«Pylanynyň ýerinde bolan bolsam, köp zatlary
düzederdim...» «Ýok, her haýsymyzyň öz ornumyzda näme iş edip biljekdigimiz hakynda
oýlanmalydyrys.Men näme üçin doguldym? Adamyň bütin ömri şu soragyň jogabydyr.
(Okyja hatdan)
Bir başyň bar, müň işiň bar dünýäde,
Müň şükür! Ýykylyp galmaýşyň besdir.
Baryna ýetmeli paýy-pyýada,
Tigirçek hökman däl –
Şu köwşüň besdir.
Bir köwşüň tozdumy – ýene bir köwüş,
Ikinji tozdumy – üçünjä çalyş,
Her bagy çözlende ýer bilen emiş,
Toprak ajykdyrmaz –
Şol aşyň besdir.
Ertir bolmaz ýaly dilleriň peltek,
Täze menzillere ýetmeli entek.
Duşsa-da ýoluňda müň dürli kötek,
Diýme: «Dynç gulagym,
Aç başym besdir!»
Haýwana mahsusdyr aç baş, dynç gulak,
Ynsana mahsus zat – döretmek, gurmak,
Döredilýän ýerde dynç almaz gursak,
Öň ene bagrynda
Dynç alşyň besdir.
Ýöremeli ýoluň gysgamy, uzak –
Durmak jenaýatdyr ýatýança ýürek.
Diýýärler: «Ýüregi aýamak gerek!»
Dogrudyr.
Ýöne öz aýaşyň besdir.
Ýürege girmezmiş ýüregin aýan,
Ýürek aýan – bermez iline peýan.
(Gapdalyňda barka bir tebip aýal –
Ýürek işlär.
Ýalňyz syrdaşyň besdir).
Näçe dartylsa-da kebzäňde damar,
Gözüň ejizligi bermesin habar,
Sagmyň ýa näsagmyň – işiňi oňar,
Başda adam bolup
Döreýşiň besdir.
Öz seçen kärini oňarsa her kim,
Ýarpy ýeňledermiş dünýäniň ýükün.
Ýekeje hünäre ýöretseň höküm –
Iliňe bergidar bolmaýşyň besdir.
Sowal berdi student gyz Roza:
«Puşkin ýaly haçan ýazjak proza?»
Jogap berdim: «Ili goýman azara,
Goşgymy oňarsam,
Şol işim besdir!»
Ýene biri diýdi: «Misli, Pyragy,
Sözleň merjeninden döret bir dagy!»
Men diýdim: «O z
atlar möçberňe bagly,
Dag däl,
Meniň üçin bir daşam besdir!»
Nanyňy
goşgudan berse-de ykbal,
Goşgudan öň
adam bolmagyň hökman
Şygyr bilen uly ynsap birikmän –
Şahyr-da, ynsan-da
bolmaýşyň besdir.
Ak bilen garadyr garagyň reňki,
Şolaň haýsy seniň ýüregiň reňki?
Birisini saýlap, diýme, «Şu meňki!»
Iller aýdar –
Birje ýylgyrşyň besdir.
Ömrüňde etdiňmi kişä bahyllyk?
(Ili bahyllykdan gorar şahyrlyk!)
Dünýäde bir müýnüň – aşyk Tahyrlyk.
Täk däl,
Goşa söýgä ýugrulşyň besdir.
Kerim Gurbannepesow
(Dowamy bar)