Dowran Carygulyyew...
12.03.2020 20:23
Garaşyp ömrümiñ ýary geçipdir
Gül açan bahary ýazy geçipdir
Söýgi söýgi bolsa menem men bolsam
Söýme kemini-hä goýan däldirin
Söýgem goýan däldir gelme kemini
Söýip alandyryn alan demimi
Söýip çalandyryn çalan heñimi
Söýgim ýūregimde mekan tutandyr
Utuşym bar bolsa şu günlere çen
Diñe çyn ýürekden söýip utandyr
Dünýä gelip meniñ ýalñyz hemdemim
Ýagşymy ýaýanym gizlanim kemim
Ýigit çykyp bir gözelden utandy
Üýşendi ýaýdandy bary gutardy
Meñ:utuldy diýdigim däl bu ýöne
Söýen bolsa utardy....

Awtoryny bilemok
11
1 179
Dowran Carygulyyew...
12.03.2020 08:14
Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy,
Päkligiňde bolup bilseň şonça bol.
Sen sanama gara saçyň agyny,
Sen sag-aman öreniňe monça bol.

Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,
Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol.
Şat günleriň köp bolmanna gynanma,
Şat günleriň bolanyna monça bol.

Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň,
Goý, öçmesin sen ölçerme oduny.
Aýaklaryň ätjek ädimin äder,
Göreçleriň görer görjek zadyny.

Säher turup, syl ýüzüňe dünýäni,
Giňligiňde bolup bilseň şonça bol.
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne monça bol.

Erbet bor bu baglar geçse deňiňden,
Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa.
Bagy ikiýana bulanda tupan,
Zerur çygy gül ýüzüňe degmese.

Gykuwlaşyp geçip gitse deňiňden,
Durnalaryň ýyllar kimin hatary.
Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyň,
Çözülen hem çözülmeli mataly.

Şoň üçinem syl ýüzüňe dünýäni,
Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et,
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne şükür et.
Gurbannazar Ezizow
7
1 295
Dowran Carygulyyew...
Dowran Carygulyyew...
11.03.2020 13:52
Görmeksiz gyz Ine, barýaň umydyňa büdüräp, Egniň horlugyna utanyp çala. Uzakda orkestr joşup-titiräp, Tans edýär owadan gyzlary bile. Hor ellerňi çykaraňok ýeňiňden, Olar birden ýere ýetäýjek ýaly.
Dowran Carygulyyew...
11.03.2020 11:05
Maña seniñ gözleriñden gitme ýok


Maňa —
seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa —
seniň sözleriňden gitme ýok.
Düşün, bu dünýede soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men.
Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok.
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok.

Bu garagol jahyllykdan giderin,
Ol hasaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitmän bilemok,
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok.

Men zemin.
Sen bolsa ullakan asman.
Saçyňy nur edip üstüme dökýäň.
Emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar:
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne.

Men bir gyzda gözleriňi görerin,
Men bir gyzda sözleriňi görerin.
Şapakda görerin — ýaňagyň alyn,
Gijede görerin — ýaňagyň halyn.
Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin,
Onda seniň gözýaşyňy görerin.

Zemin aýlanyp dur,
Oňatlyk örän!
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok.
Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok.

Gurbannazar Ezizow
11
1 268
Dowran Carygulyyew...
10.03.2020 19:31

Rubagylar
Şol beripdi Baş söýginiň mähnetin...
Nirelere alyp gitdi kysmatyň!
Aglaýan bolsaň-da gülýän bolsaň-da,
Bir ýerlerden ses gelerdi ahbetin!

2

Megerem bagtlysyň. Oňýansyň mensiz.
Men weli ölýänçäm dem alman sensiz.
Kyrk müň setir goşgy döreden bolsam –
Her harpyň içinde
Sensiň, Sensiň, Sensiň...

3

Ömrüň menzillerden menzile ýetsin.
Men senden öňürti süýneýin sessiz.
Gara habar güni
gara gözüňden
Bir gara ýaş damsa, şol maňa besdir.

4

Rubagym söýgüden başlandy şeýdip.
Indi munuň-yzy giderkä nädip?
Dünýäde söýgi kän,
haýyr kän, şer kän,
Haram kän, halal kän...
Gidiber gädip.

5

Ýaňyrak bir ýerde gördüm bir toýy.
Arzuwlar aýdyldy goýudan-goýy.
Söz berildi çynar boýly ýigide –
Gepinden utanyp aglap dur boýy.

6

Daşyndan seretseň – durşuna edep.
Sözi-de, ýüzi-de giden bir mekdep.
Bir minut içine girip bolsady –
Tapmazdyň dünýäde şondan biedep.

7

Ynha rubagylam düşdüler ýola.
Biri saga çekýar, birisi sola.
Aýby ýok! Hemmesi adam hakdadyr.
Ahyry ählisi üýşer bir dula.

8
Aý geçýär, ýyl geçýär, Üýtgeýär moda!
Oň maşyn modady. Indi – pyýada!
Köçä çykdym. Maşynlylar aňk boldy:
– Hanha pyýada bar! Hanha pyýada!

