
Hol barýan çokullak gyzlara meňzäp,
Dikgirdäň!
Köwşüňiz nallaşym besdir.

Ökjelerden gidip çüý dek formalar,
Döräpdir sagyrlak platformalar.
Şeýdiň-de arkaýyn ýöräň, durnalar,
Ýagşy zada
Sizçe begenşim besdir.

Deň ýarysy aşyk, deň ýary dogan,
WUZ-dan çogup çykdy ýüz gyz, ýüz oglan.
Gülgün köýnekli gyz, azajyk eglen,
Söz aýtjak!
Arzuwma meňzeşiň besdir.

Sagrysynda owlak gezibermeli,
Gözlerinde balyk ýüzübermeli,
Ýaňagyna goşgy ýazybermeli
Sen gyzy
Gelinlik belleýşim besdir.
5
71
Greenleaf
30.11.2020 00:22
Dowamy
Şygryňy dokuz aý bagryňda sakla,
Şondan soň stoluň üstüne okla.
Gygyryp dogur-da, gygyrman oka,
Doglaňda
Gygyryp dogulşyň besdir.

Uludyryn öýtme etseler taryp!
Kiçidirin öýtme peseltse görip!
Ne uly, ne kiçi, ne baý, ne garyp,
Tüýs baryp ýatany –
Şu bolşuň besdir.

Ýalaňaç, aç-suwsuz galmasaň gatap,
Soranlara diýseň:
«Aý, bardyr bir tap...»
Bir stol, üç keçe; iki müň kitap –
Başga zat gerek däl,
Şo goşuň besdir.

Işläňde işleseň öz başyň bilen,
Gyşlaňda gyşlasaň öz gyşyň bilen,
Dişläni dişleseň öz dişiň bilen –
Gädijegem bolsa,
Öz dişiň besdir.

Diş hakda, ýaş hakda irräk-le heniz!
Seret, bagyň içi säher dek tämiz,
Han-ha iki gelin, ýene-de üç gyz
Saňa lak atýarlar.
Şu ýaşyň besdir.

Joralaň bäşisem misli gül-çeçek.
Ak gelin, seslendi misli ak ýüpek:
«Şahyr, büküljiräp ýöreme entek,
Sen garrama,
Dünýäň garraýşam besdir!»

Katdymy dikledim. Sowuldym ýoldan,
«Dinden çyk – diýlipdir – çykmagyn
ilden!»
Oturdym, gülüşdim... Perişde däl men,
Adamdan doglupdym.
Şo dogşum besdir.

Diýdiler: «Okap ber ýekeje goşgy!»
Okadym. Göterdi päkligiň yşgy.
Diňlenilýän wagty okanyň ýagşy,
Näziňi artdyryp,
Gomalşyň besdir.

Goý, ýaşlyk mährinden
güýç alsyn ýürek,
Ikisin okap ber
bir goşga derek.
Okadym. Ýol ogly ýolunda gerek:
«Hoş, gyzlar,
Biderek güýmeşim besdir!»

Öýmüze ugradym. Şäher lälezar.
Müň bagtly ýigit bar, nowça läle bar,
Olar ne geýme zar, ne-de bala zar,
Guwanyp,
Giň köçä sygmaşym besdir.

Ak şäher gök baga basyrnyp otyr,
Ilerde Köpetdag keserlip otyr.
(Aşgabat tegelek asyrlyk otyr,
Ýene müň asyra
Gol berşim besdir!)

Gündizler abadan, gijeler tämiz.
Kempirler owadan, gojalar eziz.
...Gök gapyň agzynda gulpaklyja gyz
«Waý!» diýip gygyrdy.
Ylgaşym besdir.

Bir görsem murtluja dodagyn gemrip,
Ogly
atasyna çenäp dur ýumruk.
Ýigidiň ýumrugyn yzyna gaňryp,
Görejine bakdym:
Doňmaşym besdir.

Göreji buz ýaly, gaşlary gara.
Boýy iki metr, saçy üç sere.
Maşynyn dyrmalap seretdi ýere.
Ene hüňürdedi:
«Dogmaşyň besdir!»

Ata bir ah çekdi. Aýylganç dymdy.
(Erkekde beýle zat görmändim şindi!)
Şu nokatdan eýläk geçmäýin indi,
Siz gyýylmaň,
Meniň, gyýylşym besdir.

Ýöne men bir zady goýmaýyn kaza,
Ýogsa ýüregimde galar bir yza.
Ata el gatana gözlense jeza,
Jezalaň
Ulusyn saýlaşym besdir.
Ýene ýola düşdim. Ýagtyldy köçe –
Göründi uzakdan aksakgal goja –
Miweli agaç dek eglip çalaja,
Gelýär ol,
Nurundan ganmaşym besdir.

