Gyzlara gowy görünjek bolup, şahsy sahypamda täze düşen suratymy goýdym. Her kim gowy teswir ýazypdyr, içinde biri bulaýar diýäýmeseň. Ine ol:
- O-o- o, dostum, owadan düşüpsüňä. Ol aňryňdaky Röwşen- maý? Onuň alan 100 mandyny bermek niýeti ýokmuka? Ýatlatsana şoňa, "Item gitdi, ýüpem gitdi" bolmasyn. Otagam arassaja welin, Atamyratlaň otagy öýdýän. Suratam duruja düşürlüpdir, telefon Orazyňky bolmaly. Mekanyň köýnegem gowy gelşipdir. Düýn telefonumda pulum ýok diýeňde, 50 teňňe okladym. Yzyna oklamagy ýatdan çykarma. Sag bol, gowy düşüpsiň...
???
Bir gyz kursdaşymyzyň gözünde äýnek duranok. Süýşüp süýşip gaýdyberýär aşaklygyna. Asyl ony her gözüni gyrpanda kirpigi süýşürýän eken.
???
Biziň bir kursdaşymyz bar. Ol şeýle bir hor welin, näçe iýsede semräýenok. Biz onuň soguljany bardyr diýip pikir edýärdik. Görüp otursak onuň Oguljany bar eken...
???
Üýşip, mawy ekranda futbola tomaşa edýäris. Hiç kim ünsüni ýekeje sekundam ekrandan sowanok. Oýnuň iň gyzgalaňly ýerinde emin " offsaýt" bolandygyny malim etdi. Bir ýoldaşymyz çyny bilen, her kimiň ýüzine seredip:
- Offsaýt kim?! Haýsy oýunçy ol- diýdi welin turandyr bir wakyrdy...
???
Meniň " byzmyk" lakamly otagdaşym bardy. Adatça, çişik adamlar şahandaz, suhangöý bolýarlar.
Bir gün men dükana gitmeli boldum. Otagdan çykyp barýarkam, otagdaşyma "sag otur" diýenim ýadymda. Ýarym sagat töweregi wagt geçensoň, telefonuma sms geldi: "Arkan ýatsam bolanokmaý, sag tarapym gurşyp gitdi"
...
???
Auditoriýada ýyrtylyp, böleklere bölünen hat tapyldy. Juda bilesigelji oglanlar ony birleşdiripdirler. Netijede ol hijran oduna ýanýan aşygyň magşugyna ýazan haty bolup çykdy:
"... Bagt dileýän, indi başga çäräm ýok,
Nirede gezseňem parla Tug ýaly.
Aramyza çöp atdylar kän gezek,
Ýok bu gezek çöp däl, "armatur " ýaly.
???