Greenleaf
09.11.2020 19:15
Iň agyr zat hem, iň ýeňil zat hem kelledir.
***
Doýulmaýan bir zat bar- DIDAR
***
Käte birine "Ýuwaşrak!"- diýseň, "Geplesem öz agzym bilen gepleýän, geplejek "- diýýär. Hamala öz agzy bn geplese, diňe öz gulagy eşitýän ýaly.
***
Gyzlar, güller, gijeler bolmadyk bolsa, şahyrlaram bolmazdy.
***
Meniň oňat görýän we ýigrenýän adamlarym... Muny olaryň özlerniňde duýýandygy maňa lezzet berýär.
***
Adamy kemsitmek bilen, köplenç onuň arzuwlarny ýok edýärler.
***
Bir dişlem süňk üstünde goý diňe itler urşsunlar!
***
Biz seýrekläp barýan adamlaryň "Gyzyl kitabyny" haçan dörederkäk?
***
Diňlemek- bu hem sungatdyr.
***
Ýoldan çykmak üçinem, ilki ýola girmek gerek.
***
Adama adamdan uly duşman ýok.
***
Säher- yz ýanyndan Günüň dogýany üçin giwy bolsa gerek.
***
Ene süýdi,
Ene gujagy,
Ene mähri- bu zatlary çalşyryp biljek zat öňem bolmandyr, indem bolmaz.
***
12
196
Myhman Myhman
11 Noýabr 2020
Gaty manyly sözler
barlagcy
10 Noýabr 2020
???
Greenleaf
9 Noýabr 2020
Sag boluň ählijäňize
November05
9 Noýabr 2020
??????
Doctor
9 Noýabr 2020
? ? ? ? ? ?
Эльф
9 Noýabr 2020
? manyly eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.