9

Bir dostum täzelik buşlady şu gün,
Begenip, gözlerin ýaşlady şu gün.
Diýdi: «Altmyş ýaşa ýeten ýolbaşçym
Çeper kitap okap başlady şu gün!»

10

Jaý aýdylan sözüň minneti bolmaz.
Gijä galan sözüň gymmaty bolmaz.
Rubagym şu güne hyzmat etmese.
Ertirki güne-de hyzmaty bolmaz.

11

– Goňşy, bu ses näme! Bu kimiň sesi?
– Şu jaýa täzeräk geleniň sesi.
– Kim ol täze gelen? Goňşym ýylgyrdy:
– Aý, nemeläý... täze geliniň sesi.

Kerim Gurbannepesow
13
1 939
Dowran Carygulyyew...
10.03.2020 08:30
Ykbala

Arzuwym o diýen ullakan zat däl:
Altyn däl, maşyn däl, ýa uçar däl,
Owadan jäjek däl, ýasama at däl,
Ilkinji dilegim — kemlikden sakla.

Hemmejämiz adam — özümiz deň däl,
Kimiň düýbi çuňňur, kimiňki çuň däl,
Danadan öwrenmek beýlekä geň däl
Şeýle bolsun: gyradeňlikden sakla.

Çagalygyň hözirinden aýyrma,
Ata ýurduň huzuryndan aýyrma.
Ömrümboýy emma emläp doýurma,
Wagt geleninde emzikden sakla.

Ene-de, ata-da bir gün gitmeli,
Soň özümiz olaň ornun tutmaly.
Gözýaşdanam halas etseň et, weli,
Ýalbarýan, ýüregi doňlukdan sakla.

Işim rowaçlanyp ugrugan ýerde,
Ýolukdyrma hernä bolgusyz derde.
Asly ýeke, özi çäkli ömürde
Başganyň üstünden gülmekden sakla.

Öz ýolumda ýoldaşyma ynanman,
Ýaşamaly etmäweri, eý aman!
Owal-başda öz sazyňa guwanman,
Özgäniň sazyny çalmakdan sakla.

Bu owadan dünýä — guwanjym meniň,
Ygtybar dostlarym — daýanjym meniň.
Mukaddes baýdagym — ynanjym meniň,
Del baýdaga tagzym kylmakdan sakla.

Yzyňa göz aýla: nähili bolup
Geçdiň agyr döwrüň jahyly bolup.
Indem uly iliň şahyry bolup
Biarzy, bigadyr bolmakdan sakla.

Bir adam deregine alsalar sana,
Bolubilýär, eýsem, armanym näme?
Özgä öwüt berip danadan dana,
Soňundanam tarap çalmakdan sakla.

Başym bir, ýüzümem bolmasyn iki.
Özümi daraýyn hemmeden ilki.
Märekä baş etseň, etmäweri gülki,
Aşa ýüki arka almakdan sakla.

Garaşly etmeseň özümçe ýoga,
Taýýardyryn her dem sag bol diýmäge.
Ygtyýar ber, gazanjymy iýmäge.
Azan duş etme, emgekden sakla.

Är dek çekip näme gelse başyňa;
Güýzüňden golaýlap barýaň gyşyňa...
Ýüküň bolsa ur ýene-de gerşime,
Oňa derek nähak ýumrukdan sakla..

Berdinazar Hudaýnazarow
8
450
Dowran Carygulyyew...
09.03.2020 18:52
Duşmak bagtymyzda ýok eken biziñ,
Başga bir näzenin ýar boldy maña.
Belki, sen henizem ýeke ýalñyzsyñ,
Goşa gõrinmäne utanýan saña.

Ýyllar ýüzde goýdy ýakymsyz yzyn
Gõzlerim üýtgemän galypdyr diñe
Belki sen henizem owadan gyzsyñ
Goja gõrinmäne utanýan saña.

Italmaz Akmyradow
10
1 713
Dowran Carygulyyew...
09.03.2020 12:32
On sekiz ýaşym.

Ýüregiñ bõküp dur dünýä sygañok,
Sähel zada gülen on sekiz ýaşym
Uly dünýä bir garaýša degenok
Wah õzgesi ýalan on sekiz ýaşym.

Duýmandyryn neneñ niçik geçeniñ
Toýlarda tans oýnap serden geçenim
Şool gõzeliñ gõzlerine gaçanym
Girdaba gark bolan on sekiz ýaşym.

Çolaşasyñ geldi dilber näzine
Sataşasyñ geldi sõýen gyzyña
Biýygtyýar düšdüñ gitdiñ yzyna
Ýatlamadan gelen on sekiz ýaşym.


Gõz astyndan ogryn-ogryn bakmalar,
Wada berýär wagty bilen çykmaýar
Agşam aý yşgyna şõwür çekmeler
Bar wagtymy alan on sekiz ýaşym.

Ähli ahmyr armanlarmy alardym
Indi näme etjegimi bilerdim
Dilänime bitse ýatyp dilärdim
Ýeke gezek dolan on sekiz ýaşym.

