Greenleaf
30.11.2020 00:22
Dowamy
Şygryňy dokuz aý bagryňda sakla,
Şondan soň stoluň üstüne okla.
Gygyryp dogur-da, gygyrman oka,
Doglaňda
Gygyryp dogulşyň besdir.

Uludyryn öýtme etseler taryp!
Kiçidirin öýtme peseltse görip!
Ne uly, ne kiçi, ne baý, ne garyp,
Tüýs baryp ýatany –
Şu bolşuň besdir.

Ýalaňaç, aç-suwsuz galmasaň gatap,
Soranlara diýseň:
«Aý, bardyr bir tap...»
Bir stol, üç keçe; iki müň kitap –
Başga zat gerek däl,
Şo goşuň besdir.

Işläňde işleseň öz başyň bilen,
Gyşlaňda gyşlasaň öz gyşyň bilen,
Dişläni dişleseň öz dişiň bilen –
Gädijegem bolsa,
Öz dişiň besdir.

Diş hakda, ýaş hakda irräk-le heniz!
Seret, bagyň içi säher dek tämiz,
Han-ha iki gelin, ýene-de üç gyz
Saňa lak atýarlar.
Şu ýaşyň besdir.

Joralaň bäşisem misli gül-çeçek.
Ak gelin, seslendi misli ak ýüpek:
«Şahyr, büküljiräp ýöreme entek,
Sen garrama,
Dünýäň garraýşam besdir!»

Katdymy dikledim. Sowuldym ýoldan,
«Dinden çyk – diýlipdir – çykmagyn
ilden!»
Oturdym, gülüşdim... Perişde däl men,
Adamdan doglupdym.
Şo dogşum besdir.

Diýdiler: «Okap ber ýekeje goşgy!»
Okadym. Göterdi päkligiň yşgy.
Diňlenilýän wagty okanyň ýagşy,
Näziňi artdyryp,
Gomalşyň besdir.

Goý, ýaşlyk mährinden
güýç alsyn ýürek,
Ikisin okap ber
bir goşga derek.
Okadym. Ýol ogly ýolunda gerek:
«Hoş, gyzlar,
Biderek güýmeşim besdir!»

Öýmüze ugradym. Şäher lälezar.
Müň bagtly ýigit bar, nowça läle bar,
Olar ne geýme zar, ne-de bala zar,
Guwanyp,
Giň köçä sygmaşym besdir.

Ak şäher gök baga basyrnyp otyr,
Ilerde Köpetdag keserlip otyr.
(Aşgabat tegelek asyrlyk otyr,
Ýene müň asyra
Gol berşim besdir!)

Gündizler abadan, gijeler tämiz.
Kempirler owadan, gojalar eziz.
...Gök gapyň agzynda gulpaklyja gyz
«Waý!» diýip gygyrdy.
Ylgaşym besdir.

Bir görsem murtluja dodagyn gemrip,
Ogly
atasyna çenäp dur ýumruk.
Ýigidiň ýumrugyn yzyna gaňryp,
Görejine bakdym:
Doňmaşym besdir.

Göreji buz ýaly, gaşlary gara.
Boýy iki metr, saçy üç sere.
Maşynyn dyrmalap seretdi ýere.
Ene hüňürdedi:
«Dogmaşyň besdir!»

Ata bir ah çekdi. Aýylganç dymdy.
(Erkekde beýle zat görmändim şindi!)
Şu nokatdan eýläk geçmäýin indi,
Siz gyýylmaň,
Meniň, gyýylşym besdir.

Ýöne men bir zady goýmaýyn kaza,
Ýogsa ýüregimde galar bir yza.
Ata el gatana gözlense jeza,
Jezalaň
Ulusyn saýlaşym besdir.
Ýene ýola düşdim. Ýagtyldy köçe –
Göründi uzakdan aksakgal goja –
Miweli agaç dek eglip çalaja,
Gelýär ol,
Nurundan ganmaşym besdir.

Tanaýarmyň ýa-da tanaňokmy sen –
Bisalam geçmäge dälsiň hakly sen.
Saçyň çalarsa-da, düýnki tokly sen.
Gudraty
Ýüzüňe sylmaşyň besdir.

Ugradym.
Göründi ýene bir güneş –
Ak saç ene gelýär ak bagta meňzeş.
Ýuwaş! Ýuwaş! Akja «Žuguli», ýuwaş!
Ene geçsin! Ýolun baglaşyň besdir.

Akja torbasynda käşirmi, sogan,
Ene gelýär! Öňün kesmek gadagan!
Nirä sürnüp barýaň, taksiçi dogan?
Dogranyň kimdigin
Bilmeýşiň besdir.

Çyralaryn ýakdy ýüz ýaşly şäher.
Gyzlaryň deminden döränmiş säher.
Ýöne säher näçe bolsa-da ýeser,
Agşamy-da
Pesde goýmaşym besdir.

Hanha bir gyz gelýär
Sülgünmi, durna –
Gabaklary ýüpek, ýaňagy hurma.
Iň eziz, iň tanyş
ys urdy burna,
Baş Söýgimi ýatlap,
Köreşim besdir.

Gözleri-de tanyş, gaşy-da tanyş,
Giň alny-da tanyş, dişi-de tanyş.
On sekiz – on dokuz ýaşy-da tanyş,
Keşbin görüp,
Şagga derleşim besdir.

Ädiminde galp ýok, sözünde ýalan,
(Asylly enäniň sapagyn alan!)
Megerem, bir ýerden okuwa gelen –
Galam-depderinden
Çenleşim besdir.

Bir golundan tutup ýandaky joraň,
Ýag dek akdy gitdi. Açyldy aram.
Soraň, eý, agaçlar, şo gyzdan soraň!
Keşbi tanyş!
Tanap bilmeşim besdir.

Agaçlaň birinden çykdy bir owaz:
«Şahyr, başky Söýgiň balasy şol gyz!»
Şo bada ýüregme girip bir nyýaz,
Esli wagt
Özüme gelmeşim besdir.

Bitipdir, ösüpdir enä mynasyp.
Gözler düýpsüz derýa, nury bihesip.
Söýjek ýigit, sen bir galma binesip,
Sen jowranma,
Meniň jowranşym besdir
Kerim Gurbannepesow
(Dowamy bar)
5
73
barlagcy
30 Noýabr 2020
Berekella
guli_
30 Noýabr 2020
?????mumkin bolp biler
Greenleaf
30 Noýabr 2020
Uzak bolandanmyka surat goýup bilmedimdä hiç.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.