Tanaýarmyň ýa-da tanaňokmy sen –
Bisalam geçmäge dälsiň hakly sen.
Saçyň çalarsa-da, düýnki tokly sen.
Gudraty
Ýüzüňe sylmaşyň besdir.

Ugradym.
Göründi ýene bir güneş –
Ak saç ene gelýär ak bagta meňzeş.
Ýuwaş! Ýuwaş! Akja «Žuguli», ýuwaş!
Ene geçsin! Ýolun baglaşyň besdir.

Akja torbasynda käşirmi, sogan,
Ene gelýär! Öňün kesmek gadagan!
Nirä sürnüp barýaň, taksiçi dogan?
Dogranyň kimdigin
Bilmeýşiň besdir.

Çyralaryn ýakdy ýüz ýaşly şäher.
Gyzlaryň deminden döränmiş säher.
Ýöne säher näçe bolsa-da ýeser,
Agşamy-da
Pesde goýmaşym besdir.

Hanha bir gyz gelýär
Sülgünmi, durna –
Gabaklary ýüpek, ýaňagy hurma.
Iň eziz, iň tanyş
ys urdy burna,
Baş Söýgimi ýatlap,
Köreşim besdir.

Gözleri-de tanyş, gaşy-da tanyş,
Giň alny-da tanyş, dişi-de tanyş.
On sekiz – on dokuz ýaşy-da tanyş,
Keşbin görüp,
Şagga derleşim besdir.

Ädiminde galp ýok, sözünde ýalan,
(Asylly enäniň sapagyn alan!)
Megerem, bir ýerden okuwa gelen –
Galam-depderinden
Çenleşim besdir.

Bir golundan tutup ýandaky joraň,
Ýag dek akdy gitdi. Açyldy aram.
Soraň, eý, agaçlar, şo gyzdan soraň!
Keşbi tanyş!
Tanap bilmeşim besdir.

Agaçlaň birinden çykdy bir owaz:
«Şahyr, başky Söýgiň balasy şol gyz!»
Şo bada ýüregme girip bir nyýaz,
Esli wagt
Özüme gelmeşim besdir.