Diý diýe şahyr gury hyýal haýyşym
Ýyllar gulagyma çakdy çawuşyn
Indiki ýaşlardan ýalñyz haýyşym
Gadyryny biliñ on sekiz ýaşyñ.


Toýly Õwez

5
1 793
Dowran Carygulyyew...
08.03.2020 20:27
Duralgada

Ekiz taýy ýaly jorasy bilen,
Jümjüme gülleriň arasy bilen
Jümjüme ýaglykly bir gözel gelýär
Jümjüme köýnekli jorasy bilen.

Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
«Gyzym, uýam» diýip, lak ataýmasaň,
Lak atmagam indi bize howuply.

Gyzlaryň birisi – duran bir keýik.
Köwşüniň ökjesi ne pes, ne beýik.
Megerem, dünýäde iň bagtly oglan –
Şol keýik gözele ýar boljak ýigit.

Toýnagyn jüp basyp, ýuwaşja ädýä.
Gaýmakly morožnyň ujundan gädýä.
Közli leb her gezek buza degende,
Tutuş howaň ýüzi bugaryp gidýä.

Menem synlap durun çekilip gyra.
Gyzlar meňzäp gelýär swetofor – çyra.
Çabytlary gyzyl, ýaglyklary gök –
Ýel ýapyk hem açyk – bagtyňa görä.

Gyzlaň biri – çynar, birisi – derek.
Görmäge göz gerek, söýmäge ýürek.
Wah, gözem, ýüregem ýeterlik weli,
On sekiz gerek, wah, on sekiz gerek!

Ikisem uz basyp duralga geldi.
Birisi pyňkyryp, bir zada güldi.
Saňa güldümikä? (Aý, ýa-ha saňa,
Ýa-da bir seň ýala güleni belli!)

Asmana seretdim. Gün eýýäm peýşin.
Onýança gaýradan göründi maşyn.
Duralga ýetäýmän, gyzlaň gaşynda
Togtady, baş egip gözellik üçin.

Mündüler. Gyzlardan
galmadym menem.
Aý, näme, dynç günüm,
gezjek bir sellem.
Aý, onsoňam, şeýle gözeller bilen
Garşy däl uçmaga kosmosa çenlem...

Awtobus togtady. Açyldy işik.
Reňbe-reň müň gözel,
müň ýigit üýşüp,
«Watan» teatrnyň öňünde durlar,
Deň ýarysy magşuk, deň ýary aşyk.

Ýüregimi alyp özleri bilen,
Kereşmesi bilen, näzleri bilen,
Gyzlaryň ikisem maşyndan düşdi –
Menem böküp düşdüm yzlary bilen.

Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
Birden iki gözel dörde öwrüldi –
Hersiniň gapdaly gerçek ýigitli.

Tanapdyr ýigitler gyzlaryň gowsun.
Göreçler göreje atyşdy owsun.
Bir ýigid-ä hasam ýeserje eken –
Kemputdan doldurdy
bir çabdyň jübsün..

Onýança-da açdy gapysyn «Watan»...
Kemput iýýän gyzyň golundan tutan
Bir görsem öz oglum, öz Nazar oglum...
Guwan, şahyr guwan,
Utan şahyr,
Utan!


Kerim Gurbannepesow.
10
2 490
Dowran Carygulyyew...
08.03.2020 11:53
Sähra bahar gelende

Görüpmidiň, çöle bahar gelşini,
Görüpmidiň, şonda sähraň bolşuny?

Görüpmidiň, gök ummanyň içinde
Çöl gözeli — jerenleriň böküşün?
Gumlularyň öýlänçisi gelende
Depä çykyp gyzlaň läle kakyşyn?

Görüpmidiň, gök gürlände zeminden
Gök ýylaklaň parsa-parsa çykyşyn?
Gumlulary gutlap gelen ýaz bilen
Yzyn üzmän ýyldyrymyň çakyşyn?

Görüpmidiň, depelerden, düzlerden
Mele siliň alalara akyşyn?
Görüpmidiň, şonda teşne çarwalaň
Çykyp daşa, bu görnüşe bakyşyn?

Ysgapmydyň, gandymlaryň gülüni,
Diňläpmidiň, sähraň jadyly sazyn?
Eşdipmidiň, gözýetimden aňyrdan
Gollar aşyp gelýän tüýdük owazyn?

Synlapmydyň, ýaşyl ýaýla ýazylan
Ýüpek ýüňli goýunlaryň sagrysyn?
Çarwa gyzy säher suwa çykanda,
Keteniň üstünden geýen begresin.

Ah, sen çöl bahary, çölüň bahary,
Neneň şahyrana, neneň eziz!
Kim-de kim jemalyň görmedik bolsa,
Dünýäň gözelligini görmändir heniz.


Berdinazar Hudaýnazarow

Ýenede bir gezek siziñ ähliñizi ýetip gelen Bahar baýramy bilen gutlaýaryn.
Güller gõzelligi sizden alandyr mähriban zenanlar.
7
934