Dowamy
Nirelerde ýörsüň ilkinji söýgi?
Bir ýerlerde barmyň gyzlaryň tugy?
Gumdan owaz geldi «Eý, yşkyň ogly,
Men bar.
Ýöne maňa... guwanşyň besdir!»
Nirelerde ýörsüň, ikinji söýgi?
Bir ýerlerde barmyň bagtymyň bagy?
Öýmüzden ses çykdy: «Eý adam ogly,
«Söýýän! Söýýän!» diýip,
Ýaňraşyň besdir!»
Birisi Säheriň, biri Guşlugyň,
Biri Oglanlygyň, biri Ýaşlygyň.
Birinjisi – diňe salamlaşdygyň,
Ikinjä
Ömürlik baglanşyň besdir.
Şeýdip pähim ýygnap söýgüden söýgä,
Ýetdiň on üç sany gülälek çaga.
Şolardan bäşisin gömüp ak çägä,
Bäş gezek
Gizlenip aglaýşyň besdir.
Gülüber, işläber, saýraber, şahyr.
Hyjuwyň hiç haçan bolmasyn ahyr!
Bäşinji müçede diýdirip jahyl,
Dünýäniň mährinden
Doýmaşyň besdir.
Kalp däldir mähirsiz, söýgüsiz kalp
(Beýle kalp ýa boşdur,
ýogsa-da galp!)
Bir uly ýygnakda ör boýna galyp,
diýdi biri:
«Şahyr, saýraşyň besdir!»
Söýgüsiz oňmandyr, oňmazam ýürek.
Ýöne gapdalynda ýigrenjem gerek.
Ogra-jümrä, egrä gelende gezek,–
Diýdi ol ýöwselläp,
Ýygrylşyň besdir!»
«Örän dogry! – diýdi yzdan bir gelin
Näm üçin henizem ýatanok galyň?
Agam on ýyl ozal karz alan pulun
Henizem üzüp ýör...
Duýmaşyň besdir!»
Arman, ne sülçi sen, ne-de prokuror.
Ýöne igenmäge gelniň haky bar.
Seniň söz diýilýän ötgür okuň bar,
Atjak-atjak bolup,
Giç galşyň besdir.
Şygyr atylmaly! Ýeňmeli şygyr!
Şoňa arkalanýar her köýen bagyr.
Döwrüň arkasyna düşen her ýagyr
Şondan em almaly!
Ýalňyşyň besdir.
Söýga çürşen bolsa oýkeniň ýary,
Indi il derdinden çürşmeli bary.
Ykbalyňdan nalap çekmegin zary,
Şeýleräk täleý
Saýlaýşyň besdir.
Kerim Gurbannepesow
(Dowamy bar)