Bitipdir, ösüpdir enä mynasyp.
Gözler düýpsüz derýa, nury bihesip.
Söýjek ýigit, sen bir galma binesip,
Sen jowranma,
Meniň jowranşym besdir
Kerim Gurbannepesow
(Dowamy bar)
5
73
Greenleaf
Greenleaf
29.11.2020 20:36
Dowamy Nirelerde ýörsüň ilkinji söýgi? Bir ýerlerde barmyň gyzlaryň tugy? Gumdan owaz geldi «Eý, yşkyň ogly, Men bar. Ýöne maňa... guwanşyň besdir!» Nirelerde ýörsüň, ikinji söýgi? Bir ýerlerde
Greenleaf
Greenleaf
28.11.2020 23:38
«Pylanynyň ýerinde bolan bolsam, köp zatlary düzederdim...» «Ýok, her haýsymyzyň öz ornumyzda näme iş edip biljekdigimiz hakynda oýlanmalydyrys.Men näme üçin doguldym? Adamyň bütin ömri şu soragyň
Greenleaf
Greenleaf
27.11.2020 23:17
Hirosimanyň Parahatçylyk seýilgähinde adaty bolmadyk ýadygärlik bar. Atom bombasyny ýatladýan bu binanyň depesinde duran gyzjagaz Sadako Sasaki durna çagajygyny ýokary göterip dur. Sasakä atom bomba
Greenleaf
Greenleaf
22.11.2020 23:43
Kartada ýurtda gonamçylyk ýerleriň juda köpelmegi netijsinde onuň öňüni almak üçin ölmekligiň kanun taýdan gadagan edilen ýerleri görkezilýär. Gyzyl reňkde häzirki wagtda ölmeklik gadan ýerler. Gök
Greenleaf
Greenleaf
21.11.2020 23:26
Dogry zatmy?
Greenleaf
10.11.2020 10:23
Aman, aman dynmak üçin derdimden,
Elli ýaşda ýetmuş derman gördüm men.
Guş gerek diýseler- sapanlap aldym,
Gurt gerek diýseler- gapanlap aldym,
Mumiýa diýdiler- tüpeňläp aldym.
Birisinden gördüm- azajyk haraý,
Birisinden gördüm-
Müň hili zyýan.
Ahyry bir güýçden ýeňildi derdim:
Adam üçin adam-
Iň uly derman.
***
Il içinde artdygyça şöhratyň,
Elleriňi gysmak islär köp eller.
Dostlaryňy juda köpelder şöhrat,
Emma görüplerem şonça köpelder.
***
Ägirt ymaratdyr dostlul diýen zat.
Ony guraňda-da howlukmaly däl,
Ony bozaňda-da howlukmaly däl:
Ony guran wagtyň howlugyp gursaň-
Kän kerpiçleň hata düşmegi ahmal.
Ony bozan wagtyň howlugyp bozsaň-
Çyn dostuňdan jyda düşmegiň ahmal.
***
Her hili çykgynsyz ýagdaýda galaý-
Umytdan düşmeklik namartçylykdyr.
Her bir kynçylygyň dört tarapy bar:
Üçi ýapyk bolsa, biri açykdyr.
***
Käbir adam bilen oýun edeňde,
Ýüzi agarýança oýun etmek bor.
Käbir adam bilen iýun edeňde,
Ýüzi gögerýänçä oýun etmek bor.
Emma dostuň bilen oýun edeňde,
Çala gyzarýança oýun etmek bor,
Şondan aňry gitmek- öte gutmek bor.
***
Tüssesiz ot gözläp bir täzin adam,
Ahyry dünýäden otsuz geçenmiş.
Bir köstsüz dost gözläp bur täsin adam,
Ahyry dünýäden dostsuz geçenmiş
Tüssesiz ot gözläp, otsuz galmagyn,
Tüsselide bolsa, otluja bolgun.
Bir köstsüz dost gözläp, dostsuz galmagyn,
Köstlüje bolsa dostluja bolgun.
***
Senä maňa gpzüň gidip seretýäň,
Menem saňa gözüm gidip seretýän.
Senä uly bolmak arzuwyn edýäň,
Menem kiçi bolmak arzuwyn edýän.
Kiçiler ullakan bolmak isleýär,
Ulular nowjuwan bolmak isleýär.
Hiç haýsy öz ýaşyna kaýyl däl-
Özgäniň ýalyny alamak isleýär.
***
Kerim Gurbannepesow
5
91
Greenleaf
Greenleaf
09.11.2020 19:15
Iň agyr zat hem, iň ýeňil zat hem kelledir. *** Doýulmaýan bir zat bar- DIDAR *** Käte birine "Ýuwaşrak!"- diýseň, "Geplesem öz agzym bilen gepleýän, geplejek "- diýýär. Hamala öz
Greenleaf
08.11.2020 13:53
Gyzlara gowy görünjek bolup, şahsy sahypamda täze düşen suratymy goýdym. Her kim gowy teswir ýazypdyr, içinde biri bulaýar diýäýmeseň. Ine ol:
- O-o- o, dostum, owadan düşüpsüňä. Ol aňryňdaky Röwşen- maý? Onuň alan 100 mandyny bermek niýeti ýokmuka? Ýatlatsana şoňa, "Item gitdi, ýüpem gitdi" bolmasyn. Otagam arassaja welin, Atamyratlaň otagy öýdýän. Suratam duruja düşürlüpdir, telefon Orazyňky bolmaly. Mekanyň köýnegem gowy gelşipdir. Düýn telefonumda pulum ýok diýeňde, 50 teňňe okladym. Yzyna oklamagy ýatdan çykarma. Sag bol, gowy düşüpsiň...
???
Bir gyz kursdaşymyzyň gözünde äýnek duranok. Süýşüp süýşip gaýdyberýär aşaklygyna. Asyl ony her gözüni gyrpanda kirpigi süýşürýän eken.
???
Biziň bir kursdaşymyz bar. Ol şeýle bir hor welin, näçe iýsede semräýenok. Biz onuň soguljany bardyr diýip pikir edýärdik. Görüp otursak onuň Oguljany bar eken...
???
Üýşip, mawy ekranda futbola tomaşa edýäris. Hiç kim ünsüni ýekeje sekundam ekrandan sowanok. Oýnuň iň gyzgalaňly ýerinde emin " offsaýt" bolandygyny malim etdi. Bir ýoldaşymyz çyny bilen, her kimiň ýüzine seredip:
- Offsaýt kim?! Haýsy oýunçy ol- diýdi welin turandyr bir wakyrdy...
???
Meniň " byzmyk" lakamly otagdaşym bardy. Adatça, çişik adamlar şahandaz, suhangöý bolýarlar.
Bir gün men dükana gitmeli boldum. Otagdan çykyp barýarkam, otagdaşyma "sag otur" diýenim ýadymda. Ýarym sagat töweregi wagt geçensoň, telefonuma sms geldi: "Arkan ýatsam bolanokmaý, sag tarapym gurşyp gitdi"
...
???
Auditoriýada ýyrtylyp, böleklere bölünen hat tapyldy. Juda bilesigelji oglanlar ony birleşdiripdirler. Netijede ol hijran oduna ýanýan aşygyň magşugyna ýazan haty bolup çykdy:
"... Bagt dileýän, indi başga çäräm ýok,
Nirede gezseňem parla Tug ýaly.
Aramyza çöp atdylar kän gezek,
Ýok bu gezek çöp däl, "armatur " ýaly.
???
13
342