Greenleaf
10.11.2020 10:23
Aman, aman dynmak üçin derdimden,
Elli ýaşda ýetmuş derman gördüm men.
Guş gerek diýseler- sapanlap aldym,
Gurt gerek diýseler- gapanlap aldym,
Mumiýa diýdiler- tüpeňläp aldym.
Birisinden gördüm- azajyk haraý,
Birisinden gördüm-
Müň hili zyýan.
Ahyry bir güýçden ýeňildi derdim:
Adam üçin adam-
Iň uly derman.
***
Il içinde artdygyça şöhratyň,
Elleriňi gysmak islär köp eller.
Dostlaryňy juda köpelder şöhrat,
Emma görüplerem şonça köpelder.
***
Ägirt ymaratdyr dostlul diýen zat.
Ony guraňda-da howlukmaly däl,
Ony bozaňda-da howlukmaly däl:
Ony guran wagtyň howlugyp gursaň-
Kän kerpiçleň hata düşmegi ahmal.
Ony bozan wagtyň howlugyp bozsaň-
Çyn dostuňdan jyda düşmegiň ahmal.
***
Her hili çykgynsyz ýagdaýda galaý-
Umytdan düşmeklik namartçylykdyr.
Her bir kynçylygyň dört tarapy bar:
Üçi ýapyk bolsa, biri açykdyr.
***
Käbir adam bilen oýun edeňde,
Ýüzi agarýança oýun etmek bor.
Käbir adam bilen iýun edeňde,
Ýüzi gögerýänçä oýun etmek bor.
Emma dostuň bilen oýun edeňde,
Çala gyzarýança oýun etmek bor,
Şondan aňry gitmek- öte gutmek bor.
***
Tüssesiz ot gözläp bir täzin adam,
Ahyry dünýäden otsuz geçenmiş.
Bir köstsüz dost gözläp bur täsin adam,
Ahyry dünýäden dostsuz geçenmiş
Tüssesiz ot gözläp, otsuz galmagyn,
Tüsselide bolsa, otluja bolgun.
Bir köstsüz dost gözläp, dostsuz galmagyn,
Köstlüje bolsa dostluja bolgun.
***
Senä maňa gpzüň gidip seretýäň,
Menem saňa gözüm gidip seretýän.
Senä uly bolmak arzuwyn edýäň,
Menem kiçi bolmak arzuwyn edýän.
Kiçiler ullakan bolmak isleýär,
Ulular nowjuwan bolmak isleýär.
Hiç haýsy öz ýaşyna kaýyl däl-
Özgäniň ýalyny alamak isleýär.
***
Kerim Gurbannepesow
5
91
sahet_ashyrov
10 Noýabr 2020
?????
November05
10 Noýabr 2020
???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.